Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.08.2012 · № 310-IV
«Şypahana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
27 madda · 9 sahypa
27 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Kanunda şu esasy düşünjeler ulanylýar: 1) tebigy bejeriş serişdeleri - mineral suwlar, bejergi palçyklary, şor kölleriň we kölleriň duzly suwy, bejeriji klimat, keselleri bejermek we olaryň öňüni almak we dynç alşy guramak üçin ulanylýan…
2-nji madda
Türkmenistanyň şypahana işi hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň şypahana işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalarynyň goralmagy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişli bolup durýar. 2. Tebigy bejeriş serişdeleriniň, şypahanalaryň goralmagy we…
4-nji madda
Şu Kanunyň esasy wezipeleri
Raýatlaryň saglygyny goramaga we dynç almaga bolan konstitusion hukugynyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, ýurduň tebigy bejeriş serişdeleriniň goralmagyny we öwrenilmegini üpjün etmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, olaryň…
5-nji madda
Çägiň şypahana diýlip ykrar edilmegi
1. Çägiň şypahana diýlip ykrar edilmegi, onuň ähmiýetine baglylykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan, ýörite şypahana öwreniş ylmy, gidrogeologiýa taýdan we başga barlaglar…
6-njy madda
Türkmenistanda şypahanalaryň ösdürilmeginiň goldanylmagy
Türkmenistanda şypahanalaryň ösdürilmeginiň goldanylmagy şypahana işini ösdürmegiň milli maksatnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
7-nji madda
Şypahana işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
Şypahana işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýar berlen edara we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary amala aşyrýar.
8-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şypahana işi çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň alnyp barylmagyny üpjün edýär; 2) halkara we döwlet ähmiýetli şypahananyň döredilmegi hakynda karar kabul edýär; 3) halkara we döwlet ähmiýetli…
9-njy madda
Ygtyýar berlen edaranyň ygtyýarlyklary Ygtyýar berlen edara şypahana işi çygrynda: 1) döwlet häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-öziňi dolandyryş edaralarynyň şypahana işi çygryndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işini…
10-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary şypahana işiniň çygrynda: 1) ygtyýar berlen edarasy we kärdeşler arkalaşygy edarasy bilen ylalaşyk boýunça ýerli ähmiýetli…
11-nji madda
Tebigy bejeriş serişdeleriniň bejeriji häsiýetleriniň bellenilmegi we olaryň toparlara bölünişi
1. Tebigy bejeriş serişdeleriniň bejeriji häsiýetleri ylmy barlaglaryň, köp ýyllyk tejribäniň esasynda bellenilýär. 2. Tebigy bejeriş serişdeleriniň toparlara bölünişi, olaryň bejeriş-öňüni alyş maksatlarynda ulanylmagynyň lukmançylyk…
12-nji madda
Tebigy bejeriş serişdelerine eýeçilik hukugy
1. Tebigy bejeriş serişdeleri döwlet eýeçiligi bolup durýar. 2. Tebigy bejeriş serişdelerine eýelik etmegiň, peýdalanmagyň we ygtyýarlyk etmegiň meseleleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygynda durýar.
13-nji madda
Tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanmaga berilmegi
1. Tebigy bejeriş serişdeleri peýdalanyjylara şypahana bejergisini, keselleriň öňüni alyş we saglygy dikeldiş çärelerini guramak, şeýle hem ilatyň dynç almagynyň maksatlary bilen berilýär. Mineral suwlar senagat taýdan gaplara guýmak üçin…
14-nji madda
Mineral suwlaryň we bejergi palçyklarynyň ýataklarynyň işlenip taýýarlanylmagy we beýleki tebigy bejeriş serişdeleriniň peýdalanylmagy
1. Mineral suwlaryň, bejergi palçyklarynyň we beýleki tebigy bejeriş serişdeleriniň ýataklary ygtyýarnama laýyklykda işlenip taýýarlanylýar. 2. Alynýan mineral suwlaryň, bejergi palçyklarynyň, şeýle hem tebigy bejeriş serişdeleriniň…
15-nji madda
Tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi, togtadylmagy we çäklendirilmegi
1. Tebigy bejeriş serişdelerini peýdalanmagyň bellenilen düzgünleri bozulan halatynda tebigy bejeriş serişdelerinden peýdalanmak hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bes edilip, togtadylyp ýa-da çäklendirilip bilner. 2. Tebigy…
16-njy madda
Tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň sanitariýa taýdan goralmagynyň guralyşy
1. Tebigy bejeriş serişdeleri, şypahanalar we olaryň ýerleri degişlilikde aýratyn goralýan tebigy obýektler we aýratyn goralýan tebigy ýerler bolup durýarlar. Olaryň goragy sanitariýa gorag okruglarynyň (zolaklarynyň) bellenilmegi arkaly…
17-nji madda
Şypahana edaralarynyň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi
1. Şypahana edaralarynyň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Şypahana edaralarynyň üýtgedilip guralmagy olaryň öz bejeriş-sagaldyş ýöriteleşmesiniň…
18-nji madda
Şypahana edaralarynyň hukuk derejesi
Bejeriş işini amala aşyrýan şypahana edaralary bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň hukuk derejesine eýedirler we olar lukmançylyk işini amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alnan ygtyýarnamanyň esasynda…
19-njy madda
Şypahana edaralarynyň esasy wezipeleri
Şular şypahana edaralarynyň esasy wezipeleri bolup durýar: 1) bejeriş, bejeriş-öňüni alyş, saglygy dikeldiş çärelerini we ilatyň dynç alşyny häzirki zaman derejesinde guramak we geçirmek; 2) häzirki zaman lukmançylyk enjamlarynyň we…
20-nji madda
Şypahana edaralarynyň hyzmatlarynyň görnüşleri
Şypahana edaralary şypahana hyzmatlarynyň şu aşakdaky görnüşlerini edýär: 1) lukmançylyk we keseli anyklaýyş hyzmatlary; 2) balneoterapiýa; 3) klimatoterapiýa; 4) palçyk bilen bejeriş terapiýasy; 5) fizioterapiýa; 6) diýetaterapiýa; 7)…
21-nji madda
Şypahana edaralarynyň gurulmagynyň tertibi
1. Şypahana edaralary şypahana tebigy çäkleriniň serhetlerinde döredilýär. 2. Sagaldyş-öňüni alyş işini amala aşyrmak we ilatyň dynç alşyny guramak üçin şypahana edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýer parçalary we başga…
22-nji madda
Şypahana edaralarynyň ykdysady işiniň esasy
Şypahana edaralarynyň işi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hojalyk hasaplaşygy esasynda amala aşyrylýar.
23-nji madda
Şypahana edaralarynda buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk
Şypahana edaralary buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegini, maliýe we statistik hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guraýarlar.
24-nji madda
Şypahana işi babatda halkara hyzmatdaşlygy
1. Şypahana işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Ygtyýar berlen edara, Türkmenistanyň şypahana edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde…
25-nji madda
Jedelleriň çözülişi
1. Tebigy bejeriş serişdeleriniň we şypahanalaryň peýdalanylmagy we goralmagy baradaky jedeller, şeýle hem emläk jedelleri, şol sanda tebigy bejeriş serişdelerine we şypahanalara, şeýle hem adamyň saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak…
Öňki
1 / 2
Indiki