Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Himiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
25.03.2011 · № 165-IV
«Himiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
40 madda · 16 sahypa
40 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) gözegçilik zolagy - himiki gözegçilik işleri geçirilýän arassaçylyk-gorag çäkleriň daşynda ýerleşýän ýerler; 2) himiki zäherlenme - adam üçin belli bir wagtyň dowamynda howp döredýän…
2-nji madda
Himiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Himiýa howpsuzlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Adamyň janyny, saglygyny we daşky gurşawy himiýanyň zyýanly täsirinden goramagyň, ykdysady we beýleki pudaklarda, ylmy-barlag we lukmançylyk işlerinde hem-de işiň kanun bilen gadagan edilmedik beýleki görnüşlerinde bellenilen tertipde…
4-nji madda
Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň esasy ýörelgeleri
1. Himiýa howpsuzlygy çygrynda Türkmenistanyň döwlet syýasaty halkara borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine esaslanyp, şu aşakdakylary gadagan edýär: 1) himiýa ýaragyny işläp taýýarlamagy, öndürmegi ýa-da başga bir usul bilen edinmegi,…
5-nji madda
Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäreleri
Türkmenistanda şu aşakdaky çäreleriň ýerine ýetirilmegi bilen himiýa howpsuzlygy üpjün edilýär: 1) terbiýeçilik, bilim berijilik häsiýetli, hukuk, guramaçylyk, tehnologik, inžener-tehniki, sanitariýa-gigiýena we lukmançylyk-öňüni alyş…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň himiýa howpsuzlygy çygrynda ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti himiýa howpsuzlygy çygrynda: 1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär; 2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, döwlet…
7-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary himiýa howpsuzlygy çygrynda: 1) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar; 2) degişli çäklerde hukuk, guramaçylyk, inžener-tehniki,…
8-nji madda
Pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň himiýa howpsuzlygy çygryndaky ygtyýarlyklary
Pudaklaýyn dolandyryş edaralary himiýa howpsuzlygy çygrynda: 1) döwlet syýasatyny we döwlet maksatnamalaryny işläp düzmäge gatnaşýarlar hem-de olary durmuşa geçirýärler; 2) bellenilen tertipde düzgünleri, kadalary, döwlet standartlaryny we…
9-njy madda
Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegi amala aşyrýan edaralaryň ulgamy
1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet dolandyryşy, döwlet gözegçiligi we barlaglary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi…
10-njy madda
Himiýa howpsuzlygy çygrynda döwlet maksatnamalary
1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň döwlet maksatnamalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş…
11-nji madda
Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda döwlet kadalaşdyrmasy
1. Himiýa howpsuzlygy çygrynda döwlet kadalaşdyrmasy himiýa howpsuzlygynyň sanitariýa kadalaryny, düzgünlerini we gigiýena görkezijilerini, şeýle hem himiýa howpsuzlygy boýunça döwlet standartlaryny, gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini,…
12-nji madda
Howply himikatlar bilen baglanyşykly işleriň we hyzmatlaryň amala aşyrylmagy
Howply himikatlary öndürmek, peýdalanmak, gaýtadan işlemek, ýok etmek, daşamak, saklamak, ammarlaşdyrmak, bejermek ýa-da olara tehniki hyzmat etmek bilen baglanyşykly işler we hyzmatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde…
13-nji madda
Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda önümçilik gözegçiligi
1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda önümçilik gözegçiligi howply himikatlar bilen iş alyp barýan karhanalarda amala aşyrylýar. 2. Önümçilik gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi ýerine ýetirilýän işleriň aýratynlyklary we şertleri…
14-nji madda
Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagy
Jemgyýetçilik birleşikleri himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda düzgünleriň we kadalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrýarlar.
15-nji madda
Himiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermegiň geçirilmegi
1. Himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çözgütler kabul edilende, degişli çäreler meýilleşdirilende we geçirilende, şeýle çäreleri amala aşyrmagyň netijeleri seljerilende pudaklaýyn dolandyryş edaralary ýa-da howply himikatlar bilen iş…
16-njy madda
Howply himikatlar bilen işleri geçirmäge bildirilýän esasy talaplar Howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalar şulara borçludyrlar: 1) himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny,…
17-nji madda
Azyk önümleri öndürilende we agyz suwy sarp edilende himiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
Azyk çig maly, iýmit önümleri we agyz suwy taýýarlananda, saklananda, daşalanda we ýerleşdirilende hem-de olara galtaşýan beýleki närseler we önümler himiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň talaplaryna laýyk gelmelidir we Türkmenistanyň…
18-nji madda
Howply himikatlaryň toparlara bölünişi
1. Adamyň jany, saglygy we daşky gurşaw üçin howplulyk derejesi boýunça howply himikatlaryň toparlara bölünişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde geçirilýär. 2. Türkmenistanda döwlet gözegçiligine we hasaba…
19-njy madda
Himiki howply galyndylary Türkmenistana getirmegiň we onuň çäginden üstaşyr geçirmegiň gadagan edilmegi
Himiki howply galyndylary saklamak hem-de ýere gömmek maksady bilen Türkmenistana getirilmegi we Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmegi gadagan edilýär.
20-nji madda
Daşky gurşawyň täsir edýän halatynda himiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Howply himikatlaryň täsirinden ilaty goramak maksady bilen şular amala aşyrylýar: 1) howply himikatlaryň saklanýan ýerlerini hasaba almak bilen jaýlaryň we obýektleriň gurluşygy üçin ýer parçalarynyň saýlanyp alynmagy; 2) gurluşyk…
21-nji madda
Lukmançylyk amallary geçirilende himiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Lukmançylyk amallarynyň geçirilmegi himiýa howpsuzlygy çygrynda ulanylýan kadalara, düzgünlere we görkezijilere laýyk gelmelidir. 2. Lukmançylyk amallary geçirilende saglyga himiýanyň täsiriniň garaşylýan ýa-da adamyň kabul…
22-nji madda
Howply himikatlaryň toplanmagynyň ýol berilýän aňryçäk derejesiniň barlanmagy we hasaba alynmagy
Lukmançylyk amallary geçirilende howply himikatlaryň toplanmagynyň ýol berilýän aňryçäk derejesiniň, şeýle hem olaryň zyýanly täsirinden jebir çeken adamlaryň sanynyň barlanmagy we hasaba alynmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti…
23-nji madda
Himiýa heläkçiliginde ilaty we işgärleri goramagyň çäreleri
Howply himikatlaryň zyňylyp çykmagy bilen himiýa heläkçiligiň döremegi mümkin bolan howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şulara borçludyrlar: 1) heläkçiligiň netijelerini duýdurmak,…
24-nji madda
Himiýa heläkçiliginde himiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça wezipeli adamlaryň borçlary
Howply himikatlar bilen iş alyp barýan kärhanalaryň wezipeli adamlary himiýa heläkçiliginde şulara borçludyrlar: 1) ilaty, işgärleri we daşky gurşawy himiýa heläkçiliginden we onuň netijelerinden goramak boýunça çäreleriň ýerine…
25-nji madda
Himiýa heläkçilikleriň netijelerini ýok etmek üçin ulanylýan güýçler we serişdeler
1. Himiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmäge, heläkçilikde halas ediş, zähersizlendirme, gazsyzlandyrma, ýokançsyzlandyrma işlerine adamlary çekmek, bu işlere çekilen adamlaryň sany ilaty halas etmek we himiýanyň zyýanly täsirinden…
Öňki
1 / 2
Indiki