Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.08.2020 · № 261-VI
«Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
53 madda · 16 sahypa
53 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: • 1) adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi (mundan beýläk - halkara kömegi) - adatdan daşary ýagdaýy ýok etmekde we onuň netijelerini aradan aýyrmakda, heläkçilikden halas ediş,…
2-nji madda
Halkara kömeginiň hukuk esasy
Halkara kömeginiň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, halkara kömeginiň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanun adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda Türkmenistana halkara kömegini bermegiň, halkara kömegine mätäç daşary ýurt döwletine halkara kömeginiň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmeginiň, Türkmenistan tarapyndan daşary…
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary
Şu Kanunyň maksatlary şular bolup durýar: 1) halkara kömegi berlende döwlet edaralarynyň, hemaýatkär subýektleriň wezipelerini, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini bellemek; 2) Türkmenistan tarapyndan daşary ýurt döwletine halkara…
5-nji madda
Halkara kömegini bermegiň esasy ýörelgeleri
Halkara kömegini bermegiň esasy ýörelgeleri şular bolup durýarlar: 1) ynsanperwerlik; 2) bitaraplyk; 3) tarapgöýsüzlik; 4) meýletinlik; 5) elýeterlilik; 6) muzdsuzlyk; 7) dessinlik; 8) howpsuzlyk; 9) hyzmatdaşlyk.
6-njy madda
Halkara kömegini bermek çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrmak
Halkara kömegini bermek çygrynda döwlet düzgünleşdirmesi we gözegçiligi öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary (mundan beýläk - Döwlet topary),…
7-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti halkara kömegini bermek çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) şulary tassyklaýar: • a) Halkara kömegini bermegiň, almagyň we…
8-nji madda
Döwlet toparynyň ygtyýarlylygy
Döwlet topary halkara kömegini bermek çygrynda: 1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we özara hereket etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar; 2) adatdan daşary ýagdaýyň görnüşine we aýratynlygyna…
9-njy madda
Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
1. Ygtyýarlandyrylan edara halkara kömegini bermek çygrynda beýleki döwlet edaralarynyň özara ylalaşykly hereketlerini we işini utgaşdyrýan döwlet edarasy bolup durýar. 2. Ygtyýarlandyrylan edara: 1) halkara kömegini bermek çygrynda…
10-njy madda
Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary halkara kömegini bermek çygrynda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; 2) şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga…
11-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary halkara kömegini bermek çygrynda: 1) ilaty, maddy we medeni gymmatlyklary goramak üçin zerur güýçleriň we serişdeleriň taýýarlanylmagyny we taýýar ýagdaýda…
12-nji madda
Türkmenistana halkara kömeginiň berilmeginiň zerurlygyna baha bermek
1. Ygtyýarlandyrylan edara ýüze çykan adatdan daşary ýagdaý zerarly ýetirilen zyýanyň (zeleliň) aýratynlygyna, görnüşine we möçberine laýyklykda ýagdaýa seljeriş geçirip, Türkmenistana halkara kömeginiň berilmeginiň zerurlygyna baha…
13-nji madda
Türkmenistana halkara kömeginiň berilmegi hakynda ýüzlenme
1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Döwlet toparynyň çözgüdi esasynda Türkmenistana halkara kömeginiň berilmegi hakynda halkara hemaýatkär subýekte ýüzlenme iberýär. 2. Görkezilen ýüzlenme aýry-aýry halkara hemaýatkär subýektlere…
14-nji madda
Halkara kömeginiň berilmegi hakynda teklip we onuň kabul edilmegi
1. Türkmenistana halkara kömegini bermek üçin halkara hemaýatkär subýektler degişli teklibi Türkmenistana iberip bilerler. Türkmenistana halkara kömegi diňe şu maddada bellenilen tertipde, eger Türkmenistan tarapyndan görkezilen teklip…
15-nji madda
Türkmenistana halkara kömegini bermegiň başlanmagy
Türkmenistana halkara kömegini bermegiň başlanýan wagty diýlip, Türkmenistana halkara kömegini bermek boýunça ýüzlenmäniň resmi metbugatda çap edilen güni ýa-da şu Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda, halkara hemaýatkär subýekt tarapyndan…
16-njy madda
Türkmenistana halkara kömegini bermegiň tamamlanmagy
1. Ygtyýarlandyrylan edara Türkmenistana halkara kömegini bermek boýunça zerurlygyň iň soňky baha berilmesinden, şeýle hem halkara hemaýatkär subýekt bilen geňeşmeleriň netijesinden ugur alyp, halkara kömegini bermegiň zerurlygynyň aradan…
17-nji madda
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň halkara goldawy
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz işiniň esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Döwlet topary bilen ylalaşylmagy esasynda Gyzyl Haçyň Halkara Komitetinden, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý…
18-nji madda
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň halkara goldawy
1. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine halkara kömegini bermek hakynda öz başlangyjy boýunça teklibini iberip…
19-njy madda
Döwlet edaralarynyň hemaýatkär subýektler bilen özara ylalaşykly hereketleri
1. Ygtyýarlandyrylan edara Döwlet topary bilen hemaýatkär subýektleriň arasynda baş utgaşdyryjy merkez bolup hyzmat edýär we halkara kömeginiň berlişine netijeli ýardamy, utgaşdyrmagy we gözegçiligi üpjün edýär. 2. Adatdan daşary ýagdaýy…
20-nji madda
«Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara kömegini bermek boýunça iş toparlary
1. Dessin özara ylalaşykly hereket etmek we Türkmenistana gelýän halkara işgärler toparyny, harytlary, üpjünçilik närselerini, enjamlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň Döwlet serhedinden ýeňilleşdirilen we tizleşdirilen tertipde…
21-nji madda
Halkara hemaýatkär subýektleriň esasy borçlary
1. Halkara hemaýatkär subýektler Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge we kömek berilýän ilatyň medeni, ruhy däp-dessurlaryna we özboluşlylygyna hormat goýmaga borçludyrlar. 2. Halkara hemaýatkär subýektler ýerli işgärler toparyny…
22-nji madda
Adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmak
1. Kömek berýän hemaýatkär subýektler adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmaga, hususan-da, adatdan daşary ýagdaýy we onuň getiren netijelerini aradan aýyrmakda halkara kömegini bermek boýunça öz…
23-nji madda
Üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň hiline kepillikler
1. Üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň hili döwlet standartlaryna we halkara kadalaryna laýyk gelmelidir. 2. Hemaýatkär subýektler özleri tarapyndan berilýän harytlaryň, üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň adatdan daşary ýagdaýda…
24-nji madda
Ulanmaga ýaramsyz üpjünçilik närselerini we gaýry galyndylary alyp gitmek, ýok etmek ýa-da gaýtadan ulanmak
1. Hemaýatkär subýektler halkara kömegini bermek üçin olar tarapyndan getirilýän, ýaramsyz bolan ýa-da ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa gelen üpjünçilik närseleriniň, şeýle hem islendik başga galyndylaryň, şol sanda halkara kömegini ýa-da…
25-nji madda
Hukuga eýe subýektlere hukuk ýeňilliklerini bermek
1. Şu Kanunyň VII we VIII baplarynda görkezilen hukuk ýeňillikleri diňe hukuga eýe subýektlere berilýär we diňe halkara kömeginiň hem-de hyzmatlarynyň edilýän döwrüniň dowamynda hereket edýär. 2. Şu Kanunyň 28-nji maddasyna laýyklykda,…
Öňki
1 / 3
Indiki