Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
15.08.2009 · № 57-IV
«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
33 madda · 12 sahypa
33 madda
1-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we esasy wezipeleri
1. Kiçi we orta telekeçiligiň, üstünlikli işlemegi ykdysady ösüşe we durmuş taýdan kämilleşmäge ýardam edýän bazar ykdysadyýetiniň möhüm bölegi hökmünde ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň hukuk…
2-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi şu Kanunyň 5-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli bolup durýar, döwlet kärhanalary, daşary ýurt maýa goýumlary bolan kärhanalar, bank, ätiýaçlandyryş işlerini,…
4-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ýörelgeleri we görnüşleri
1. Şular Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ýörelgeleri bolup durýar: 1) kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň ileri tutulmagy; 2) kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň…
5-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri
1. Şu Kanunyň maksatlary üçin kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri diýlip aşakdakylara düşünilýär: 1) telekeçi ýuridik şahslara: a) senagatda, elektroenergetikada, gurluşykda, gaz we suw üpjünçiliginde işleýän işgärleriniň sanaw…
5¹-nji madda
Hasaba alyş we hasabatlylyk
Kiçi we orta telekeçiligiň subýekti hasaba alşy ýöredýär hem-de degişli döwlet edaralaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we möhletlerde zerur bolan statistik, buhgalterçilik, salgyt we beýleki hasabatlary berýär.
5²-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň we emläginiň ätiýaçlandyrylmagy
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň we emläginiň ätiýaçlandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.
5³-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň ygtyýarlylandyrylmagy, olara patentleriň berilmegi
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan amala aşyrylýan işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy, olara patentleriň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
6-njy madda
Kiçi we orta telekeçilik çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek
Kiçi we orta telekeçilik çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet topary (mundan beýläk - Döwlet topary), ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) kiçi we orta telekeçiligi goldamak baradaky döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň döwlet maksatnamasyny tassyklaýar; 3) Döwlet toparyny döredýär we ol barada…
8-nji madda
Döwlet toparynyň ygtyýarlyklary
1. Döwlet topary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda hereket edýän utgaşdyryjy we geňeş-maslahat beriji edara bolup durýar. 2. Döwlet topary ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylaryndan,…
9-njy madda
Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde: 1) welaýat maksatnamalaryny tassyklaýarlar we olaryň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler; 2) welaýat toparlaryny döredýärler, olar hakynda…
10-njy madda
Welaýat toparlarynyň ygtyýarlyklary
1. Welaýat toparlary welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň ýanynda hereket edýän utgaşdyryjy we geňeş-maslahat beriji edaralar bolup durýarlar. 2. Welaýat toparlary welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň…
11-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlary
Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak şu aşakdaky esasy ugurlar boýunça amala aşyrylýar: 1) kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegi, şol sanda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine maliýe we…
12-nji madda
Döwlet we welaýat maksatnamalary
1. Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamagyň esasy ugurlaryna laýyklykda Döwlet we welaýat maksatnamalarynda şu aşakdaky çäreler göz öňünde tutulýar: 1) telekeçilik işini, monopoliýa garşy işi we bäsleşigiň ösüşini döwlet…
13-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň maliýeleşdirilmegi
1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işi hususy we karz serişdeleriň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, täjirçilik banklarynyň, özara karzlaşdyryş jemgyýetleriniň, karzlaşdyryş birleşmeleriniň, mikromaliýe…
14-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerini döwlet tarapyndan bellige almak
1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, gaýtadan bellige alynmagy we ýatyrylmagy ýuridik şahslary we hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige alýan edaralar tarapyndan haýsy-da bolsa bir…
15-nji madda
Gümrük ýeňillikleri
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine gümrük ýeňillikleriniň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
16-njy madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna gatnaşmagy
1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) döwlet tarapyndan satyn alynmagyna gatnaşmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki gatnaşyjylar bilen deň şertlerde amala aşyrylýar. 2. Kiçi we orta…
17-nji madda
Bäsleşigiň ösdürilmegi we monopoliýa garşy iş
Döwlet häkimiýet we dolandyryş hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna şu aşakdakylar gadagan edilýär: 1) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga halatlarda kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hukuklaryny we…
18-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň maliýe-hojalyk işiniň barlagy
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň maliýe-hojalyk işiniň barlagy döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan üç ýylda bir gezekden ýygy bolmazdan geçirilýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen…
18¹-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet tarapyndan goldanylmagy
1. Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýän jemgyýetçilik birleşikleriniň döwlet tarapyndan goldanylmagy telekeçiligiň ösdürilmegi üçin has amatly şertleri, päk ýürekli bäsleşigi üpjün…
19-njy madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işiniň hukuk goragynyň kepillikleri
1. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy kepillendirilýär. 2. Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligiň…
20-nji madda
Kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň işine esassyz gatyşylmadan kepillendirmeler
1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň hojalyk işine esassyz gatyşmagy, bikanun hereketleri…
21-nji madda
Emläk muzduny töläp mejbury alnan mahalynda öwezini dolmalaryň kepillendirmeleri
1. Tebigy betbagtçylyklary, heläkçilikleri, epidemiýalary, epizootiýalary we olaryň netijelerini hem goşmak bilen adatdan daşary häsiýeti bolan ýagdaýlary ýeňip geçmek maksady bilen kiçi we orta telekeçiligiň subýektleriniň emläginiň…
Öňki
1 / 2
Indiki