Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
08.11.2014 · № 140-V
«Sarp edijileriň hukuklaryny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
30 madda · 20 sahypa
30 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) düýpli kemçiligi bolan haryt (iş, hyzmat) -kemçilikli haryt bolup, ol: a) harydy maksatlaýyn wezipesine görä ulanylmaz ýaly edýän ýa-da oňa ýol bermeýän haryt (iş, hyzmat); b) düzedilenden…
2-nji madda
Türkmenistanyň sarp edijileriniň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň sarp edijileriniň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
1. Şu Kanun harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasyndan, netijesi harydyň döredilmegi (öndürilmegi) bolup durýan işi ýerine ýetirmek hakynda şertnamadan, netijesi harydyň (zadyň) aýratynlyklarynyň we häsiýetnamalarynyň üýtgedilmegi…
4-nji madda
Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasaty
Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir: 1) sarp edijileriň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna; 2) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy bilen bagly hukuk esaslarynyň…
5-nji madda
Sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşikleri
1. Sarp edijileriň öz hukuklaryny goramak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde meýletin esasda sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge hukugy bardyr. 2. Sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşikleri…
6-njy madda
Kepillik borçnamalary
1. Öndüriji (ýerine ýetiriji) haryda (işe, hyzmata) kepillik möhletini bellemäge borçludyr, şu Kanunyň 15-nji maddasynyň 6-njy böleginde görkezilen harytlar (işler) muňa degişli däldir. 2. Eger öndüriji (ýerine ýetiriji) tarapyndan haryda…
7-nji madda
Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara), sarp edijileriň hukuklaryny goraýan beýleki döwlet edaralary (mundan beýläk - beýleki döwlet…
8-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; 3) sarp edijileriň…
9-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny amala aşyrýar; 2) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär; 3) sarp edijileriň arzalaryna we…
10-njy madda
Beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki döwlet edaralary: 1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar; 2) Türkmenistanyň sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygynyň talaplarynyň…
11-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyna gatnaşýar; 2) sarp edijileriň arzalaryna we şikaýatlaryna…
12-nji madda
Sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralara zerur bolan maglumatlaryň berilmegi boýunça borç
Satyjy, öndüriji, ýerine ýetiriji, ygtyýarly şahs sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy çygrynda döwlet gözegçiligini amala aşyrýan edaralaryň talaby boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin…
13-nji madda
Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap almaga bolan hukugy
1. Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap almaga hukugy bar. 2. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijiniň amatly bolan wagtda gowy hilli harydy (işi, hyzmaty) erkin saýlap alyp bilmegini üpjün etmäge borçludyr. 3. Şu Kanunda we…
14-nji madda
Satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) hakynda, haryt (iş, hyzmat) hakynda doly we ygtybarly maglumat almaga hukuk
1. Sarp edijiniň satyjy, öndüriji (ýerine ýetiriji) hakynda, haryt (iş, hyzmat) hakynda doly we ygtybarly maglumat almaga hukugy bardyr. Görkezilen maglumat sarp edijileriň dykgatyna harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasy, işi…
15-nji madda
Harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygyna bolan hukuk
1. Sarp edijiniň harydyň (işiň, hyzmatyň) ulanylyş, saklanylyş, daşalyş şertlerini berjaý eden mahalynda onuň howpsuz bolmagyna hukugy bardyr. 2. Harydyň (işiň, hyzmatyň) howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça talaplar hökmandyr. Harydyň…
16-njy madda
Sarp edijiniň gowy hilli haryda (işe, hyzmata) we onuň hilini barlamaga bolan hukugy
1. Sarp edijiniň kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna ýa-da şertnamanyň şertlerine laýyk gelýän özi tarapyndan satyn alynýan harydyň (işiň, hyzmatyň) hiliniň gowy bolmagyna hukugy bardyr. 2. Satyjy (ýerine ýetiriji) sarp edijä hili…
17-nji madda
Sarp edijiniň satyjydan (ýerine ýetirijiden) harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamany almaga hukugy
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, sarp edijiniň satyjydan (ýerine ýetirijiden) harydyň (işiň, hyzmatyň) satyn alnandygyny tassyklaýan resminamany almaga hukugy bardyr. Harydyň (işiň,…
18-nji madda
Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) öz wagtynda almaga bolan hukugy
Sarp edijiniň harydy (işi, hyzmaty) şertnamada bellenen möhletlerde almaga hukugy bardyr.
19-njy madda
Sarp edijiniň satyjy (ýerine ýetiriji) tarapyndan harydyň (işiň, hyzmatyň) berilmeginiň möhleti bozulandaky hukuklary
1. Sarp edijiniň satyjy (ýerine ýetiriji) tarapyndan özüne harydyň (işiň, hyzmatyň) berilmeginiň şertnamada bellenen möhleti bozulan ýagdaýynda, şeýle hem şu Kanunyň 14-nji maddasynyň 10-njy böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda harydy…
20-nji madda
Sarp edijiniň harydy gowy hilli haryda çalyşmaga bolan hukugy
1. Sarp edijiniň azyk däl harydy satyn alan satyjysynda sebäbini düşündirmezden gowy hilli meňzeş kysymly (modelli, artikully) täze haryda çalyşmaga hukugy bardyr, şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerinde görkezilen harytlar muňa…
21-nji madda
Sarp edijiniň harydy bölekleýin satyn almak-satmak, işiň ýerine ýetirilmegi, hyzmatyň edilmegi hakyndaky şertnamalary ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge hukugy
Sarp edijiniň sebäbini düşündirmezden şulary ýerine ýetirmekden ýüz öwürmäge hukugy bardyr: 1) haryt sarp edijä getirilmezinden öň, harydy bölekleýin satyn almak-satmak şertnamasyndan, harydyň tölegi deslapdan tölenen ýagdaýynda bolsa -…
22-nji madda
Harydyň (işiň, hyzmatyň) kemçiligi ýüze çykarylanda sarp edijiniň hukuklary
1. Sarp edijiniň bellenen kepillik möhletiň dowamynda (ol bolmadyk mahalynda - iki ýylyň dowamynda) harytda (işde, hyzmatda) satyjynyň, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) günäsi bilen dörän kemçiligi ýüze çykaran ýagdaýynda şu aşakdakylara…
23-nji madda
Sarp edijiniň harytda (işde, hyzmatda) düýpli kemçilik ýüze çykarylandaky hukuklary
1. Bellenen kepillik möhletiniň ýa-da hyzmat ediş möhletiniň dowamynda azyk däl harytda (işde, hyzmatda) satyjynyň, öndürijiniň (ýerine ýetirijiniň) günäsi bilen ýüze çykan düýpli kemçiligiň bardygy anyklananda sarp edijiniň öz saýlamagy…
24-nji madda
Sarp edijiniň haryt uzaklykdan (distansion usul bilen) satyn alnandaky hukuklary
1. Haryt uzaklykdan satyn alnan mahalynda sarp edijiniň ony almazyndan öň - islendik wagtda, alanyndan soň bolsa, ýedi senenama gününiň dowamynda sebäbini düşündirmezden, harytdan ýüz öwürmäge hukugy bardyr. 2. Satyjy harydy uzaklykdan…
25-nji madda
Sarp edijiniň janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna bolan hukugy
1. Sarp edijiniň satyjy (ýerine ýetiriji) bilen şertnamalaýyn gatnaşyklarda durýandygyna ýa-da durmaýandygyna garamazdan, şu aşakdakylar bilen bagly öz janyna, saglygyna, nesline, emlägine ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň (zeleliň)…
Öňki
1 / 2
Indiki