Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.08.2011 · № 209-IV
«Baha kesmek işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
31 madda · 15 sahypa
31 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) baha kesmek - baha kesmegiň obýektiniň mümkin bolup biljek bazar bahasyny ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasyny kesgitlemek; 2) baha kesmek işi - baha kesmegiň obýektleri…
2-nji madda
Baha kesmek işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Baha kesmek işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, Türkmenistanyň baha kesmek işiniň çygryndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň halkara…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş cygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän we Türkmenistana doly ýa-da bölekleýin degişli bolan baha kesmegiň obýektlerine baha kesmek amala aşyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklara…
4-nji madda
Baha kesmek işiniň esasy ýörelgeleri
Baha kesmek işiniň esasy ýörelgeleri garaşsyzlyk, açyklyk, ygtybarlylyk, ýaşyrynlyk bolup durýar.
5-nji madda
Baha kesmek işiniň subýektleri
Baha kesmek işini amala aşyrýan baha kesijiler, guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan Türkmenistanyň ýuridik şahslary (mundan beýläk - baha kesmegi ýerine ýetirijiler), buýrujylar baha kesmek işiniň subýektleri bolup durýarlar.
6-njy madda
Baha kesmegiň obýektleri
Baha kesmegiň obýektlerine gozgalýan we gozgalmaýan emläk degişlidir, şol sanda: 1) maddy däl aktiwler we intellektual eýeçilik; 2) talap hukuklary, borçnamalar (bergiler); 3) emläk toplumlary hökmünde kärhanalar; 4) raýat hukuklarynyň…
7-nji madda
Baha kesmek işini amala aşyrmak hukugy
1. Eger şu Kanuna laýyklykda alnan, baha kesijiniň hünär dereje şahadatnamasy bar bolsa we ol baha kesmegi ýerine ýetirijiniň wezipe sanawyndaky işgäri bolup durýan bolsa (şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa…
8-nji madda
Baha kesmegiň görnüşleri
1. Baha kesmek hökmany ýa-da başlangyçly bolup biler. 2. Baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmek şu aşakdaky ýagdaýlarda hökmany bolup durýar: 1) baha kesmegiň döwlete doly ýa-da bölekleýin degişli bolan obýektiniň bahasy döwlet…
9-njy madda
Buýrujynyň baha kesmegiň obýektine baha kesmek hukugy
1. Buýrujynyň şu Kanunda bellenilen esaslarda we şertlerde özüne degişli islendik baha kesmegiň obýektlerine baha kesmegi geçirmäge hukugy bardyr. 2. Baha kesmegi geçirmäge bolan hukuk gümansyzdyr we Türkmenistanyň kanunçylygynda…
10-njy madda
Baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasyny kesgitlemek hakynda çaklama
1. Baha kesmegiň obýektine baha kesmegi hökmany geçirmek hakynda talaby özünde jemleýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namasynda ýa-da baha kesmek boýunça hyzmatlary etmek üçin şertnamada baha kesmegiň obýektiniň anyk bahasy…
11-nji madda
Baha kesmäge çemeleşmeler
1. Baha kesmegi geçirmek üçin şular ulanylýar: 1) harajatly çemeleşme - baha kesmegiň obýektini dikeltmek ýa-da çalşyrmak üçin zerur bolan harajatlaryň kesgitlenilmegine esaslanýan, onuň könelmegini hasaba almak bilen baha kesmegiň…
12-nji madda
Baha kesmek işiniň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanda baha kesmek işiniň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
13-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) baha kesmek işiniň çygryndaky döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Türkmenistanda baha kesmek işiniň ösüş maksatnamasyny tassyklaýar; 3) ygtyýarly edarany kesgitleýär; 4) Türkmenistanyň baha kesmek…
14-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) baha kesmek işiniň çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär we gözegçiligi amala aşyrýar; 2) Türkmenistanda baha kesmek işiniň ösüş maksatnamasyny işläp düzmegi amala aşyrýar we ýerine ýetirilmegini üpjün edýär; 3)…
15-nji madda
Baha kesmegiň standartlary
1. Baha kesmegiň milli standartlary - kadalary, ýörelgeleri, düzgünleri, şeýle hem baha kesmegi geçirmegiň tertibine we baha kesmek işiniň amala aşyrylmagyna bildirilýän başga talaplary belleýän kadalaşdyryjy resminama. Baha kesmegiň milli…
16-njy madda
Baha kesmek işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Baha kesmek işiniň ygtyýarlylandyrylmagy "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
17-nji madda
Baha kesijileriň hünär taýýarlygy we hünär synagy
1. Baha kesijileriň hünär taýýarlygy Türkmenistanyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şeýle okuwy amala aşyrmaga hukugy bolan olaryň bilim merkezleriniň binýadynda amala aşyrylýar. 2. Baha…
18-nji madda
Baha kesijileriň hünärliler birleşikleri
1. Baha kesijileriň hünärliler birleşikleri jemgyýetçilik guramasy görnüşinde sany bäş adamdan az bolmadyk öz esaslandyryjylarynyň başlangyjy boýunça döredilýär, agzalarynyň sanyna garamazdan hereket edýärler we Türkmenistanda baha kesmek…
19-njy madda
Baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmek üçin esas
1. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baha kesmegi ýerine ýetiriji bilen buýrujynyň arasynda baglaşylýan baha kesmegi geçirmek üçin şertnama (mundan beýläk - şertnama) baha kesmegiň obýektine baha kesmegi geçirmek üçin esas bolup…
20-nji madda
Şertnama bildirilýän hökmany talaplar
1. Şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar we onda şular bolmalydyr: 1) baha kesmegiň obýektiniň ady, onuň ýerleşýän ýeri; 2) baha kesmegi geçirmegiň möhletleri ýa-da senesi; 3) baha kesmegiň görnüşi; 4) baha kesmegiň obýektiniň kesgitleýän…
21-nji madda
Baha kesmek hakynda hasabat we onuň mazmunyna bildirilýän talaplar
1. Baha kesmegi ýerine ýetiriji baha kesmegi geçirenden soň baha kesmek hakynda hasabaty ýazmaça görnüşde düzýär we ony buýruja berýär. 2. Baha kesmek hakynda hasabatyň mazmuny onuň çaklanylýan peýdalanylmagyna, baha kesmegiň…
22-nji madda
Baha kesmek hakynda hasabatyň dogrulygy
1. Baha kesmegiň obýektiniň bazar bahasynyň ýa-da bazar bahasyndan tapawutlanýan, başga bahasynyň şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar we tertip boýunça düzülen, baha kesmek hakynda hasabatda görkezilen jemlenilen ululygy dogry diýlip…
23-nji madda
Baha kesijiniň hukuklary we borçlary
1. Baha kesijiniň şulara hukugy bardyr: 1) baha kesmegi geçirmegi şu Kanuna we baha kesmegi buýrujy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda meýilnamalaşdyrmaga; 2) baha kesmäge çemeleşmeleri baha kesilýän pursatda baha kesmegiň hereket edýän…
24-nji madda
Baha kesmegi ýerine ýetirijiniň hukuklary we borçlary
1. Baha kesmegi ýerine ýetirijiniň şulara hukugy bardyr: 1) baha kesmegiň obýektine baha kesmäge gatnaşmagy üçin öz wezipe sanawynda durýan islendik baha kesijini oňa çekmäge; 2) baha kesmek işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly ygtyýarly…
25-nji madda
Baha kesijiniň işiniň çäklendirmeleri we onuň garaşsyzlygy
1. Baha kesijiniň baha kesmegiň obýektiniň bahasyny kesgitlemäge haky ýokdur, eger-de ol: 1) baha kesmegiň obýektiniň eýesi bolsa; 2) baha kesmegiň obýektine emläk hukugy bolan Türkmenistanyň ýuridik şahsynyň esaslandyryjysy, paýdary ýa-da…
Öňki
1 / 2
Indiki