Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Daýhan birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
30.03.2007 · № 113-III
«Daýhan birleşikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
22 madda · 8 sahypa
22 madda
1-nji madda
Daýhan birleşigi
Daýhan birleşigi - munuň özi oba hojalyk önümçiligini guramak we alyp barmak üçin döredilýän, gatyşyk (birleşen) eýeçilige esaslanýan ýuridik şahsdyr.
2-nji madda
Daýhan birleşiginiň wezipeleri
Daýhan birleşiginiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr: - oba hojalyk önümlerini öndürmek, gaýtadan işlemek we ýerlemek; - öz emläginiň we ygtyýarlyklarynyň çäklerinde oba hojalyk önümçiligini netijeli guramak; - oba hojalyk…
3-nji madda
Daýhan birleşigine agzalyk
1. Birleşigiň önümçilik işine gös-göni gatnaşýan, 18 ýaşy dolan raýatlar ýaşaýan ýerine garamazdan, daýhan birleşiginiň agzasy bolup bilerler. 2. Daýhan birleşigine agzalyk meýletindir. Daýhan birleşigine agzalyk berlen arzanyň esasynda…
4-nji madda
Daýhan birleşigi hakynda kanunçylyk
Daýhan birleşigini döretmek we onuň işi bilen baglanyşykly gatnaşyklar şu Kanun, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan, şu meseleler baradaky düzgünleri jemleýän daýhan birleşiginiň mysaly Tertipnamasy, şeýle hem…
5-nji madda
Işiň ykdysady esasy
1. Daýhan birleşiginiň işiniň ykdysady esasy şu aşakdakylardan ybaratdyr: - döwlet tarapyndan peýdalanylmaga berilýän ýer, esasy gaznalar we beýleki emläk; - pul serişdeleri we beýleki maliýe aktiwleri; - hojalyk işiniň netijesinde…
6-njy madda
Işiň maliýe esasy we karz gatnaşyklary
1. Daýhan birleşiginiň maliýe serişdeleri kärendeçileriň we beýleki önüm öndürijileriň hem-de ýerden peýdalanyjylaryň girdejilerinden Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberlerde geçirimleriň, şeýle hem öz işiniň…
7-nji madda
Nyrhlar we nyrhyň emele gelmegi
1. Daýhan birleşiginiň öndüren önümi bazar we döwlet satyn alyş nyrhlary boýunça ýerlenilýär. 2. Döwlet satyn alyş nyrhlary we şol nyrhlar boýunça ýerlenilýän önümleriň görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan…
8-nji madda
Daýhan birleşiginiň hojalyk işini guramak
1. Daýhan birleşigi öz işiniň ugruny özbaşdak saýlaýar we ony öz ösüşiniň geljegini hasaba almak bilen esasy oba hojalyk önümini öndürmek we satyn almak üçin şertnamalaýyn borçnamalara laýyklykda meýilleşdirýär. 2. Degişli ministrlikler we…
8¹-nji madda
Daýhan birleşiginiň emlägi
1. Daýhan birleşiginiň esasy gaznalary we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen gadagan edilmedik girdejilerden we beýleki çeşmelerden emele gelýän başga emläkleri bolup biler. 2. Daýhan birleşiginiň emlägini dolandyrmak onuň Tertipnamasyna…
9-njy madda
Daýhan birleşiginiň ýerleşýän geňeşliginiň çäginde ýaşaýan raýatlara şahsy kömekçi hojalygyny ýöretmek üçin mellek ýerlerini bermek
1. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň maşgalalaryna, şeýle hem işi şu geňeşligiň çäginde ýaşaýan ilata hyzmat etmek bilen baglanyşykly mugallymlaryň, lukmanlaryň we beýleki hünärmenleriň maşgalalaryna, oba ýerlerinde ýaşaýan pensionerleriň we…
10-njy madda
Daýhan birleşigini döretmek we onuň işini bes etmek
1. Daýhan birleşigi etrap, şäher häkiminiň teklipnamasy esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, welaýat häkiminiň karary bilen döredilýär. Daýhan birleşigi döredilende oňa at dakylýar. 2. Daýhan birleşiginiň işini bes…
11-nji madda
Daýhan birleşigini bellige almak
1. Daýhan birleşigini bellige almak welaýat häkiminiň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 2. Daýhan birleşigi onuň döwlet tarapyndan bellige alnanlygy hakyndaky şahadatnamany alan…
12-nji madda
Daýhan birleşigini dolandyrmagyň esaslary
1. Daýhan birleşigi şu Kanuna, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna we daýhan birleşiginiň Tertipnamasyna laýyklykda dolandyrylýar. 2. Daýhan birleşigini dolandyryjylar şu aşakdakylardyr: - daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy…
13-nji madda
Daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagy
1. Daýhan birleşiginiň ýokary dolandyryjysy daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagydyr. Daýhan birleşigi onuň agzalarynyň ýyllyk we nobatdan daşary umumy ýygnaklaryny geçirýär. 2. Daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagyna onuň…
14-nji madda
Daýhan birleşiginiň Topary
1. Daýhan birleşiginiň Topary önümçilik we beýleki meseleleri çözmek maksady bilen, daýhan birleşiginiň umumy ýygnagy tarapyndan daýhan birleşiginiň agzalaryndan saýlanylýar. Topara daýhan birleşiginiň başlygy ýolbaşçylyk edýär. Daýhan…
15-nji madda
Daýhan birleşiginiň başlygy
1. Daýhan birleşiginiň başlygy daýhan birleşiginiň agzalarynyň umumy ýygnagynda onuň agzalarynyň arasyndan etrap häkiminiň teklipnanasyny göz öňünde tutmak bilen saýlanylýar. Daýhan birleşiginiň başlygyny wezipesinden boşatmak hem şol…
16-njy madda
Daýhan birleşikleriniň döwlet häkimiýet edaralary we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara gatnaşyklary
1. Daýhan birleşikleri öz işinde özbaşdakdyr. 2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ygtyýar berilmedik bolsa, döwlet edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan daýhan birleşiginiň işine gatyşylmagyna ýol berilmeýär. 3. Welaýatlaryň we…
16¹-njy madda
Daýhan birleşikleri tarapyndan suwdan peýdalanylmagy
1. Daýhan birleşikleriniň oba hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligi olar tarapyndan döwlet suw hojalyk guramalary bilen baglaşylan şertnamalar esasynda amala aşyrylýar. 2. Daýhan birleşiklerine oba hojalyk hajatlary üçin suwaryş suwy…
17-nji madda
Daýhan birleşiginde zähmeti guramak
1. Daýhan birleşigi zähmeti we önümçiligi guramagyň görnüşlerini özbaşdak belleýär. 2. Daýhan birleşigini dolandyryjylar bilen onuň agzalarynyň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet hakyndaky kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär. 3.…
18-nji madda
Daýhan birleşiginde durmuş üpjünçiligi
1. Daýhan birleşigi öz agzalaryna zähmet we durmuş şertlerini, durmuş we saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşyny, durmuş üpjünçiligini döretmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alada edýär. 2. Daýhan birleşigi öz agzalary üçin…
19-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň daýhan birleşiginiň durmuş işine gatnaşmagy
Welaýatlaryň we etraplaryň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary daýhan birleşikleri bilen bilelikde oba ýerinde medeni-aň-bilim, bejeriş-sagaldyş, sport we durmuş çygrynyň beýleki desgalarynyň ulgamyny ösdürmek boýunça çäreleri…
20-nji madda
Daýhan birleşiginiň jogapkärçiligi
1. Daýhan birleşigi şertnamalaýyn, karz, hasaplaşyk, salgyt we beýleki borçnamalaryň bozulmagy üçin özüne degişli emlägi bilen jogapkärçilik çekýär. 2. Ýerden we beýleki tebigy baýlyklardan rejesiz peýdalanylyp, daşky gurşawyň hapalanylyp…