Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
10.05.2010 · № 107-IV
«Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
50 madda · 22 sahypa
50 madda
1-nji madda
Şu Kanunyň maksady
Ykdysadyýetiň ýokary girdejili pudagy hökmünde syýahatçylygyň emele gelmegi we syýahatçylyk hyzmatlarynyň bazarynyň ösmegi, ilatyň iş bilen üpjünçiligi, altyn puluň gelmeginiň artmagy, syýahatçylaryň we syýahatçylyk işiniň subýektleriniň…
2-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: syýahatçylyk - fiziki şahslaryň hemişelik ýaşaýan ýerinden tölegli iş bilen meşgul bolmazdan dynç almak üçin, sagaldyş, öwreniş, professional-işewürlik, bilim, sport, dini we beýleki…
3-nji madda
Türkmenistanyň syýahatçylyk hakyndaky kanunçylygy
Türkmenistanyň syýahatçylyk hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de syýahatçylygyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. Eger…
4-nji madda
Syýahatçylygyň kysymlary we görnüşleri
1. Halkara we içerki syýahatçylyk syýahatçylygyň kysymlarydyr. Halkara syýahatçylyk şu aşakdakylary öz içine alýar: a) giriş syýahatçylygy - Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan adamlary hasap etmezden, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy…
5-nji madda
Syýahatçylyk işiniň subýektleri we desgalary
1. Syýahatçylyk işiniň subýektlerine şu aşakdakylar degişlidir: - syýahatçylyk operatorlary (syýahatoperatorlary); - syýahatçylyk agentleri (syýahatagentleri); - gid-terjimeçiler, ýolbeletler; - syýahatçylyk boýunça instruktorlar; -…
6-njy madda
Syýahatçylyk hyzmatlary
Şu aşakdakylar syýahatçylyk hyzmatlarynyň görnüşleridir: 1) syýahatlary guramak boýunça hyzmatlar; 2) ýerleşdirilýän ýerleri (ýerleşdirmegiň köpçülikleýin, ýöriteleşdirilen, hususy desgalary) bermek boýunça hyzmatlar; 3) naharlamak boýunça…
7-nji madda
Syýahatçylyk baýlyklary
1. Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklarynyň klassifikasiýasy we olara baha bermek, olary goramagyň, bütewiligini aýap saklamagyň düzgüni, olary dikeltmek boýunça çäreler, şeýle hem daşky tebigy gurşawa aňryçäk ýol berilýän agramy hasaba…
8-nji madda
Türkmenistanyň syýahatçylyk baýlyklarynyň döwlet kadastry
1. Türkmenistanda syýahatçylyk baýlyklarynyň döwlet kadastry ýöredilýär, onda şol baýlyklaryň hukuk derejesi, olaryň geografik ýerleşişi we serhetleri, tebigaty ulanyjylar, ylmy, ykdysady, ekologik we medeni gymmatlyklar, şeýle hem olaryň…
9-njy madda
Syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksporty we importy
1. Türkmenistanyň çägine giriş syýahatçylygyny guramak bilen baglanyşykly syýahatçylyk hyzmatlaryny etmek syýahatçylyk hyzmatlarynyň eksporty bolup durýar. 2. Türkmenistanyň çäkleriniň daşyna çykyş syýahatçylygyny guramak bilen…
10-njy madda
Syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Türkmenistanda syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdirişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanda syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan…
11-nji madda
Syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdirmesiniň ýörelgeleri
Şu aşakdakylar Türkmenistanda syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy ýörelgeleridir: - syýahatçylyk işine ýardam etmek we halkara hem içerki syýahatçylygyň ösmegi üçin amatly şertleri döretmek; - Türkmenistanyň döwlet…
12-nji madda
Syýahatçylyk çygryndaky döwlet düzgünleşdirmesiniň maksatlary, ileri tutulýan ugurlary we usullary
1. Şu aşakdakylar syýahatçylyk çygrynda döwlet düzgünleşdirmesiniň esasy maksatlarydyr: - boş wagty rejeli peýdalanmak, syýahatçylaryň ähli derejeleri üçin syýahatçylygyň elýeterliligi üçin amatly şertleri döretmek; - täze iş orunlaryny…
13-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň syýahatçylyk çygryndaky ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti syýahatçylyk çygrynda: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň, syýahat çygry bilen baglanyşykly…
14-nji madda
Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary
Syýahatçylyk çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir: - syýahatçylyk çygrynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek; - syýahatçylygy ösdürmegiň perspektiw ugurlaryny, olaryň…
15-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň syýahatçylyk çygryndaky ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň syýahatçylyk çygryndaky ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir: - Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilmegini…
16-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça edaraara bilermenler-utgaşdyryş geňeşi
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça edaraara bilermenler-utgaşdyryş geňeşi Türkmenistanda syýahatçylygy durnukly ösdürmek üçin amatly şertleri döretmek meseleleri boýunça döwlet edaralarynyň,…
17-nji madda
Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalary
1. Türkmenistanda syýahatçylygy maksada gönükdirip ösdürmek üçin syýahatçylygy ösdürmegiň döwlet we ýerli maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar. 2. Syýahatçylygy ösdürmegiň maksatnamalary gysga möhletli (3 ýyla çenli), orta möhletli (3-5…
18-nji madda
Milli syýahatçylyk zolagyny döretmek
1. Milli syýahatçylyk zolagy - munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenen edara ediş-çäk serhetleri anyk görkezilen we aýratyn hukuk, salgyt we gümrük düzgünli ýörite bölünip berlen ýerdir. 2. Milli syýahatçylyk zolagy…
19-njy madda
Milli syýahatçylyk zolagynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary
Milli syýahatçylyk zolagynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy şu ygtyýarlyklary ýerine ýetirýär: - syýahatçylyk zolagynyň edara ediş-çäk dolandyrmasyny amala aşyrýar; - syýahatçylyk zolagynyň ösüşiniň…
20-nji madda
Milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleri
1. Milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleri diýlip milli syýahatçylyk zolagynyň meseleleri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen syýahatçylyk zolagynyň çäginde aşakdakylary amala aşyrmak babatda şertnamalary baglaşan…
21-nji madda
Milli syýahatçylyk zolagynyň işiniň tertibi
1. Milli syýahatçylyk zolagynyň subýektleriniň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýan şertnamalaryň şertleri bilen bellenilýär. 2. Milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde syýahatçylyk zolagynyň subýektlerine…
22-nji madda
Milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde telekeçilik işiniň ýörite hukuk düzgüni
Milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde syýahatçylyk zolagynyň subýektleri üçin telekeçilik işiniň ýörite hukuk düzgüni ulanylýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen salgyt, gümrük we beýleki ýeňillikler berilýär.
23-nji madda
Syýahatçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
1. Syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmak "Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna we şu Kanuna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanda syýahatçylyk işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama…
24-nji madda
Güýjüni ýitiren
25-nji madda
Syýahatçylyk işiniň subýektleriniň sanawy
1. Türkmenistanda syýahatçylyk hyzmatlarynyň sarp edijileriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, syýahatçylygyň howpsuzlygyny, tebigy, taryhy we medeni gymmatlyklaryň goragyny üpjün etmek maksady bilen syýahatçylyk işiniň…
Öňki
1 / 2
Indiki