Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
31.03.2012 · № 289-IV
«Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
32 madda · 13 sahypa
32 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) paýly gurluşyk - gurluşygyň, ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň gurluşygy üçin, gurujylar tarapyndan paýçylaryň pul serişdeleriniň…
2-nji madda
Türkmenistanyň paýly gurluşyk babatdaky kanunçylygy
Türkmenistanyň paýly gurluşyk babatdaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi paýçylar bilen gurujylaryň arasynda paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy ýa-da paýly gurluşyk bilen baglanyşykly başga şertnamalaýyn borçnamalara esaslanýan gatnaşyklara degişlidir.
4-nji madda
Paýly gurluşygyň obýektleri
Şular paýly gurluşygyň obýektleri bolup durýarlar: 1) köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän öýler we ýaşaýyş jaý toplumyna girýän bir öýli ýaşaýyş jaýlar (mundan beýläk - öý); 2) köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda ýerleşýän sosial-medeni,…
5-nji madda
Paýly gurluşyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik
Paýly gurluşyk babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gurluşyk we binagärlik babatda ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk - ygtyýarly edara) we çäginde ýaşaýyş jaýlarynyň we (ýa-da)…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) paýly gurluşyk babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; 4) paýly gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 5) paýly gurluşyk babatda gözegçiligi amala aşyrýar; 6) paýly gurluşyk…
7-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) paýly gurluşyk babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde paýly gurluşyk babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 4) paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamalaryny hasaba almagy…
8-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guruja ýer bölegini berýärler we ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň gurluşygyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti…
9-njy madda
Güýjüni ýitiren
10-njy madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy hasaba alnan mahalynda bildirilýän talaplar
1. Şu Kanunyň 14-nji maddasynda göz öňünde tutulan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy hasaba alnan mahalynda gurujy ygtyýarly edara degişli arza bilen ýüz tutmalydyr we şu aşakdaky resminamalaryň göçürme nusgalaryny bermelidir: 1)…
11-nji madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy
1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň birkysmy şertnamasyna laýyklykda ýazmaça görnüşde baglaşylýan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy paýly gurluşygy amala aşyrmak üçin esas bolup durýar. 2. Paýly gurluşygyň obýekti öý bolup durýan paýly…
12-nji madda
Paýly gurluşyga gdtnaşmagyň şertnamasynyň baglaşylmagy
1. Raýatlaryň we ýuridik şahslaryň guruja beren ýazmaça ýüz tutmalary paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmak üçin esas bolup durýar. 2. Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyny baglaşmak üçin raýatlaryň we ýuridik…
13-nji madda
Şertnamanyň mazmunyna bildirilýän hökmany talaplar
1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda şular bolmalydyr: 1) paýly gurluşygyň obýekti ýerleşýän ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan emläge degişli başga obýektiň ýerleşýän ýeri we ady; 2) ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da) gozgalmaýan…
14-nji madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň notarial taýdan tassyklanylmagy we hasaba alynmagy
1. Gurujy paýçy tarapyndan paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna ýa-da oňa goşmaça ylalaşyga gol çekilen gününden başlap otuz senenama gününiň dowamynda ygtyýarly edara olaryň şu Kanunyň 13-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde…
15-nji madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasy
1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň bahasy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda olaryň aýratynlykda görkezilmegi bilen, paýly gurluşygyň obýektiniň gurluşygy üçin harajatlaryň bahasynyň we gurujynyň onuň gurluşygy boýunça…
16-njy madda
Paýly gurluşyk amala aşyrylýan mahalyndaky çäklendirme
Gurujynyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlar, ýygymlar (paçlar) we beýleki hökmany tölegler boýunça bergisi emele gelen halatynda, gurujy degişli bergisini üzýänçä täze paýçylaryň pul serişdelerini çekmäge haky ýokdur.
17-nji madda
Taslama beýannamasy
1. Taslama beýannamasy gurujy we gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlary özünde jemleýär. 3. Taslama beýannamasyna üýtgetmeler girizilen halatynda gurujy ol üýtgetmeler barada üç iş gününiň dowamynda paýçylara habar bermäge borçludyr. 5.…
18-nji madda
Gurujy hakynda maglumatlar
1. Gurujy hakynda maglumatlarda şular görkezilýär: 1) gurujynyň, onuň esaslandyryjylarynyň doly ady we ýerleşýän ýeri; 2) gurujynyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda şahadatnamanyň berlen senesi we belgisi; 3) gurujyda tertip san…
19-njy madda
Gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlar
Gurluşygyň taslamasy hakynda maglumatlarda şular görkezilýär: 1) gurluşygyň taslamasynyň maksady we onuň durmuşa geçirilmeginiň möhletleri; 2) ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda guruja…
20-nji madda
Paýly gurluşygyň obýektiniň gurujy tarapyndan paýça berilmeginiň möhletleri
1. Gurujy paýly gurluşygyň obýektini paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde paýça bermäge borçludyr, şu maddanyň ikinji böleginde bellenilen halaty muňa degişli däldir. 2. Eger ýaşaýyş jaýynyň we (ýa-da)…
21-nji madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda göz öňünde tutulan hiliň kepillikleri
1. Gurujy paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertlerine, taslama-smeta resminamalarynyň talaplaryna we başga hökmany talaplara laýyk gelýän hili bolan paýly gurluşygyň obýektini paýça bermäge borçludyr. 2. Eger paýly gurluşygyň…
22-nji madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça talabyň başga birine berilmegi
1. Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça talabyň başga birine berilmegi şertnama ygtyýarly edarada hasaba alnan pursatyndan başlap taraplaryň paýly gurluşygyň obýektini kabul ediş-tabşyryş ykrarhatyna gol çeken pursatyna çenli…
23-nji madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasy boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi
1. Paýçynyň borçnamalary pul serişdelerini doly möçberde geçiren we paýly gurluşygyň obýektini paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasyna laýyklykda alan pursatyndan ýerine ýetirilen diýlip hasap edilýär. 2. Gurujynyň borçnamalary ýaşaýyş…
24-nji madda
Paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň üýtgedilmegi we ýatyrylmagy
1. Eger paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynda we (ýa-da) oňa goşulýan goşmaça ylalaşykda ony üýtgetmegiň halatlary we şertleri göz öňünde tutulan bolsa, paýly gurluşyga gatnaşmagyň şertnamasynyň şertleri gurujynyň we paýçynyň ylalaşygy…
25-nji madda
Paýly gurluşygyň obýektine bolan paýçynyň eýeçilik hukugynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Gurujy ýaşaýyş jaýy ýa-da gozgalmaýan emläge degişli başga obýekt ulanylmaga kabul edilenden soň bir aýyň dowamynda paýly gurluşygyň obýektiniň bahasynyň gutarnykly hasaplamasyny bermäge borçludyr. Gurujy paýly gurluşygyň obýektiniň…
Öňki
1 / 2
Indiki