Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
10.01.2012 · № 254-IV
«Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
39 madda · 16 sahypa
39 madda
1-nji madda
Syýasy partiýa barada düşünje
Syýasy partiýa - munuň özi Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy erk-islegini emele getirmek we ony erkin beýan etmek, saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak arkaly jemgyýetiň syýasy durmuşyna gatnaşmak, şeýle hem döwlet häkimiýet we ýerli…
2-nji madda
Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy partiýalara birleşmäge bolan hukugy
1. Türkmenistanyň raýatlaryna syýasy partiýalary döretmek we olaryň işine erkin gatnaşmak üçin deň hukuklar berilýär we birmeňzeş mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň raýatlarynyň özleriniň syýasy ygtykadyna laýyklykda meýletin…
3-nji madda
Syýasy partiýalaryň gurluşy, olaryň maksatlary we wezipeleri
1. Syýasy partiýa şu talaplara laýyk gelmelidir: 1) guramalary welaýatlarda, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde döredilmelidir; 2) agzalarynyň sany bir müň adamdan az bolmaly däldir; 3) ýolbaşçy we beýleki edaralary, guramalary…
4-nji madda
Syýasy partiýalaryň işiniň hukuk esasy
Türkmenistanda syýasy partiýalaryň işiniň hukuk esaslaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we syýasy partiýalaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýär. Syýasy partiýalar öz işini…
5-nji madda
Syýasy partiýalaryň ady
1. Syýasy partiýalaryň adynda «syýasy partiýa» ýa-da «partiýa» diýen sözler bolmalydyr. Syýasy partiýalaryň adynda «Türkmenistan» sözi we onuň esasynda emele gelen söz düzümleri peýdalanylyp bilner. 2. Syýasy partiýalaryň adynda döwlet…
6-njy madda
Syýasy partiýalaryň nyşanlary
1. Syýasy partiýalar Tertipnamalarynda takyk ýazgysy beýan edilýän nyşanlary edinmäge haklydyrlar. 2. Syýasy partiýalaryň nyşanlarynyň Türkmenistanyň we daşary ýurt döwletleriniň döwlet nyşanlary bilen meňzeşligi bolmaly däldir. 3.…
7-nji madda
Syýasy partiýalaryň işiniň esasy ýörelgeleri
1. Syýasy partiýalaryň işi meýletinlik, deň hukuklylyk, sabyr-takatlylyk, öz-özüňi dolandyrmak, kanunylyk we aýanlyk ýörelgelerine esaslanýar. Şu Kanun bilen bellenilen çäklendirmelerden başga, syýasy partiýalar özüniň gurluşyny, işiniň…
8-nji madda
Syýasy partiýalaryň döredilmegi we hereket etmegi bilen bagly çäklendirmeler
1. Konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýän, öz işinde zorlugy ulanmaga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňki boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz…
9-njy madda
Döwlet we syýasy partiýalar
1. Döwlet syýasy partiýalaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny kepillendirýär we olaryň hereket etmegi üçin hukuk taýdan deň mümkinçilikleri döredýär. 2. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we olaryň…
10-njy madda
Syýasy partiýalary döretmegiň tertibi
1. Syýasy partiýalar Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda syýasy partiýanyň dörediji gurultaýynyň çözgüdi esasynda döredilýär. 2. Dörediji gurultaý tarapyndan syýasy partiýany…
11-nji madda
Guramaçylyk komiteti
1. Syýasy partiýanyň dörediji gurultaýyny taýýarlamak, çagyrmak we geçirmek üçin syýasy partiýanyň agzasy bolmaga hukugy bolan raýatlardan düzümi dokuz adamdan az bolmadyk guramaçylyk komiteti döredilýär. 2. Guramaçylyk komiteti…
12-nji madda
Guramaçylyk komitetiniň işi
1. Guramaçylyk komiteti iş tertibini özbaşdak kesgitleýär. Ol ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda syýasy partiýanyň dörediji gurultaýyny geçirýär. Şu maksatlar bilen guramaçylyk komiteti: 1) welaýatlarda, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli…
13-nji madda
Syýasy partiýanyň dörediji gurultaýy
1. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de welaýatlara, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlere wekilçilik edýän wekilleriň ýarysyndan köpüsi syýasy partiýanyň dörediji gurultaýynyň işine gatnaşýan bolsa, ol doly ygtyýarly hasap…
14-nji madda
Syýasy partiýalary döwlet belligine almak
1. Türkmenistanyň Adalat ministrligi syýasy partiýalary döwlet belligine almagy amala aşyrýar we bu barada degişli şahadatnama berýär. Türkmenistanyň Adalat ministrligi döwlet belliginden geçen syýasy partiýalaryň sanawyny ýöredýär. Syýasy…
15-nji madda
Syýasy partiýalaryň döwlet belligine alynmagy üçin resminamalary bermek
1. Syýasy partiýanyň dörediji gurultaýy geçirilen gününden bir aýdan gaýra goýulman Türkmenistanyň Adalat ministrligine şu resminamalar berilýär: 1) syýasy partiýanyň ygtyýarly adamy tarapyndan familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan…
16-njy madda
Syýasy partiýalar hakynda maglumatlary bermek
1. Syýasy partiýalaryň döredilendigi ýa-da işini bes edendigi baradaky maglumatlar Türkmenistanyň döwlet köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilýär. 2. Türkmenistanyň Adalat ministrligi, her ýylyň birinji ýanwaryna çenli bolan…
17-nji madda
Syýasy partiýany döwlet belligine almakdan ýüz döndermek
1. Syýasy partiýalara şu esaslar boýunça döwlet belligine almakdan ýüz dönderilip bilner: 1) Tertipnamasynyň düzgünleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk…
18-nji madda
Syýasy partiýanyň Tertipnamasy
1. Syýasy partiýalar, olaryň guramalary we düzüm birlikleri Tertipnamanyň esasynda we oňa laýyklykda hereket edýärler. 2. Syýasy partiýanyň Tertipnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir: 1) ady (şol sanda gysgaldylan ady), maksatlary we…
19-njy madda
Syýasy partiýanyň Maksatnamasy
1. Syýasy partiýanyň işiniň ugurlaryny, onuň maksatlaryny we wezipelerini, şeýle hem maksatlary durmuşa geçirmegiň we wezipeleri çözmegiň usullaryny kesgitleýän Maksatnamasy bolýar. 2. Syýasy partiýanyň Maksatnamasyna girizilen üýtgetmeler…
20-nji madda
Syýasy partiýalarda agzalyk
1. Syýasy partiýalarda agzalyk meýletindir we ol her bir raýatyň erkini özbaşdak beýan etmegine esaslanýar hem-de agzalyga berkidilmek tertibinde amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, 18 ýaşyna ýeten Türkmenistanyň raýaty…
21-nji madda
Syýasy partiýanyň we onuň guramalarynyň ýolbaşçy edaralary
1. Gurultaý syýasy partiýanyň ýokary ýolbaşçy edarasydyr. 2. Syýasy partiýanyň guramalarynyň ýokary ýolbaşçy edaralary olaryň konferensiýasydyr ýa-da umumy ýygnagydyr. 3. Syýasy partiýanyň gurultaýynda ygtyýarlylygy bäş ýyldan artyk…
22-nji madda
Syýasy partiýanyň Tertipnamasyny, Maksatnamasyny tassyklamagyň we beýleki kararlary kabul etmegiň tertibi
1. Syýasy partiýanyň Tertipnamasyny we Maksatnamasyny tassyklamak, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, ýolbaşçy we gözegçilik-derňew edaralaryny saýlamak, saýlawlarda dalaşgärleri hödürlemek, syýasy partiýany döretmek, üýtgedip…
23-nji madda
Syýasy partiýalaryň hukuklary
Döwlet belliginden geçen syýasy partiýalar şulara hukuklydyrlar: 1) öz işi hakyndaky habarlary açyk ýaýratmaga, garaýşyny, maksatlaryny we wezipelerini erkin wagyz etmäge; 2) şu Kanunda bellenilen tertipde döwlet häkimiýet we ýerli…
24-nji madda
Syýasy partiýalaryň borçlary
1. Döwlet belliginden geçen syýasy partiýalar şulara borçludyrlar: 1) öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hem-de öz Tertipnamalarynyň talaplaryny berjaý…
25-nji madda
Syýasy partiýalaryň eýeçiligi
1. Şu Kanunda, Tertipnamada we Maksatnamada göz öňünde tutulan wezipeleri maddy taýdan üpjün etmek üçin syýasy partiýalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde emläk edinip bilerler. 2. Syýasy partiýalaryň we olaryň ýuridik…
Öňki
1 / 2
Indiki