Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
08.11.2014 · № 138-V
«Auditorçylyk işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
32 madda · 17 sahypa
32 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) audit - maliýe hasabatlylygynda bar bolan maglumatlaryň ygtybarlylygynyň we dolulygynyň derejesini we onuň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelýändigini kesgitlemek hem-de barlagyň…
2-nji madda
Türkmenistanyň auditorçylyk işi hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň auditorçylyk işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň auditorçylyk işi babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň halkara…
3-nji madda
Auditorçylyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) auditorçylyk babatda işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
4-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti auditorçylyk işi babatda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) auditorçylyk işini ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny tassyklaýar; 3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 4) Türkmenistanyň…
5-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara auditorçylyk işi babatda: 1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) auditorçylyk işiniň ösdürilmeginiň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony tassyklamak üçin Türkmenistanyň Ministrler…
6-njy madda
Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärleriň-fiziki şahslaryň hünär synagy
1. Auditorçylyk işi bilen meşgullanmak isleýän fiziki şahslaryň degişli bilimleriniň, olaryň auditor hünärine bildirilýän talaplara laýyk gelýändigini barlamak, şeýle hem auditorlaryň hünär derejesini tassyklamak, auditorlaryň hünär…
7-nji madda
Toparyň ygtyýarlylygy
1. Topar öz işini ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýan Düzgünnama laýyklykda amala aşyrýar we oňa tabyndyr. 2. Topar: 1) auditoryň hünär derejeli şahadatnamasyny almak üçin dalaşgärleriň hünär synagyny guraýar we geçirýär; 2)…
8-nji madda
Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy
1. Auditoryň hünär derejeli şahadatnamasy fiziki şahsyň auditor hökmünde hünär taýdan ukyplylygyny tassyklaýan resminama bolup durýar. 2. Auditoryň hereket edýän hünär derejeli şahadatnamasynyň bolmagy auditorçylyk işiniň amala…
9-njy madda
Auditorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy we oňa salgyt salynmagy
Auditorçylyk işiniň ygtyýarlylandyrylmagy we oňa salgyt salynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
10-njy madda
Auditorçylyk işiniň esasy ýörelgeleri
Şular auditorçylyk işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar: 1) garaşsyzlyk; 2) obýektiwlilik; 3) hünär taýdan başarjaňlyk; 4) ýaşyrynlyk; 5) dogruçyllyk; 6) auditiň milli standartlaryny we Auditoryň hünärmençilik edebiniň kadalaryny berjaý…
11-nji madda
Auditorçylyk işiniň esasy düzgünleri
1. Türkmenistanda auditorçylyk işini diňe Türkmenistanyň dahyllylary-auditorlar we auditorçylyk guramalary amala aşyryp biler, şu Kanunyň 4-nji maddasynyň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir. 2. Auditorçylyk işi…
12-nji madda
Auditor
1. Auditoryň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) auditorçylyk guramasynyň wezipe birliginiň işgäri (auditory) hökmünde ýa-da auditorçylyk guramasy bilen baglaşylan raýat-hukuk häsiýetli şertnamanyň esasynda auditiň amala aşyrylmagyna…
13-nji madda
Auditorçylyk guramasy
1. Auditorçylyk guramasy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde, şu guramaçylyk-hukuk görnüşlerinde döredilip bilner: hususy kärhana, hojalyk jemgyýeti (şereketi), bilelikdäki kärhana, ýapyk görnüşli paýdarlar…
14-nji madda
Auditiň görnüşleri
1. Audit hökmany we başlangyçly bolup biler. 2. Şu aşakdakylar babatynda audit hökmany bolup durýar: 1) ykdysadyýetiň şu aşakdakylary amala aşyrýan subýektleri: a) bank işini; b) gymmatly kagyzlar bazarynda hünär işini; ç) birža…
15-nji madda
Auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň görnüşleri
1. Özbaşdak auditorlar we auditorçylyk guramalary auditorçylyk işiniň ugry boýunça şu aşakdaky hyzmatlary edip bilerler: 1) maliýe hasabatlylygyny düzmekligi: a) buhgalterçilik hasaba alnyşyny ýola goýmaklygy, dikeltmekligi; b) maliýe we…
16-njy madda
Auditi geçirmek üçin şertnama. Auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnama
1. Auditiň geçirilmegi we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi şertnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. 2. Auditi geçirmek üçin şertnama we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnama bellenilen…
17-nji madda
Auditorçylyk hasabaty we auditorçylyk netijenamasy
1. Auditorçylyk hasabaty geçirilen auditiň netijeleri boýunça şu Kanuna we auditiň milli standartlaryna laýyklykda düzülýär. 2. Auditorçylyk hasabatynda şu aşakdakylar bolmalydyr: 1) hasabatyň ady; 2) audit geçirilýän subýekt barada…
18-nji madda
Auditiň milli standartlary we Auditoryň hünärmençilik edebiniň kadalary
1. Auditiň milli standartlary auditiň halkara standartlaryna laýyklykda işlenip düzülýär we Türkmenistanda auditorçylyk işiniň amala aşyrylmagynyň, auditiň we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň resmileşdirilmeginiň we hiline baha…
19-njy madda
Auditorlaryň we auditorçylyk guramalarynyň garaşsyzlygy
1. Özbaşdak auditorlar we auditorçylyk guramalary audit geçirilende we auditorçylyk hasabaty hem-de auditorçylyk netijenamasy düzülende döwlet edaralaryndan, audit geçirilýän subýektden garaşsyzdyrlar. 2. Auditorlar auditorçylyk…
20-nji madda
Bähbitleriň gabat gelmezligi
1. Audit şu auditorçylyk guramalary tarapyndan amala aşyrylyp bilinmeýär: 1) olaryň wezipeli adamlary audit geçirilýän subýektiň esaslandyryjylary (paýdarlary) bolup durýan bolsalar; 2) olaryň ýolbaşçylary, beýleki wezipeli adamlary we…
21-nji madda
Auditorçylyk syry
1. Auditorçylyk syry - auditi geçirmek üçin şertnama ýa-da auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlaryň edilmegi üçin şertnama ýerine ýetirilende auditor, auditorçylyk guramasy tarapyndan alnan, audit geçirilýän subýektleriň amallary…
22-nji madda
Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň hukuklary we borçlary
1. Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň auditorçylyk işini amala aşyranlarynda şu aşakdakylara hukuklary bardyr: 1) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, auditiň milli standartlaryna laýyklykda…
23-nji madda
Audit geçirilýän subýektiň hukuklary we borçlary
1. Audit geçirilýän subýektiň şu aşakdakylara hukuklary bardyr: 1) şu Kanunyň 20-nji maddasynyň talaplaryny hasaba almak bilen, auditi geçirmek we auditorçylyk işiniň ugry boýunça hyzmatlary etmek üçin özbaşdak auditory ýa-da auditorçylyk…
24-nji madda
Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň işiniň hiline gözegçilik
1. Özbaşdak auditorlaryň, auditorçylyk guramalarynyň işiniň hiline gözegçilik etmek (mundan beýläk - hil gözegçiligi) olar tarapyndan Türkmenistanyň auditorçylyk işi babatda kanunçylygynyň, auditiň milli standartlarynyň talaplarynyň, şeýle…
25-nji madda
Auditorçylyk guramalarynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça borçlary
Auditorçylyk guramalary jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda Türkmenistanyň…
Öňki
1 / 2
Indiki