Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
12.03.2010 · № 93-IV
«Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
56 madda · 24 sahypa
56 madda
1-nji madda
Aragatnaşygyň wezipesi
1. Türkmenistanda aragatnaşyk önümçilik we sosial infrastrukturanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar we peýdalanyjylaryň telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk hyzmatlarynyň edilmegi arkaly habarlary dolandyrmak, ýaýratmak, alyşmak…
2-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Şu Kanunyň maksatlary: 1) Türkmenistanyň tutuş çäginde aragatnaşyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin şertleri döretmek; 2) geljegi bolan tehnologiýalaryň we standartlaryň pudaga ornaşdyrylmagyna ýardam etmek; 3) aragatnaşyk hyzmatlaryny…
3-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) abonent - aragatnaşyk hyzmatlarynyň edilmegi üçin abonent belgisi ýa-da laýyklygynyň anyklanmagynyň özboluşly kody bölünip berlen mahalynda şeýle hyzmatlaryň edilmegi…
4-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde bolýan we telekommunikasiýa we poçta aragatnaşyk hyzmatlaryny edýän ýa-da olary peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslara degişlidir. Daşary ýurt ýuridik we fiziki şahslaryna, şeýle hem raýatlygy…
5-nji madda
Türkmenistanyň aragatnaşyk hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň aragatnaşyk hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
6-njy madda
Aragatnaşyk babatda ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary
1. Türkmenistanda aragatnaşyk babatda döwlet dolandyrylyşyny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi amala aşyrýarlar. 2. Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň aragatnaşyk babatda ygtyýarlylygy
Şu aşakdakylar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň aragatnaşyk babatda ygtyýarlylygyna degişlidir: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň kanunlaryna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda aragatnaşyk babatda…
8-nji madda
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ygtyýarlylygy
1. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi: 1) aragatnaşyk babatda milli resurslaryň paýlanylmagyny we peýdalanylmagyny hem goşmak bilen, aragatnaşyk babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär; 2) aragatnaşyk babatda işiň…
8¹-nji madda
Güýjüni ýitiren
9-njy madda
Radioýygylyk spektriniň, aragatnaşyk hemralarynyň geostasionar we orbital pozisiýalarynyň peýdalanylmagynyň düzgünleşdirilmegi
1. Türkmenistanyň bähbitlerine we onuň baglaşan halkara şertnamalaryna laýyklykda radioýygylyk spektriniň, aragatnaşyk hemralarynyň geostasionar we orbital pozisiýalarynyň peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek döwletiň aýratyn hukugy bolup…
10-njy madda
Radioýygylyk spektriniň peýdalanylmagynyň goralmagy
1. Elektromagnit şöhle saçmasynyň çeşmeleri bolup durýan, şol sanda teleradio ýaýradyşyň maksatlary üçin peýdalanylýan telekommunikasiýa aragatnaşygynyň tehniki serişdeleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde…
11-nji madda
Belgileýiş resursynyň düzgünleşdirilmegi
1. Belgileýiş resursynyň düzgünleşdirilmegi döwletiň aýratyn hukugy bolup durýar. 2. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamynyň…
12-nji madda
Aragatnaşyk ulgamlary
1. Aragatnaşyk ulgamlaryny Türkmenistanyň çäginde telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygyny amala aşyrýan we üpjün edýän döwlet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar döredýärler. 2. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk…
13-nji madda
Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy
1. Türkmenistanyň ýeke-täk telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamy Türkmenistanyň çäginde ýerleşen şu aşakdaky derejelerdäki telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndan durýar: 1) aragatnaşygyň umumy peýdalanylýan ulgamy; 2) aragatnaşygyň…
14-nji madda
Poçta aragatnaşyk ulgamy
Poçta aragatnaşyk ulgamy poçta ugratmalarynyň, pul serişdeleriniň, şol sanda maksatlaýyn niýetlenen beýleki tölegleriň kabul edilmegini, saklanylmagyny, işlenilmegini, daşalmagyny (berilmegini), eltilmegini (gowşurylmagyny), döwürleýin…
15-nji madda
Ulgamara birikdirmeler
1. Ulgamara birikdirmeler dürli telekommunikasiýa ulgamlaryny peýdalanyjylaryň arasynda habarlaryň berilmegi we kabul edilmegi üçin amala aşyrylýar. 2. Aragatnaşyk operatorlary tehniki mümkinçilikler bar bolan şertinde şertnamalaýyn ýa-da…
16-njy madda
Aragatnaşyk serişdelerine we ulgamlaryna eýeçilik
1. Türkmenistanda telekommunikasiýa we poçta aragatnaşygynyň tehniki serişdeleri hem-de ulgamlary döwletiň eýeçiliginde durýarlar, şeýle hem olar ýuridik we fiziki şahslaryň eýeçiliginde durup bilerler. 2. Türkmenistanyň goranmak, milli…
17-nji madda
Aragatnaşyk ulgamlaryny we serişdelerini ösdürmek we olaryň durkuny täzelemek
1. Aragatnaşyk ulgamlarynyň we serişdeleriniň ösdürilmegi we durkunyň täzelenmegi eýeleri tarapyndan olaryň öz serişdeleriniň, gyzyklanýan ýuridik we fiziki şahslaryň serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik…
18-nji madda
Aragatnaşyk ulgamlarynyň we desgalarynyň goralmagy
1. Aragatnaşyk ulgamlary we desgalary döwletiň goragy astynda durýar. 2. Aragatnaşyk operatorlary we gurujylar jaýlar, aragatnaşyk desgalary we ulgamlary gurlanda we olaryň durky täzelenende aragatnaşyk serişdeleriniň we desgalarynyň…
19-njy madda
Aragatnaşygy ösdürmek boýunça işler geçirilen mahalynda ýerleri peýdalanmak
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde aragatnaşyk operatorlaryna berilýän ýer bölekleri aragatnaşyk ýerlerine degişlidir. 2. Aragatnaşyk operatorlaryna berilýän ýer bölekleriniň möçberleri işiň bu görnüşi üçin…
20-nji madda
Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň we obýektleriniň gorag zolagy
Telekommunikasiýa aragatnaşyk obýektleriniň perimetri boýunça ýa-da telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň boýunda ýerleşen, ösümlikleri we jaýlary bolan bellenilen ölçeglerdäki ýer bölegi telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlarynyň we…
21-nji madda
Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndaky hadysalaryň netijelerini ýok etmek
1. Telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlaryndaky hadysalaryň netijelerini ýok etmek boýunça işler zeper ýeten telekommunikasiýa tehniki serişdeleriniň dikeldilmegini we durkunyň täzelenmegini, şeýle hem zerurlyk bolan mahalynda hadysalaryň…
22-nji madda
Ulag serişdeleriniň peýdalanylmagy
1. Feldýegerlik we ýörite aragatnaşyk gulluklarynyň ulag kärhanasy bilen şertnamalaýyn şertlerde demir ýol, deňiz, içerki suw, howa we awtomobil ulagynyň ähli ugurlary we liniýalary boýunça poçta aragatnaşyk işgärleriniň, feldýegerlik we…
23-nji madda
Aragatnaşygyň syry
1. Türkmenistanyň çäginde telekommunikasiýa aragatnaşyk ulgamlary we poçta aragatnaşyk ulgamlary boýunça berilýän hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta ugratmalarynyň, telegraf we beýleki habarlaryň syry kepillendirilýär.…
24-nji madda
Aragatnaşyk babatda hasaba alyş-hasabat wagty
Türkmenistanyň çäginde aragatnaşyk babatda habarlar we maglumatlar berlende ýa-da kabul edilende ýeke-täk hasaba alyş-hasabat wagty - ýerli wagt ulanylýar.
Öňki
1 / 3
Indiki