Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.08.2011 · № 210-IV
«Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
19 madda · 6 sahypa
19 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary (mundan beýläk - diplomatik wekilhanalar) bolýan döwleti bilen resmi döwletara gatnaşyklary saklamak, Türkmenistanyň we onuň raýatlarynyň hukuklaryna we bähbitlerine…
2-nji madda
Diplomatik wekilhanalar Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň esasynda döredilýär. Bu barada deslapky ylalaşyk daşary ýurt döwletleri bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn resminamalarynyň (şertnamalaryň, ylalaşyklaryň, teswirnamalaryň,…
3-nji madda
Diplomatik wekilhanalar öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, Türkmenistanyň kanunlaryndan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen…
4-nji madda
Diplomatik wekilhanalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ulgamyna girýärler. Diplomatik wekilhanalar öz işinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine hasabat…
5-nji madda
Diplomatik wekilhanalar ilçihanalara we missiýalara bölünýär. Türkmenistanyň ilçihanalaryna Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri baştutanlyk edýärler. Türkmenistanyň missiýalaryna Türkmenistanyň wekilleri,…
6-njy madda
Diplomatik wekilhanalaryň personalynyň sany Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Zerur halatynda Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň personalynyň sany hakyndaky…
7-nji madda
Diplomatik wekilhanalar aşakdaky işleri amala aşyrýarlar: 1) bolýan döwletinde Türkmenistana wekilçilik edýärler; 2) bolýan döwleti we halkara guramalary bilen Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma…
8-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary (adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçiler, wekiller, işleri ynanylanlar we halkara guramalarynyň ýanyndaky hemişelik wekiller) olaryň bellenilýän daşary ýurt döwletiniň razylygy (agreman) bellenilen…
9-njy madda
Diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary we diplomatik personalynyň agzalary diňe Türkmenistanyň raýatlary bolup bilerler. Diplomatik wekilhananyň dolandyryş-tehniki we hyzmat ediji personalynyň agzalary bolýan döwletiniň raýatlary ýa-da…
10-njy madda
Türkmenistanyň ilçileri we wekilleri bolýan döwletindäki hereket edýän tejribä baglylykda şol döwletde öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýärler, hususan-da: 1) ynanç hatyny ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň hatyny gowşuran pursadyndan…
11-nji madda
Diplomatik wekilhananyň baştutanynyň we beýleki agzalarynyň bellenilen döwletindäki işi şu halatlarda bes edilýär: 1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde işden boşanda; 2) aradan çykanda; 3) bolýan döwletinde ol persona non…
12-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary: 1) Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan çykyş edýärler we hereket edýärler; 2) diplomatik wekilhanalaryň işini guraýarlar we ugrukdyrýarlar; 3) bolýan ýurdunyň döwlet…
13-nji madda
Eger bolýan döwletiniň islendigi tarapyndan garşylyk bildirilmese, diplomatik wekilhananyň baştutany şol bir wagtyň özünde daşary ýurt döwletleriniň birinde ýa-da birnäçesinde şol wezipä bellenilip bilner. Diplomatik wekilhananyň…
14-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanynyň we diplomatik personalynyň agzalarynyň şulara hukugy ýokdur: 1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga, beýleki hak tölenilýän iş bilen meşgullanmaga; 2) özüniň ýa-da ynanylan adamlarynyň…
15-nji madda
Eger bolýan döwleti bilen Türkmenistanyň ikitaraplaýyn ylalaşyklarynda başgaça bellenilmedik bolsa, diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we agzalary, şonuň ýaly-da olaryň maşgala agzalary, dolandyryş-tehniki we hyzmat ediji personalyň…
16-njy madda
Diplomatik wekilhanalar ýuridik şahsdyrlar we olaryň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen hem-de Türkmenistanyň döwlet dilinde we iňlis dilinde öz atlary ýazylan möhri bardyr.
17-nji madda
Diplomatik wekilhananyň edara binasynda we Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň rezidensiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar, şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we Türkmenistanyň…
18-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň emlägi Türkmenistanyň eýeçiligidir.
19-njy madda
Şu Kanun onuň resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 1996-njy ýylyň 18-nji iýunynda kabul edilen "Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň…