Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
21.05.2011 · № 199-IV
«Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
32 madda · 9 sahypa
32 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) mikrokarz - mikromaliýe guramasy tarapyndan karz şertamasy boýunça möhletlilik we gaýtarylmak, şertnamada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda bolsa - töleglilik şertlerinde karz alyja berilýän,…
2-nji madda
Türkmenistanyň mikromaliýeleşdirme hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň mikromaliýeleşdirme hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary we esasy wezipeleri
1. Türkmenistanda maliýe hyzmatlarynyň bazaryny mundan beýläk hem ösdürmek, ilatyň iş bilen üpjünçilik derejesini ýokarlandyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar. 2. Şu Kanunyň esasy wezipeleri: 1)…
4-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň döwlet edaralary we Türkmenistanyň Merkezi banky bilen gatnaşyklary
1. Mikromaliýe guramasy öz işini öz Tertipnamasyna laýyklykda özbaşdaklykda guraýar we amala aşyrýar, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeler muňa degişli däldir. 2. Mikromaliýe guramasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň…
5-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Mikromaliýe guramasynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar. 2. Mikromaliýe guramalary ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti görnüşinde döredilýärler. 3.…
6-njy madda
Mikromaliýe guramasy tarapyndan edilýän hyzmatlaryň görnüşleri Mikromaliýe guramasy degişli ygtyýarnamasy bolan mahalynda mikrolizing amallaryny, mikrokarzlary, mikrokreditleri bermegi we Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bank däl…
7-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň şahamçalarynyň döredilmegi
1. Mikromaliýe guramalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şahamçalaryny döredip biler. 2. Mikromaliýe guramasy Türkmenistanyň Merkezi bankyna şahamçalarynyň döredilendigi we işe başlandygy, şeýle hem olaryň öz işini bes…
8-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň esaslyk maýasy
1. Mikromaliýe guramasynyň esaslyk maýasy onuň esaslandyryjylarynyň edinen paýnamalary üçin girizen pul görnüşindäki goýumlarynyň möçberinden emele gelýär. 2. Döredilýän mikromaliýe guramalary üçin esaslyk maýanyň iň az möçberi…
9-njy madda
Mikromaliýe guramasynyň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy Mikromaliýe guramasynyň üýtgedilip guralmagy, işiniň bes edilmegi we ýatyrylmagy, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
10-njy madda
Mikromaliýe hyzmatlaryny etmek üçin serişdeler
1. Mikromaliýe guramasy mikromaliýe hyzmatlaryny öz hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrýar. 2. Mikromaliýe guramasy Türkmenistanyň kanuncylygyna laýyklykda aktiwler boýunça bolup biljek ýitgileriň üstüni dolmak üçin ätiýaçlyklary…
11-nji madda
Mikromaliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin berilýän resminamalar
Karz alyjy mikromaliýe hyzmatlaryndan peýdalanmak üçin mikromaliýe guramasyna mikromaliýe hyzmatlaryny almak üçin arza (mundan beýläk - arza) we özüniň işi we girdejileri hakynda maglumatlary özünde jemleýän resminamalary berýär. Arzada…
12-nji madda
Arzada görkezilýän maglumatlar
Arzada karz alyjy tarapyndan şu aşakdaky maglumatlar görkezilýär: 1) ýuridik şahs üçin - doly ady, ýerleşýän ýeri (ýuridik salgysy), şahsy salgyt belgisi we bank rekwizitleri; 2) fiziki şahs üçin - familiýasy, ady, atasynyň ady,…
13-nji madda
Arza seretmek
1. Mikromaliýe guramasy arza alan gününden başlap on iş gününiň dowamynda oňa seretmäge we mikromaliýe hyzmatynyň edilmegi ýa-da delillendirmek bilen, ondan boýun gaçyrylmagy hakynda çözgüt kabul etmäge borçludyr. 2. Mikromaliýe guramasy…
14-nji madda
Mikromaliýe hyzmatlaryny etmek hakynda şertnama
1. Mikromaliýe guramasy tarapyndan mikromaliýe hyzmatyny etmek hakynda çözgüt kabul edilen halatynda onuň we karz alyjynyň arasynda mikromaliýe hyzmatyny etmek hakynda ýazmaça görnüşde şertnama (mundan beýläk - şertnama) baglaşylýar. 2.…
15-nji madda
Şertnamanyň mazmuny
1. Şertnamada şu aşakdakylar görkezilýär: 1) mikromaliýe guramasynyň doly firma ady, guramaçylyk-hukuk görnüşi, onuň ýerleşýän ýeri (ýuridik salgysy), şahsy salgyt belgisi we bank rekwizitleri; 2) karz alyjynyň-ýuridik şahsyň doly ady,…
16-njy madda
Şertnamanyň şertleriniň üýtgedilmegi we onuň bozulmagy
1. Mikromaliýe guramasynyň şertnamanyň şertlerini birtaraplaýyn tertipde üýtgetmäge hukugy ýokdur, şeýle hukugyň şertnamada göz öňünde tutulan halaty, şeýle hem şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halaty muňa degişli däldir. 2.…
17-nji madda
Karz alyjynyň hukuklary we borçlary
1. Karz alyjynyň şulara hukugy bardyr: 1) mikromaliýe hyzmatlarynyň edilmeginiň tertibi we şertleri, öz hukuklary we borçlary hakynda ygtybarly we doly maglumat almaga; 2) mikromaliýe guramasyndan şertnamada bellenilen tertipde we…
18-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň hukuklary we borçlary
1. Mikromaliýe guramasynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr: 1) şertnama laýyklykda mikromaliýe hyzmatlaryny etmäge; 2) karz alyjydan mikromaliýe hyzmatlaryny etmek we şertnama boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek üçin zerur bolan…
19-njy madda
Şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmegi
1. Mikromaliýe guramasy borçnamanyň ýerine ýetirilmeginiň üpjün edilmeginde mikromaliýe hyzmatyny edip biler. 2. Karz alyjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi: 1) bankyň kepillendirmesi; 2) zamunçylyk; 3) emlägiň,…
20-nji madda
Affilirlenen şahsa mikromaliýe hyzmatlaryny etmek
Affilirlenen şahsa mikromaliýe hyzmatlaryny etmek Türkmenistanyň Merkezi bankynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
21-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň täjirçilik syry
1. Mikromaliýe guramasynyň täjirçilik syryna degişli maglumatlar we olaryň berlip bilinjek adamlarynyň toparlary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär. 2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga…
22-nji madda
Mikromaliýe guramalarynyň işiniň esasy düzgünleri
1. Mikromaliýe guramasy öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň namalaryna we ygtyýarnamasyna hem-de öz Tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrýar. 2. Mikromaliýe guramasy netijeli işlemek üçin şulara…
23-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
1. Türkmenistanda mikromaliýe guramasynyň bank işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan…
24-nji madda
Mikromaliýe guramasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy
1. Mikromaliýe guramasynyň işiniň bank düzgünleşdirmesi we bank gözegçilik barlagy Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň Merkezi banky mikromaliýe guramasynyň…
25-nji madda
Mikromaliýe guramasyna salgyt salynmagy
Mikromaliýe guramasyna we onuň agzalaryna salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
Öňki
1 / 2
Indiki