Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.12.2014 · № 160-V
«Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
60 madda · 37 sahypa
60 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ýerasty baýlyklar - toprakly gatlakdan aşakda ýerleşen, onuň ýok ýerinde bolsa, ýer üstünden aşakda we geologik taýdan öwrenmek hem-de özleşdirmek üçin baryp bolýan çuňluklara çenli…
2-nji madda
Ýerasty baýlyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Ýerasty baýlyklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri
1. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň bähbitlerini goramagy üpjün etmek, şeýle hem ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hukuklaryny we tebigy serişdeleri goramak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirmek şu…
4-nji madda
Ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň we goramagyň esasy ýörelgeleri
Ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak şu aşakdaky esasy ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar: 1) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmegiň doly ýeterlikliligi we toplumlaýynlygy; 2) ýerasty baýlyklary rejeli we netijeli…
5-nji madda
Ýerasty baýlyklara bolan eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň ähli çägindäki, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki tebigy ýagdaýyndaky ýerasty baýlyklar we olaryň serişdeleri, Türkmenistanyň halkynyň umumymilli gazananlary we aýratyn döwlet eýeçiliginde bolup durýar hem-de…
6-njy madda
Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda döwlet dolandyryşyny we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
1. Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda döwlet dolandyryşy we gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ýerine ýetiriji…
7-nji madda
Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) ýerasty baýlyklary peýdalanmak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär we durmuşa geçirýär, ýerasty baýlyklary geologik taýdan toplumlaýyn öwrenilmegini üpjün edýär, döwlet maksatnamalaryny…
8-nji madda
Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Geologiýa babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy: 1) ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek boýunça işleriň geçirilmegini, Türkmenistanyň çäklerindäki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýataklaryny gözlemek we barlamak boýunça…
9-njy madda
Ýerasty baýlyklary peýdalanmak hem-de goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary: 1) özüniň garamagyndaky çäklerdäki ýerasty baýlyklaryň bölekleri peýdalanylmaga berlen mahalynda, ilatyň ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan bähbitleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly…
10-njy madda
Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak boýunça çärelere gatnaşmagy
1. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak babatda öz işlerini amala aşyran mahalynda şu aşakdakylara gatnaşýarlar: 1) ýerasty baýlyklary peýdalanmak we goramak meseleleri boýunça kadalaşdyryjy…
11-nji madda
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň görnüşleri
1. Ýerasty baýlyklar peýdalanmaga şu aşakdakylar üçin berilýär: 1) aýratyn dag-geologiýa we beýleki ölçeg möçberlerini anyklamak, mineral-çig maly gazyp çykarmagyň netijeli usullaryny saýlamak maksady bilen bu işleri geçirmegiň…
12-nji madda
Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylar
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan fiziki we ýuridik şahslar ýerasty baýlyklarynyň peýdalanyjylary bolup bilerler.
13-nji madda
Ýerasty baýlyklaryň ýer böleklerinden peýdalanmagyň möhletleri
1. Ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri belli bir möhlete ýa-da möhleti çäklendirilmän peýdalanmaga berilýär. 2. Ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleri belli bir möhlete peýdalanmaga şu aşakdakylar üçin berilýär: 1) geologik taýdan öwrenmek - 6…
14-nji madda
Ýerasty baýlyklary peýdalanmaga bermek
1. Şu Kanunyň maksatlary üçin ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugy ygtyýarnamanyň esasynda ýüze çykýar. Ygtyýarnamada dag-magdan bölünip berilýän ýeriň çäklerinde (gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýatagyny özleşdirmegiň çuňlugyna…
15-nji madda
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga çäklendirmeler
1. Ýerasty baýlyklaryň aýratyn ýer böleklerinden peýdalanmak şu aşakdaky maksatlar bilen çäklendirilip ýa-da gadagan edilip bilner: 1) ekologiýa taýdan durnuklylygy gorap saklamak we daşky gurşawy goramak; 2) milli howpsuzlygy üpjün…
16-njy madda
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak babatda ygtyýarlylandyrma
1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak babatda ygtyýarlylandyrma ygtyýarlylandyrmak barada Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen halatlarda, ýerasty…
17-nji madda
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak babatda işiň şertnamalaýyn şertleri
1. Şu Kanunyň 11-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň görnüşleri, ýerasty baýlyklardan peýdalanmaga şertnamalaryň baglaşylmagy esasynda amala aşyrylýar. 2. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin şertnamalaryň…
18-nji madda
Ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň standartlaşdyrylmagy we sertifikatlaşdyrylmagy
Ýerasty baýlyklary peýdalanmagyň standartlaşdyrylmagy we sertifikatlaşdyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
19-njy madda
Şahsy hojalyk we durmuş hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin ýerasty baýlyklardan peýdalanmagyň aýratynlyklary
1. Ýer eýeleri we ýer böleklerini peýdalanyjylar özleriniň bölekleriniň çäklerinde, öz garaýşy boýunça, şu aşakdakylara hukuklary bardyr: 1) partlaýyş işlerini ulanmazdan, döwlet balansynda hasapda durmaýan we bäş metrden çuň bolmadyk…
20-nji madda
Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň hukuklary we borçlary
1. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) ygtyýarnamada we şertnamada bellige alnan şertlere laýyklykda öz ygtyýaryna berlen ýerasty baýlyklarynyň böleginiň çäklerinde ýerasty baýlyklardan peýdalanmak boýunça…
21-nji madda
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugyny bes etmegiň tertibi
1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak hukugynyň bes edilmegi şu aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar: 1) döwlet we jemgyýetçilik hajatlary üçin ýerasty baýlyklaryň ýer bölekleriniň alnan halatynda, bu hakynda ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja…
22-nji madda
Ýerasty baýlyklaryň ýanaşyk ýerlerini peýdalanyjylaryň özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirme
1. Ýerasty baýlyklaryň ýanaşyk ýer böleklerini peýdalanyjylaryň özara gatnaşyklary şertnamalar bilen düzgünleşdirilýär. Iki ýa-da şondan-da köp dag-magdan bölünip berlen ýerleriň arasynda bar bolan ýeriň ýa-da ýerasty baýlyklaryň ýer…
23-nji madda
Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň hukuklaryny gorama
1. Ýerasty baýlyklaryny peýdalanyja şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda onuň hukuklarynyň goragy kepillendirilýär. 2. Şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna girizilýän,…
24-nji madda
Ýerasty baýlyklardan peýdalanylan mahalynda monopoliýa garşy talaplar
Döwlet edaralarynyň, şeýle hem ýerasty baýlyklaryny peýdalanyjylaryň islendiginiň şu aşakdakylara gönükdirilen hereketleri gadagan edilýär ýa-da bellenilen tertipde hukuksyz diýlip ykrar edilýär: 1) ýerasty baýlyklardan peýdalanmak…
25-nji madda
Ýerasty baýlyklary goramagyň wezipeleri
Ýerasty baýlyklary goramak şu aşakdaky wezipeleriň çözülmegine gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, ykdysady, tehnologik, ekologik we beýleki çäreleriň ulgamyny öz içine alýar: 1) gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň we ugurdaş düzüm bölekleriň…
Öňki
1 / 3
Indiki