Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Karz birleşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.08.2011 · № 208-IV
«Karz birleşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
30 madda · 7 sahypa
30 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) karz birleşmesi - her bir gatnaşyjysynyň onuň işine şahsy gatnaşmagyna esaslanýan we olaryň pul serişdeleriniň özara karzlaşdyrmak we öz gatnaşyjylaryna beýleki maliýe hyzmatlaryny etmek…
2-nji madda
Türkmenistanyň karz birleşmeleri hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň karz birleşmeleri hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda
Karz birleşmesiniň işiniň esasy ýörelgeleri
Karz birleşmesiniň işi şu ýörelgelere esaslanýar: 1) bähbitleriň umumylygy, deňhukukly meýletin agzalyk we özara ynanyşmak; 2) aýanlyk; 3) gatnaşyjylaryň karz birleşmesini dolandyrmaga şahsy gatnaşmagy; 4) hojalyk özbaşdaklygy.
4-nji madda
Karz birleşmesiniň döwlet edaralary bilen gatnaşyklary
1. Karz birleşmesi döwletiň borçnamalary boýunça jogap bermeýär we döwlet karz birleşmesiniň borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekmeýär. 2. Karz birleşmesi özüniň gündelik işi bilen baglanyşykly çözgütlerini kabul eden mahalynda döwlet…
5-nji madda
Karz birleşmesiniň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Karz birleşmesiniň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň raýatlary karz birleşmesiniň esaslandyryjylary (gatnaşyjylary) (mundan…
6-njy madda
Karz birleşmeleriniň birleşikleri (assosiasiýalary)
1. Karz birleşmeleri öz gatnaşyjylarynyň bähbitlerini goramak we olara wekilçilik etmek, olaryň işini utgaşdyrmak we başga bilelikdäki wezipeleri çözmek üçin peýda almak maksadyny yzarlamaýan birleşikleri (assosiasiýalary) döredip…
7-nji madda
Karz birleşmesiniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy
Karz birleşmesiniň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
8-nji madda
Karz birleşmesiniň gatnaşyjylary
1. Gatnaşyjylaryň karz birleşmesine kabul edilmeginiň tertibi karz birleşmesiniň Müdiriýeti tarapyndan kesgitlenilýär. Bir karz birleşmesiniň gatnaşyjysy beýleki karz birleşmesiniň gatnaşyjysy bolup bilmez. 2. Karz birleşmesi öz…
9-njy madda
Karz birleşmesinden çykmak
1. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysynyň karz birleşmesiniň öňünde borçnamalary bolmadyk halatynda ondan çykmaga hukugy bardyr. Şonda ol öz paý gatanjyny alyp ýa-da razylyk boýunça ony karz birleşmesiniň başga gatnaşyjysyna…
10-njy madda
Karz birleşmesinden çykarylmak
1. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysy şu Kanunda bellenilen borçnamalary ýerine ýetirmedik halatynda karz birleşmesiniň Müdiriýetiniň çözgüdi bilen karz birleşmesinden çykarylyp bilner. 2. Karz birleşmesinden çykarmak hakyndaky çözgüde…
11-nji madda
Karz birleşmesi tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşleri
Karz birleşmesi Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasy esasynda öz gatnaşyjylaryna möhletlilik, gaýtarylmak we töleglilik şertlerinde karzlary berip we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bank däl karz edaralary üçin bellenilen…
12-nji madda
Karz birleşmesiniň hyzmatlaryndan peýdalanyjylar
1. Diňe karz birleşmesiniň gatnaşyjylary onuň hyzmatlaryndan peýdalanyjylar bolup bilýärler. 2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, karz birleşmesiniň öz gatnaşyjylary bilen özara gatnaşyklary hyzmatlary etmek…
13-nji madda
Borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi
Karz birleşmesi karzlary borçnamanyň Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşlerinde ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi, şonuň ýaly-da üpjün edilmezligi (ynanyşykly karz) şertlerinde berip biler.
14-nji madda
Karz birleşmesiniň esaslyk maýasy
1. Karz birleşmesiniň esaslyk maýasy onuň gatnaşyjylarynyň pul görnüşindäki paý gatançlarynyň möçberinden emele gelýär. Gatnaşyjynyň karz birleşmesine girendäki onuň esaslyk maýasyna paý gatanjynyň möçberi, ony girizmegiň tertibi we…
15-nji madda
Karz birleşmesiniň esaslyk maýasynyň köpeldilmegi ýa-da azaldylmagy
Karz birleşmesiniň esaslyk maýasynyň köpeldilmegi ýa-da azaldylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
16-njy madda
Karz birleşmesiniň hukuklary we borçlary
1. Karz birleşmesiniň şulara hukugy bardyr: 1) karz birleşmesiniň gatnaşyjylarynyň pul serişdelerini esaslyk maýasyna paý gatanjy hökmünde çekmäge; 2) öz gatnaşyjylaryna karz birleşmesiniň Tertipnamasynda göz öňünde tutulan tertipde…
17-nji madda
Karz birleşmesiniň gatnaşyjylarynyň hukuklary we borçlary
1. Karz birleşmesiniň gatnaşyjysynyň şulara hukugy bardyr: 1) karz birleşmesiniň hyzmatlaryndan peýdalanmaga; 2) karz birleşmesiniň işiniň meseleleri boýunça çözgütleri kabul etmäge gatnaşmaga; 3) karz birleşmesiniň Tertipnamasyna…
18-nji madda
Karz birleşmesiniň we onuň gatnaşyjylarynyň jogapkärçiligi
1. Karz birleşmesi öz borçnamalary boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jerime salnyp bilinjek ähli özüne degişli emlägi bilen jogapkärçilik çekýär. 2. Karz birleşmesiniň gatnaşyjylary karz birleşmesiniň borçnamalary boýunça…
19-njy madda
Karz birleşmesiniň dolandyryş edaralary
1. Karz birleşmesini dolandyrmak şu edaralar tarapyndan amala aşyrylýar: 1) gatnaşyjylarynyň umumy ýygnagy; 2) ýeke-täk (karz birleşmesiniň Başlygy) we (ýa-da) kollegial (karz birleşmesiniň Müdiriýeti) ýerine ýetiriji edaralar. 2.…
20-nji madda
Karz birleşmeleriniň işiniň esasy düzgünleri
Karz birleşmesi öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ygtyýarnamasyna hem-de öz Tertipnamasyna laýyklykda özbaşdaklykda guraýar we amala aşyrýar.
21-nji madda
Karz birleşmesiniň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
1. Karz birleşmesiniň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda…
22-nji madda
Karz birleşmesiniň işiniň bank tarapyndan düzgünleşdirilmegi we bank gözegçilik barlagy
1. Karz birleşmesiniň işiniň bank tarapyndan düzgünleşdirilmegi we bank gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň Merkezi banky karz birleşmesiniň…
23-nji madda
Karz birleşmesine salgyt salynmagy
Karz birleşmesine salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
24-nji madda
Karz birleşmelerinde buhgalterçilik hasaba alnyşy we hasabatlylyk
1. Karz birleşmesiniň maliýe ýyly diýip 1-nji ýanwardan 31-nji dekabry öz içine alýan döwür (senenama ýyly) bellenilýär. 2. Karz birleşmeleri buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýöretmegi, maliýe we statistik hasabatlylygynyň düzülmegini we…
25-nji madda
Karz birleşmeleri tarapyndan resminamalaryň hasaba alnyşy we saklanylyşy
Karz birleşmeleri resminamalaryň pugta hasaba alynmagyny we saklanylmagyny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üpjün etmäge borçludyr.
Öňki
1 / 2
Indiki