Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
10.05.2010 · № 106-IV
«Tohumçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
30 madda · 9 sahypa
30 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: tohumçylyk - tohumlaryň öndürilmegi, taýýarlanylmagy, gaýtadan işlenmegi, saklanmagy, ýerlenmegi, daşalmagy we ulanylmagy baradaky iş, şeýle hem sortluk we tohum gözegçiligi; tohumlar -…
2-nji madda
Türkmenistanyň tohumçylyk babatdaky kanunçylygy
Tohumçylyk babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan we Türkmenistanyň tohumçylyk baradaky meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Tohumlary öndürmäge we ulanmaga bolan hukuk
Patent bilen goralýan sortlaryň tohumlaryny we garnuwlary öndürmek we ulanmak hukugyna patent eýeleri, şeýle hem tohumçylyk baradaky işiň ygtyýarlylandyrylýan görnüşlerini amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar eýedirler. Patent eýeleri,…
4-nji madda
Tohumçylyk ulgamy we subýektleri
Tohumlary öndürmek, olary taýýarlamak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak, ulanmak we ýerlemek, şeýle hem tohumlaryň hiline gözegçilik etmek işini amala aşyrýan tohumçylyk subýektleriniň jemi tohumçylyk ulgamydyr. Tohumlaryň öndürilmegi…
5-nji madda
Tohumçylyk babatdaky döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrýan edaralar
1. Tohumçylyk babatda döwlet düzgünleşdirişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, tohumçylyk babatda ygtyýarly döwlet edaralary, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkezi (mundan beýläk - Merkez),…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) tohumçylyk babatda döwlet syýasatyny kesgitlemek; 2) tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň işlerini utgaşdyrmak; 3) ministrlikleriň we pudak…
7-nji madda
Tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Oba hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň tohumçylyk babatdaky ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) ösümlikleriň tohumçylygy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrmak; 2) öz ygtyýarlyklarynyň…
7¹-nji madda
Merkeziň ygtyýarlyklary
Merkeziň oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy babatda ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar degişlidir: 1) tohumçylyk babatda işleriň ähli görnüşleriniň alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak; 2) tohumlaryň we oturdylýan ekinleriň hili babatda…
8-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň tohumçylyk babatda ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tohumçylyk babatdaky ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 1) tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň…
9-njy madda
Tohumçylykda döwlet standartlary
Tohumçylyk babatdaky döwlet standartlary tohumçylyk babatda ygtyýarly döwlet edaralary we Merkez tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar. Tohumçylykda döwlet standartlaryny tassyklamak standartlaşdyrmak babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna…
10-njy madda
Tohumlaryň sertifikatlaşdyrylmagy
Ýerlemek üçin niýetlenen tohumlar hökmany sertifikatlaşdyrylmaga degişli bolup, ol haýsy sorta degişliligi, gelip çykyşy we tohumlaryň ekiş hillerini kepillendirýän görkezijiler boýunça geçirilýär. Seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet…
11-nji madda
Tohumçylyk babatdaky işiň ygtyýarlylandyrylmagy
Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki tohumçylyk subýektleri seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen, ulanylmaga rugsat edilen sortlaryň tohumlaryny degişlilikdäki tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan berilýän…
12-nji madda
Ösümlikleriň sortlarynyň tohumlarynyň görnüşleri
1. Üznüksiz öndürilmeginiň tapgyryna laýyklykda tohumlaryň şu görnüşleri kesgitlenilýär: tohummaýa; naýbaşy; saýlantgy; arkaly (birinji we soňraky arkaly tohumlary, şeýle hem birinji nesiliň garnuw tohumlary). 2. Tohummaýa tohumlary diýlip…
13-nji madda
Tohumlaryň aýry-aýry görnüşleriniň öndürilişi
Tohummaýa we naýbaşy tohumlary üznüksiz öndürmek we gorap saklamak maksady bilen nesil ösümliklerini yzygiderli seçmek, ýekebara we maşgala ýygymlaryna baha bermek ýoly bilen ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleriniň okuw-tejribe…
14-nji madda
Ösümlikleriň tohumlaryny öndürmek üçin ýörite zolaklar
Ýokary sortlulyk hili bolan ösümlikleriň tohumlarynyň öndürilmegi üçin has amatly tehnologik we fitosanitar şertleri döretmek maksady bilen tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň ýerine…
15-nji madda
Tohumlaryň taýýarlanylyşynyň, işlenip bejerilişiniň, saklanylyşynyň we ulanylyşynyň tertibi
Tohumlaryň taýýarlanylyşynyň, işlenip bejerilişiniň, saklanylyşynyň we ulanylyşynyň tertibi degişlilikde tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan kesgitlenilýär. Aýratyn hukuklaryň (intellektual eýeçilik) obýekti bolup…
16-njy madda
Döwlet tohum gory
Döwlet tohum gory özüne gerek tohumlary öndürmeýän ýa-da olary öndürmek üçin mümkünçilikleri çäkli bolan hojalygy ýörediji subýektleri we beýleki sarp edijileri tohumlar bilen üpjün etmek, tebigy betbagtçylyklaryň netijesinde ekinler ýok…
17-nji madda
Ätiýaçlyk we geçýän tohum gory
Ätiýaçlyk tohum gory - munuň özi tebigy betbagtçylyklar zerarly ýok edilen ekinleri gaýtadan ekmek üçin Döwlet tohum gorunyň on bäş göteriminden köp bolmadyk möçberlerinde döredilýän eldegrilmesiz tohumlaryň her ýylda täzelenýän gorudyr.…
18-nji madda
Tohumlary dolanyşyga girizmek
1. Eger tohumlar önümçilige goýberilen, seleksiýanyň gazananlarynyň Döwlet sanawyna girizilen sorta degişli hem-de döwlet standartlarynyň sortlulyk we ekiş hiliniň talaplaryna laýyk gelýän bolsa dolanyşyga girizilýär. 2. Türkmenistanyň…
19-njy madda
Tohumlaryň sortlulyk we ekiş hilini kesgitlemek
1. Tohumlaryň sortlulyk we ekiş hiliniň kadalary döwlet standartlary arkaly bellenilýär. Tohumlaryň sortlulyk we ekiş hili kesgitlenende ýeke-täk usullar we barlaghana-tehniki serişdeleri, ýeke-täk kadalaşdyryjy resminamalar we adalgalar…
20-nji madda
Tohumlaryň eksporty we importy
1. Tohumlaryň eksportyna, eger: 1) olar äkitmek üçin gadagan edilen sorta degişli bolmasa; 2) olar tohum bilen üpjün etmegiň şertnamalaryň we ösümlikleriň karantini baradaky halkara ylalaşyklarynyň talaplaryna laýyk gelýän bolsa; 3)…
21-nji madda
Tohumlary belgilemek we gaplamak
Dolanyşyga girizilýän tohumlar döwlet standartlarynyň talaplaryna laýyklykda belgilenen we gaplanan bolmalydyr. Himiki we biologik serişdeler bilen işlenip bejerilen tohumlar ýörite gapda dolanyşyga girizilýär, onuň degişli duýduryjy…
22-nji madda
Tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar
Aşakdakylar tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlardyr: Merkeziň ýolbaşçysy bolup durýan Türkmenistanyň tohumçylyk gözegçiligi baradaky baş döwlet gözegçisi; Merkeziň welaýat (etrap) bölüminiň ýolbaşçysy bolup…
23-nji madda
Tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlaryň ygtyýarlyklary
Tohumçylykda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan wezipeli adamlar aşakdaky ygtyýarlyklara eýedirler: tohumlar öndürilende, taýýarlanylanda, ulanylanda we ýerlenilende döwlet standartlarynyň usuly we tehnologik talaplaryň tohumçylygyň…
24-nji madda
Tohumçylyk babatdaky ygtyýarly döwlet edaralarynyň we Merkeziň işini maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
Döwlet býujetiniň we býujetden daşary çeşmeleriň serişdeleri, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde tohumçylyk babatdaky işini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslaryň serişdeleri tohumçylyk baradaky işiň…
Öňki
1 / 2
Indiki