Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
12.03.2010 · № 92-IV
«Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
38 madda · 20 sahypa
38 madda
1-nji madda
Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: medeniýet - adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy-ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge,…
2-nji madda
Medeniýet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň wezipeleri
1. Medeniýet hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Kanundan we medeniýet babatdaky meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger…
3-nji madda
Medeniýet hakyndaky kanunçylygyň ulanylyş çygyrlary
1. Şu Kanun aşakdaky çygyrlardaky medeniýet işini düzgünleşdirýär: - türkmen halkynyň medeni mirasynyň desgalarynyň aýawly saklanylmagy, gaýtadan dikeldilmegi, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy we döwlet tarapyndan goralmagy; - çeper edebiýat,…
4-nji madda
Medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Türkmenistanyň medeniýet babatdaky döwlet syýasatynyň ýörelgeleri şulardan ybarat: 1) medeniýeti döwlet tarapyndan goldamak, Türkmenistanyň raýatlarynyň medeniýet babatdaky işlerini amala aşyrmakdaky we medeni durmuşa gatnaşmakdaky…
5-nji madda
Medeniýet babatda raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwlet kepillendirmeleri
1. Döwlet milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk we wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan raýatlara medeni işe gatnaşmaga, medeniýet…
6-njy madda
Medeni gymmatlyklar
Şular medeni gymmatlyklara degişlidir: 1) arheologik tapyndylar we arheologik açyşlar; 2) gadymy şaýlyklary, ordenleri, medallary, möhürleri goşmak bilen kolleksiýa materiallary we esbaplary; 3) kartinalary, suratlary, grawýuralary,…
7-nji madda
Medeni gymmatlyklary hasaba almak
1. Medeni gymmatlyklary hasaba almak Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawynda we medeni gymmatlyklaryň gorag sanawlarynda alnyp barylýar. Medeni gymmatlyklar hasaba alnanda şu aşakdaky maglumatlar ýazylýar:…
8-nji madda
Medeni gymmatlyklaryň goragynyň derejeleri
1. Medeni gymmatlyklaryň goragy deslapky, konserwasiýa, dikeldiş we ýörite derejä eýedir. 2. Goragyň deslapky derejesi tebigy landşaftyň desgalaryna, arheologik we binagärlik desgalaryna, bu desgalaryň taryhy ähmiýeti we bahasy…
9-njy madda
Medeni gymmatlyklaryň goralyş sanawy
Möhüm medeni gymmatlyklary goramak maksady bilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary degişlilikdäki (şäheriň, etrabyň) çäklerinde medeni gymmatlyklaryň goralyş sanawyny ýöredýärler. Medeni gymmatlygyň görkezilen sanawa…
10-njy madda
Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawy
1. Medeni mirasy gorap saklamak maksady bilen, şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen aýratyn gymmaty bolan desgalar Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna girizilýär. 2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli…
11-nji madda
Milli medeni baýlygyň desgalarynyň aýratyn düzgüni
1. Her bir takyk desga boýunça döredilýän bilermenler toparynyň berýän teklipnamasy esasynda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýörite rugsady bolmasa, Türkmenistanyň milli-medeni baýlygynyň desgalarynyň…
12-nji madda
Medeni gymmatlyklaryň getirilmegi we äkidilmegi
1. Medeni gymmatlyklary Türkmenistanyň çäklerinden äkitmek we onuň çäklerine getirmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 2. Wagtlaýyn görkezmek, ýerlere sapara gitmek işi, dikeldiş we ylmy-barlar işleriniň,…
13-nji madda
Medeniýet guramalary we olaryň aýratyn hukuk ýagdaýy
1. Medeniýet guramalaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär. 2. Medeniýet guramalarynyň işiniň görnüşleri olary esaslandyryjylar tarapyndan kesgitlenilýär we…
14-nji madda
Medeniýet guramalarynyň ulgamy
Medeniýet guramalarynyň ulgamyna şu aşakdakylar girýär: 1) teatral-konsert: - opera, balet, drama, sazly komediýa, sazly drama, ýaş tomaşaçylar, gurjak teatrlary we beýleki teatrlar; - filarmoniýalar, konsert salonlary we köşkleri,…
15-nji madda
Işiň tölegli görnüşleri we medeniýet guramalarynyň telekeçilik işi
1. Eger guramanyň dörediji resminamalarynda göz öňünde tutulan bolsa we kömekçi häsiýete eýe bolsa, täjirçilik däl medeniýet guramasy tölegli hyzmatlary etmäge we öz öndüren harytlaryny ýerlemäge haklydyr. 2. Döwlet eýeçiliginde durýan…
16-njy madda
Medeniýet guramalarynyň fiziki we ýuridik şahslar bilen özara gatnaşyklary
1. Medeniýet guramalary mahabat we gaýry maksatlar üçin öz nyşanyny (resmi we beýleki atlaryny, haryt nyşanyny, emblemasyny) peýdalanmakda, şeýle hem şertnamalaýyn esasda şeýle peýdalanmagy beýleki ýuridik we fiziki şahslara rugsat etmekde…
17-nji madda
Döwlet we professional döredijilik işgärleriniň jemgyýetçilik birleşikleri
1. Medeniýet babatda bilelikdäki tagallalary, professional gatnaşygyň ýola goýulmagyny we aragatnaşygyň bellenilmegini, döredijilik bähbitleriniň goragyny talap edýän döredijilik işini amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň…
18-nji madda
Professional däl (höwesjeň) döredijilik birleşikleri we kollektiwleri
Professional däl (höwesjeň) döredijilik birleşikleri we kollektiwleri raýatlaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, medeniýet guramalarynyň, ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralaryň başlangyçlary bilen döredilýär we Türkmenistanyň…
19-njy madda
Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Medeniýet babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan…
20-nji madda
Medeniýet babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
1. Medeniýet babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini…
21-nji madda
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklary
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlyklaryna şu aşakdakylar girýär: 1) medeniýet babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek; 2) medeniýet ugrunyň ösüşiniň we kämilleşmeginiň maksatlaýyn…
22-nji madda
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna öz tabynlygyndaky çäklerde şular degişlidir: 1) medeniýet babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmak; 2) milli medeniýetiň goralyp…
23-nji madda
Medeniýet işgärleriniň derejeleri
1. Medeniýet işgärleri derejeleri boýunça esasy iki topara birleşýärler: professional işi arhiwleriň, kitaphanalaryň, muzeýleriň, çeperçilik galereýalarynyň we olara meňzeş guramalarynyň ýygyndylaryny ýygnamak, saklamak we hyzmat etmek…
24-nji madda
Döredijilik işgärleriniň hukuk ýagdaýy we olary döwlet tarapyndan goldamak
1. Döredijilik işgärleriniň türkmen jemgyýetindäki hukuk ýagdaýy aşakdakylar bilen kesgitlenip, olar: a) medeni gymmatlyklary döretmekde: - ýokary çeperçilik ussatlygy, ideýa hem mazmun baýlygy, türkmen halkynyň mentalitetiniň milli…
25-nji madda
Medeniýet guramalarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary
Medeniýet guramalarynyň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Öňki
1 / 2
Indiki