Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
01.02.2005 · № 5-III
«Ýaşlaryň zähmete bolan hukugynyň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
5 madda · 2 sahypa
5 madda
1-nji madda
On sekiz ýaşa ýetmedik adamlar bilen zähmet şertnamalaryny baglaşmaga ýol berilmeýär (muňa Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda olar bilen zähmet şertnamasyny baglaşmaga ýol berilýän aýratyn halatlar degişli däldir).
2-nji madda
Iş berijilere - guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslara we fiziki şahslara on sekiz ýaşyna ýetmedik işgärleriň zähmetini zähmet şertleri zyýanly we (ýa-da) howply (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn howply)…
3-nji madda
Ata-enelere ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlara on sekiz ýaşyna ýetmedik çagalaryny hemişelik işlenilýän işlerde, aýratyn-da çagalaryň okuwdan alnyp galynmagy bilen baglanyşykly işlerde ulanmak çaganyň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk…
4-nji madda
On sekiz ýaşa ýetmedik ýaşlaryň zähmetini goramak bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek borjy Türkmenistanyň Zähmet kodeksine laýyklykda iş beriji diýlip ykrar edilýän hemme iş berijilere degişlidir.
5-nji madda
On sekiz ýaşa ýetmedik çagalaryň, olaryň saglygyna ýa-da ahlak ösüşine zyýanly bolmadyk zähmet işi, onuň haýsy görnüşde amala aşyrylýanlygyna, wagtlaýynlygyna ýa-da möwsümleýinligine garamazdan, olaryň umumy orta bilim almagyna päsgel…