Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.08.2020 · № 259-VI
«Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
29 madda · 12 sahypa
29 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) hukuk bozulmasy - jenaýat ýa-da administratiw jogapkärçiligine çekilmegine getirýän hukuga garşy etmiş (hereket, hereketsizlik) bolup durýan jenaýat ýa-da administratiw…
2-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň ýörelgeleri
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak şu ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar: 1) hukuk bozulmalarynyň öňüni almak amala aşyrylanda adamyň we raýatyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň ileri tutulmagy; 2) kanunylyk; 3) hukuk…
4-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri
1. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Baş prokuraturasy, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy,…
5-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň esasy ugurlary
1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak şu esasy ugurlar boýunça amala aşyrylýar: 1) hukuga garşy kast etmelerden şahsyýeti, jemgyýeti we döwleti goramak; 2) hukuk bozulmalaryny duýdurmak; 3) hukuk bozulmalaryny etmäge meýilli adamlaryň öňüni…
6-njy madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; • 2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; • 3) döwlet maksatnamalarynyň işlenip…
7-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň ygtyýarlyklary
1. Döwlet edaralary hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler, hukuk bozulmalarynyň sebäplerini we olaryň edilmegine ýardam edýän şertleri ýüze çykarýarlar we olary aradan aýyrmak boýunça…
8-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň hukuklary
1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşmaga hukugy bardyr. 2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga…
9-njy madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslaryň borçlary
1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri we hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy amala aşyranlarynda şulara borçludyrlar: 1) hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň meselelerini…
10-njy madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň görnüşleri
1. Hukuk bozulmalarynyň umumy öňüni almak hukuk bozulmalaryny döredýän sebäpleri, hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän ýa-da olaryň edilmegini ýeňilleşdirýän şertleri ýüze çykarmaga we aradan aýyrmaga, şeýle hem raýatlaryň hukuk…
11-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy amala aşyrmak üçin esaslar
1. Hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän durmuş, ykdysady, hukuk we beýleki sebäpler hem-de şertler dörän halatynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan hukuk…
12-nji madda
Öňüni alyş taýdan täsir etmegiň usullary
1. Öňüni alyş taýdan täsir etmek şu usullarda amala aşyrylyp bilner: 1) hukuk taýdan aň-bilim bermek we hukuk babatda habarly etmek; 2) öňüni alyş maksatly söhbetdeşlik; • 3) hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere…
13-nji madda
Hukuk taýdan aň-bilim bermek we hukuk babatda habarly etmek
Hukuk taýdan aň-bilim bermek we hukuk babatda habarly etmek maksady bilen, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleri ýa-da hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga gatnaşýan şahslar adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň,…
14-nji madda
Öňüni alyş maksatly söhbetdeşlik
Öňüni alyş maksatly söhbetdeşlik hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alşyň çäreleri ulanylýan adama onuň jemgyýetiň, döwletiň öňündäki ahlak we hukuk jogapkärçiliginiň, jemgyýete garşy özüni alyp barşyny dowam etdirmeginiň durmuş we hukuk…
15-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryşyň yglan edilmegi
1. Hukuk bozulmalarynyň edilmegi üçin şertleri döredýän hereketlere ýol berilmezligi ýa-da jemgyýete garşy özüňi alyp barşyň dowam etdirilmegine ýol berilmezligi barada resmi duýduryş hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleri…
16-njy madda
Öňüni alşyň hasabyny ýöretmek
1. Öňüni alşyň hasabyny ýöretmek hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýektleriniň işiniň maglumat üpjünçiligi üçin niýetlenendir. 2. Öňüni alşyň hasabyny ýöretmek, şol sanda awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamlarynyň ulanylmagy bilen hukuk…
17-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnama bermek
1. Hukuk bozulmalarynyň edilmegine ýardam edýän sebäpler we şertler ýüze çykarylan halatynda, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edilen hukuk bozulmalarynyň öňüni almagyň subýekti degişli kärhanalara, edaralara, guramalara…
18-nji madda
Öňüni alyş gözegçiligi
Öňüni alyş gözegçiligi öňüni alşyň hasabynda duran adamyň özüni alyp barşyna we onuň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirilmeleri berjaý edişine gözegçilik etmekden ybaratdyr.
19-njy madda
Durmuşa uýgunlaşdyrmak
1. Durmuşa uýgunlaşdyrmak agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlara olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň amala aşyrylmagyna ýardam etmäge, şeýle hem zähmet we durmuş taýdan ugrukdyrylmagyna kömek bermäge gönükdirilen çäreleriň toplumydyr. 2.…
20-nji madda
Durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşdyrmak
Durmuşyň adaty şertlerine gaýtadan uýgunlaşdyrmak azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jeza çäresini çeken we (ýa-da) gaýry jenaýat-hukuk täsir ediş çärelerine sezewar edilen adamlary jemgyýete gaýtadan utgaşykly goşmak maksady bilen, öz…
21-nji madda
Durmuş taýdan dikeltmek
1. Durmuş taýdan dikeltmek agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlaryň ýitiren durmuş gatnaşyklaryny dikeltmek boýunça çäreleriň jemidir. 2. Agyr durmuş ýagdaýyndaky adamlary durmuş taýdan dikeldiş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şular…
22-nji madda
Hukuk bozulmalaryndan ejir çeken ýa-da şeýle ejir çekmek töwekgelçiligine sezewar edilen adamlara kömek bermek
Hukuk bozulmalaryndan ejir çeken ýa-da şeýle ejir çekmek töwekgelçiligine sezewar edilen adamlara kömek bermek hukuk bozulmalarynyň netijelerini iň pes möçbere getirmek ýa-da hukuk bozulmalaryndan ejir çeken bolunmagynyň töwekgelçiligini…
23-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleri ulanylýan adamlaryň hukuklary
Hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleri ulanylýan adamlaryň şulara hukuklary bardyr: 1) olar babatda hukuk bozulmalarynyň hususy öňüni alyş çäreleriniň ulanylmagynyň esaslary we sebäpleri, şeýle hem olar babatda ulanylýan hukuk…
24-nji madda
Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz, garawsyz galdyrylmagynyň we olaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak
• • Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň gözegçiliksiz, garawsyz galdyrylmagynyň we olaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň öňüni almak şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
25-nji madda
Hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamynyň işleýşi
1. Hukuk bozulmalarynyň öňüni alyş ulgamynyň işlemegi hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda döwlet maksatnamalarynyň esasynda amala aşyrylýar. 2. Hukuk bozulmalarynyň öňüni almak çygrynda döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegi…
Öňki
1 / 2
Indiki