Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
27.11.2010 · № 155-IV
«Buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
24 madda · 9 sahypa
24 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrleri - hasaba almak üçin kabul edilen ilkinji hasaba alyş resminamalarynda bar bolan maglumatlaryň buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe…
2-nji madda
Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi şu Kanunyň birinji maddasynyň 10-njy bendinde görkezilen ykdysady subýektleriň işine degişli bolup durýar. 2. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar…
4-nji madda
Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň Maliýe we…
5-nji madda
Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyny düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylyklary
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi: 1) maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryny işläp düzýär we tassyklaýar; 2) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň meseleleri boýunça…
6-njy madda
Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky resminamalar
1. Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky resminamalar ilkinji hasaba alyş resminamalaryndan, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň registrlerinden, maliýe hasabatlylygyndan ybarat. 2. Ilkinji hasaba alyş resminamalary…
7-nji madda
Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamyndaky pul birligi
1. Türkmenistanyň milli puly Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň pul birligi bolup durýar. 2. Daşary ýurt pulundaky ykdysady işiň fakty Türkmenistanyň milli pulunda maliýe hasabatlylygynyň milli…
8-nji madda
Buhgalterçilik hasaba alnyş we maliýe hasabatlylygy ulgamynyň dili
Ykdysady subýektler Türkmenistanyň döwlet dilinde buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegini, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegini we berilmegini üpjün edýär.
9-njy madda
Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ulgamy
1. Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ulgamynyň maksady maliýe hasabatlylygynyň düzülmegi we berilmegi üçin maglumat esasyny üpjün etmek bolup durýar. 2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy ykdysady subýektiň, onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna…
10-njy madda
Hasaba alyş syýasaty
1. Hasaba alyş syýasaty ykdysady subýektiň ykdysady işiniň faktlarynyň ilkinji gözegçilik edilmeginiň, bahalandyrylmagynyň, bellige alynmagynyň, gündelik toparlanylmagynyň we jemlenip umumylaşdyrylmagynyň amala aşyrylmagynyň maliýe…
11-nji madda
Buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralyşy
1. Ykdysady subýekt döredilen (bellige alnan) pursatyndan başlap ýapylmagyna çenli buhgalterçilik hasaba alnyş ulgamyny kabul edilen hasaba alyş syýasatyna laýyklykda guraýar. 2. Buhgalterçilik hasaba alnyşy şu aşakdaky ýollar arkaly…
12-nji madda
Buhgalterçilik resminamalaryna gol çekmek hukugy
1. Ykdysady subýektiň ýolbaşçysy şu Kanunyň 11-nji maddasyna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň guralyşyna görä buhgalterçilik resminamalaryna gol çekmäge hukugy bolan şahslary kesgitleýär. 2. Ykdysady subýektiň Türkmenistanyň…
13-nji madda
Buhgalterçilik hasaba alnyş ulgamynda içerki gözegçilik
Ykdysady subýekt ykdysady işiň amala aşyrylýan faktlaryna içerki gözegçiligi guramaga hem-de amala aşyrmaga borçludyr.
14-nji madda
Buhgalterçilik resminamalarynyň saklanylyşy
Ykdysady subýekt kagyz göterijilerdäki, şonuň ýaly-da elektron göterijilerdäki buhgalterçilik resminamalaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyklykda hem-de döwrüň dowamynda saklamaga borçludyr.
15-nji madda
Buhgalterçilik maglumatlarynyň syry
1. Buhgalterçilik resminamalarynda umumy maksatly maliýe hasabatyndaky maglumatlardan başga bar bolan maglumatlar täjirçilik syry bolup durýar. 2. Mazmuny täjirçilik syry bolup durýan buhgalterçilik resminamalaryndan peýdalanyp bilýän…
16-njy madda
Maliýe hasabatlylygy
1. Maliýe hasabatlylygy ykdysady çözgütleri kabul eden mahalynda peýdalanmagy üçin peýdalanyjylara ykdysady subýektiň maliýe ýagdaýy, işiniň maliýe netijeleri, maliýe ýagdaýyndaky üýtgeşmeler we pul serişdeleriniň hereketi hakynda…
17-nji madda
Jebislendirilen maliýe hasabatlylygy
Ykdysady subýektleriň toparlary jebislendirilen maliýe hasabatlylygyny düzmegiň ýörelgelerini we düzgünlerini belleýän maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda jebislendirilen maliýe hasabatlylygyny düzmäge we…
18-nji madda
Hasabat döwri
1. 1-nji ýanwardan başlap 31-nji dekabry hem öz içine alýan senenama ýyly umumy maksatly maliýe hasabatlylygy üçin hasabat döwri bolup durýar. 2. Ýylyň çärýegi ýa-da ýarym ýyllyk döwri aralykdaky maliýe hasabatlylyk üçin hasabat döwri…
19-njy madda
Maliýe hasabatlylygynyň berlişi
1. Ykdysady subýekt şu aşakdakylara umumy maksatly maliýe hasabatlylygyny berýär: 1) esaslandyryş resminamalaryna laýyklykda esaslandyryja; 2) bellige alnan ýeri boýunça döwlet statistikasy edarasyna; 3) bellige alnan ýeri boýunça salgyt…
20-nji madda
Maliýe hasabatlylygynyň çap edilmegi
1. Ykdysady subýektler (açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, paýdarlar täjirçilik banklary, maýa goýum we beýleki gaznalar, şol sanda daşary ýurt maýasynyň gatnaşmagyndaky gaznalar) hasabat ýyly üçin jemagat bähbidini emele getirýän…
21-nji madda
Maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ýöredilmegine, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine geçmegiň möhletleri
1. Türkmenistanda maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlaryna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmäge, maliýe hasabatlylygynyň düzülmegine we berilmegine geçmegiň tapgyrlaýyn möhletleri göz öňünde tutulýar. 2.…
22-nji madda
Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik
Türkmenistanyň buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy hakynda kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň çygrynda döwlet…
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
24-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunda bellenilen möhletlere görä maliýe hasabatlylygynyň milli we halkara standartlary esasynda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň…