Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
31.03.2012 · № 286-IV
«Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
62 madda · 25 sahypa
62 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: aýratyn goralýan tebigy ýerler - tebigy serişdeleriň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini hem-de daşky tebigy gurşawyň peýdaly häsiýetlerini aýap saklamak we dikeltmek…
2-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. 2. Şu Kanun bilen düzgünleşdirilmedik…
3-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri
Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri aşakdakylardyr: 1) biologik köpdürlüligi, ekologik ulgamlary, seýrek duş gelýän we adaty bolan landşaftlaryň abat saklanylmagyny we dikeldilmegini üpjün edýän…
4-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerler
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler tebigaty goraýyş, sagaldyş, dynç alyş-sagaldyş we taryhy-medeni maksatly ýerlere degişlidir we Türkmenistanyň ýer kanunçylygynda bellenilen tertipde berilýär. 2. Aýratyn goralýan tebigy ýerler döwletiň…
5-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň derejeleri we görnüşleri
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler tebigy toplumlaryň we oýbektleriň ähmiýetine hem-de gymmatyna baglylykda şu aşakdaky derejelere bölünýär: 1) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna, ÝUNESKO-nyň biosfera goraghanalarynyň…
6-njy madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek, işini üýtgedip guramak we bes etmek
1. Ähmiýetliliginiň derejesi boýunça halkara we döwlete degişli aýratyn goralýan tebigy ýerler Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary bilen aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň…
7-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň hukuk statusy
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň her görnüşi boýunça birkysmy düzgünnama aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanýar. Degişli birkysmy düzgünnama esasynda her bir anyk…
8-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň gorag zolaklary
1. Amatsyz daşky täsirden aýratyn goragy we goralyp saklanylmagyny üpjün etmek üçin aýratyn goralýan tebigy ýerleriň töwereginde gorag zolaklary döredilýär. 2. Gorag zolaklary: 1) döwlet tebigy goraghanalaryň we döwlet biosfera…
9-njy madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramak üçin ýer böleklerini ätiýaçlykda saklamak
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň derejesinden ugur alyp olary guramak üçin ýer bölekleriniň tebigy, medeni, taryhy nukdaý nazaryndan aýratyn gymmatlyklaryny ätiýaçlykda saklamak aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji…
10-njy madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleri dolandyrmagyň meýilnamasy
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde amala aşyrylýan iş aýratyn goralýan tebigy ýerlei dolandyrmagyň ygtyýarynda onuň durýan döwlet edarasy tarapyndan tassyklanylýan ýyllyk we bäş ýyllyk meýilnamalara laýyklykda alnyp barylýar. 2. Aýratyn…
11-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döwlet kadastry
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerleriň döwlet kadastry şu aşakdaky maksatlar bilen ýöredilýär: aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamynyň ýagdaýyna baha bermek; olary ösdürmegiň geljegini kesgitlemek; olaryň goragyny guramak; ylmy barlaglary…
12-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleri maliýeleşdirmek
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler olaryň derejesinden we görnüşinden ugur alnyp maliýeleşdirilýär: 1) sagaldyş maksatly tebigy ýerlerden başga, halkara we döwlet maksatly aýratyn goralýan tebigy ýerler - Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň…
13-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerlere fiziki şahslaryň barmagy
1. Fiziki şahslar şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde aýratyn goralýan tebigy ýerlere baryp bilerler. Seýrek we ýok bolup gitmek howpy astynda durýan ösümlikleriň we haýwanlaryň…
14-nji madda
Döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet düzgünleşdirişini şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly…
15-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: - aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny işläp taýýarlaýar; - aýratyn goralýan tebigy ýerlere eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek hukugyna eýelik edýär; -…
16-njy madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlygy
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ygtyýarly ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy: - aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; - aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet edaralarynyň we…
17-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy
Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýetiň edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: - aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek we işlemegi boýunça çärelere gatnaşýar; - aýratyn goralýan tebigy ýerleri döretmek we giňeltmek boýunça…
18-nji madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramaga, goramaga we peýdalanmaga jemgyýetçilik birleşikleriniň we raýatlaryň gatnaşmagy
1. Jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar aýratyn goralýan tebigy ýerleri guramak, goramak we peýdalanmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna…
19-njy madda
Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet gözegçiligi
1. Aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda döwlet gözegçiliginiň ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan aýratyn goralýan tebigy ýerler babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bardyr. 2. Aýratyn goralýan…
20-nji madda
Döwlet tebigy goraghanalar hakynda umumy düzgünler
1. Döwlet tebigy goraghanalary haýwanat we ösümlik dünýäsiniň genetik fonduny, meňzeş we täsin ekologik hem-de geologik ulgamlaryny we landşaftlary aýap saklamak we öwrenmek, tebigy prosesleriň we hadysalaryň tebigy akymyny üpjün etmek…
21-nji madda
Döwlet tebigy goraghanalaryň işiniň esasy ugurlary
Döwlet tebigy goraghanalaryň işiniň esasy ugurlaryna şular degişlidir: 1) döwlet tebigy goraghanasynyň bütin tebigy toplumyny tebigy ýagdaýda saklamak arkaly biologik we genetik köpdürlüligi goramagyň we aýap saklamagyň düzgünini üpjün…
22-nji madda
Döwlet tebigy goraghanalary goramak düzgüni
1. Döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde goraghana düzgüni bellenilýär, onda şu aşakdakylar gadagan edilýär: 1) ýeriň gidrologik düzgünini üýtgedýän hereketler; 2) döwlet tebigy goraghananyň işi bilen baglanyşykly bolmadyk jaýlary,…
23-nji madda
Döwlet tebigy goraghanalarynda ylmy-barlag işi
1. Döwlet tebigy goraghanalarynda ylmy-barlag işi tebigy toplumlary, tebigatyň aýry-aýry obýektlerini, ekologik ýagdaýa baha bermek we çaklamak, tebigaty goramagyň ylmy esaslaryny işläp taýýarlamak, biologik köpdürlüligi aýap saklamak,…
24-nji madda
Döwlet tebigy goraghanalaryň ekologiýa aň-bilim işi
1. Döwlet tebigy goraghanalaryň ekologiýa aň-bilim işi ekologiýa bilimini döretmek we ösdürmek, tebigy gurşawy, biologik köpdürlüligi aýap saklamak we goraghana işini ösdürmek üçin ilatyň ekologik bilimini, terbiýesini we medeniýetini…
25-nji madda
Döwlet tebigy goraghanalaryň gorag zolaklarynyň düzgüni
1.Döwlet tebigy goraghanalaryň gorag zolaklarynda şu aşakdakylar gadagandyr: 1) täze ilatly punktlary döretmek we bar bolanlaryny giňeltmek; 2) obýektleri ýerleşdirmek, taslamak, gurmak we ulanmak, döwlet tebigy goraghanasynyň…
Öňki
1 / 3
Indiki