Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
19.10.2012 · № 340-IV
«Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
6 madda · 2 sahypa
6 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.
3-nji madda
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi güýje giren gününden şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli: 2007-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan "Durmuş üpjünçiligi…
4-nji madda
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň hereketi, ol güýje girizilenden soň ilaty durmuş taýdan goramak babatynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli edilýär. Eger ilaty durmuş taýdan goramak babatynda gatnaşyklar…
5-nji madda
Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyk getirilýänçä oňa garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyk getirmeli.