Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
10.05.2010 · № 105-IV
«Türkmenistanda adwokatura we adwokatlyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
48 madda · 21 sahypa
48 madda
1-nji madda
Adwokatura we adwokatlyk işi
1. Adwokatura raýat jemgyýetiniň hukuk instituty bolup durýan we döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýän, adwokatlaryň adwokatlyk işini amala aşyrmak maksady bilen döredilen we öz-özüňi dolandyrmak ýörelgelerine eýerýän…
2-nji madda
Adwokatura we adwokatlyk işi hakynda kanunçylyk
1. Adwokatura we adwokatlyk işi hakynda kanunçylyk Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de adwokatlyk işini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Fiziki we ýuridik şahslaryň işleri…
3-nji madda
Adwokatlyk işiniň ýörelgeleri
Adwokatlyk işi şu ýörelgelere esaslanýar: 1) kanunylygyň, garaşsyzlygyň, öz-özüňi dolandyryşyň, şeýle-de deňhukuklylygyň amala aşyrylmagyna; 2) professional ýuridik kömegi almaga bolan konstitusion hukugynyň amala aşyrylmagyna, taraplaryň…
4-nji madda
Ýuridik kömegi bermegiň kepili
1. Döwlet hemmelere zerur bolan professional ýuridik kömegiň berilmegini kepillendirýär. 2. Döwlet Türkmenistanyň çäklerinde ähli fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi, onuň häsiýeti hakyndaky maglumatlary we ony almagyň tertibine…
5-nji madda
Adwokatlaryň berýän ýuridik kömeginiň görnüşleri
1. Adwokat ýuridik kömegi bermek bilen: 1) dilden, şeýle hem ýazmaça görnüşde hukuk meseleleri boýunça maslahatlary berýär we düşündirýär; 2) arzalary, şikaýatlary, haýyşnamalary we hukuk häsiýetli beýleki resminamalary düzüp berýär; 3)…
6-njy madda
Ýuridik kömegi bermek hakynda şertnama
1. Adwokatlyk işi adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň arasynda baglaşylan şertnama esasynda amala aşyrylýar. Bu şertnama raýat-hukuk gatnaşyklary häsiýetinde bolup, adwokat bilen ynanyjynyň ýa-da onuň ynanylan wekiliniň…
7-nji madda
Fiziki şahslara ýuridik kömegiň tölegsiz berilmegi
1. Fiziki şahslara ýuridik kömek, olaryň haýyşy boýunça şu halatlarda tölegsiz berilýär: 1) hak isleýjilere alimentleri (hossarlyk eklenç serişdesini) töletmek, iş bilen baglylykda ekleýjisiniň ölümine, maýyp bolmagyna getiren ýa-da jan…
8-nji madda
Adwokat
1. Türkmenistanda ýokary ýuridik bilimli, adwokatyň statusyna eýe bolan we şu Kanunyň 1-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan hereketleri amala aşyrýan, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty adwokat bolup…
9-njy madda
Adwokatyň statusyna eýe bolmak
1. Şular adwokatyň statusyna eýe bolýarlar: 1) hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamany alan we welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalygyna giren şahs; 2) şu Kanunyň 12-nji maddasyna laýyklykda…
10-nji madda
Güýjüni ýitiren
güýjüni ýitiren
11-nji madda
Güýjüni ýitiren
güýjüni ýitiren
12-nji madda
Adwokatyň hünär tälim alyjysy
1. Adwokatyň hünär tälim alyjylary ýokary ýuridik bilimli, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlary bolup bilerler. 2. Hünär tälim alyjylar adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň çözgüdi esasynda adwokatlyk işi boýunça…
13-nji madda
Adwokatyň ygtyýarlyklary
1. Adwokat kömek berilmegini sorap ýüz tutana zerur bolan ýuridik kömegi berýär. 2. Adwokat her bir iş boýunça öz ygtyýarlyklaryny adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy tarapyndan hasaba alnyp berlen orderi bilen tassyklaýar. Orderiň…
14-nji madda
Adwokatyň hukuklary we borçlary
1. Adwokatyň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) ýuridik kömegi bermek üçin (döwlet ýa-da gaýry syrlar toparyna degişli bolmadyk) maglumatlary ýygnamaga, şol sanda döwlet edaralaryndan, häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş…
15-nji madda
Adwokatlyk etikasy
Professional işini amala aşyranda adwokat şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde öz borçlaryny päk ýürekli ýerine ýetirmelidir, adwokatlyk syryny şahsy maksady, beýleki şahslaryň betnebis we başga bähbitleri üçin ulanmaly däldir, hukuklary…
16-njy madda
Adwokatlyk syry
1. Adwokatyň ynanyja beren ýuridik kömegi bilen baglanyşykly alan ynanyjynyň äşgär edilmegini islemeýän islendik maglumatlary adwokatlyk syry bolup durýar. 2. Ýuridik kömegi bermek bilen baglylykda özüne mälim bolan we adwokatlyk syry…
17-nji madda
Adwokatlyk işiniň kepillikleri
1. Adwokatyň hünär hukugy, abraýy we mertebesi kanun tarapyndan goralýar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda adwokatyň ýuridik kömegini bermek bilen baglylykdaky hereket etmek erkinligi çäklendirilip…
18-nji madda
Adwokatlyk işini guramagyň görnüşleri
Adwokatyň öz işini adwokatlar kollegiýasynyň düzüminde ýuridik maslahathananyň üsti bilen amala aşyrmaga, beýleki adwokatlar bilen bilelikde adwokatlar birleşigini döretmäge, şeýle hem adwokatlyk işini özbaşdak amala aşyrmaga hukugy bardyr.
19-njy madda
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasy
1. Her bir welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheriň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukuk kömegini bermäge ygtyýarnamany alan şahslaryň başlangyjy bilen adwokatlar kollegiýasynyň biri döredilip we…
20-nji madda
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasy
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň Tertipnamasy şulary göz öňünde tutmalydyr: 1) adwokatlar kollegiýasynyň adyny, ýolbaşçy edarasynyň ýerleşýän ýerini, işiniň maksatlaryny we wezipelerini; 2)…
21-nji madda
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň edaralary
1. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň ýokary edarasy kollegiýanyň agzalarynyň umumy ýygnagy bolup durýar, ýolbaşçy ýerine ýetiriji edarasy - onuň prezidiumy, gözegçilik edarasy - derňew…
22-nji madda
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy
1. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagynyň kollegiýanyň işiniň islendik meselelerini çözmäge hukugy bardyr. 2. Umumy ýygnagyň aýratyn ygtyýaryna şular degişlidir: 1)…
23-nji madda
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy
1. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumy gizlin ses bermek arkaly üç ýyllyk möhlete saýlanylýar. Prezidiumyň agzalygyna kollegiýada azyndan bäş ýyl agzalygy bolan adwokatlar saýlanyp…
24-nji madda
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlygy we onuň ygtyýarlyklary
1. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň prezidiumynyň başlyklygyna, saýlanylan gününe çenli adwokatlar kollegiýasynda azyndan bäş ýyl agza bolup duran adwokat saýlanylyp bilner. 2. Welaýat, welaýat…
25-nji madda
Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary
1. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher adwokatlar kollegiýasynyň derňew topary onuň gözegçi derňew edarasy hasaplanylýar. 2. Derňew topary adwokatlar kollegiýasynyň agzalarynyň umumy ýygnagy tarapyndan gizlin ses…
Öňki
1 / 2
Indiki