Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
08.11.2014 · № 141-V
«Neşirýat işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
42 madda · 16 sahypa
42 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) neşirýat işi - çap önümini taýýarlamak, taýýar etmek, çykarmak we ýaýratmak bilen meşgullanýan, ýuridik we fiziki şahslaryň guramaçylyk-döredijilik we önümçilik-hojalyk…
2-nji madda
Neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan we neşirýat işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar. 2. Eger…
3-nji madda
Türkmenistanda neşirýat işiniň esasy maksatlary we ýörelgeleri
1. Şu aşakdakylar neşirýat işiniň esasy maksatlarydyr: 1) şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň çap önümine bolan isleglerini kanagatlandyrmak; 2) çap önüminiň tiražyny we möçberlerini artdyrmak, şeýle hem kitap önüminiň tematikasyny giňeltmek…
4-nji madda
Neşirýat işi babatda döwlet syýasaty
1. Neşirýat işi babatda döwlet syýasaty aşakdakylara gönükdirilendir: 1) raýatlaryň kanunda gadagan edilmedik usulda maglumaty erkin gözlemäge, almaga we ýaýratmaga bolan konstitusion hukugyny durmuşa geçirmäge; 2) neşirýat işini…
5-nji madda
Neşirýat işiniň erkinligi
1. Neşirýat işiniň subýektleri tematikany, ýöriteleşmegi, önümçilik kooperasiýasyny kesgitlemekde, çap önümleriniň awtorlaryny saýlamakda, tiražlary, çap önümine bolan bahalary we söwda indirimlerini (nyrhynyň peseldilmegi) kesgitlemekde,…
6-njy madda
Neşirýat işiniň erkinliginiň hyýanatçylykly peýdalanylmagyna ýol bermezlik Döwlet ýa-da kanun bilen beýleki goralýan syry, konstitusion gurluşy zorlukly üýtgetmäge çagyryşy, urşy, zorlugy we pornografiýany, teniniň reňki boýunça, milli,…
7-nji madda
Neşirýat işiniň subýektleri
1. Neşirýat işiniň subýektleri awtorlar, çap önümini neşir edijiler, taýýarlaýjylar, buýrujylar we ýaýradyjylar bolup durýarlar. 2. Neşirýat işiniň subýektleri işiň beýleki görnüşleriniň subýektleri bilen eýeçilik gatnaşygynda we…
8-nji madda
Neşir edijiniň statusy
1. Neşir ediji şu aşakdaky hukuklara eýedir: 1) döwlet edaralaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan çap önümini taýýarlamak we çykarmak üçin buýurmalary kabul etmek, olara öz işiniň ugry boýunça redaksion-neşirýat we…
9-njy madda
Çap önümini taýýarlaýjynyň statusy
1. Çap önümini taýýarlaýjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda borçlaryny ýerine ýetirýär we öz hukuklaryny amala aşyrýar. 2. Çap önümini taýýarlaýjy onuň önümçiligini neşir edijilerden gelip gowuşýan buýurmalaryň esasynda amala aşyryp…
10-njy madda
Çap önümini ýaýradyjynyň statusy
1. Çap önümini ýaýradyjy aşakdaky hukuklara eýedir: 1) çap önüminiň bölek we lomaý satuw söwdasyny amala aşyrmak; 2) öz önümçilik meýilnamalaryny özbaşdak döretmek, öz işiniň möçberlerini kesgitlemek, tematik ugur boýunça çap önümini seçip…
11-nji madda
Çap önümini buýrujy
1. Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary islendik çap önüminiň buýrujylary bolup bilerler. 2. Awtorlar (şärikli awtorlar), düzüjiler we terjimeçiler aşakdaky materiallary redaksion-neşirýat taýdan taýýarlamak we onuň çap edilip…
12-nji madda
Çap önümini neşir edijiniň, awtoryň, taýýarlaýjynyň we ýaýradyjynyň arasynda özara gatnaşyklaryň aýratyn şertleri
Çap önümini neşir ediji, awtor, taýýarlaýjy we ýaýradyjy, eger munuň özi neşirýat işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmese, özara gatnaşyklarynyň aýratyn şertlerini ylalaşmaga haklydyrlar.
13-nji madda
Çap önümini sarp edijiniň hukuklary
Çap önümini sarp ediji şu aşakdaky hukuklara eýedir: 1) poligrafiýa ýa-da beýleki tehnologik kemçiligi ýüze çykarylan çap önümini çalyşmaga; 2) degişlilikde gol çekilip resmileşdirilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň kepilligine.
14-nji madda
Neşirýat işiniň obýekti
Neşirýat işiniň obýekti çap önümidir, ony neşirleriň görnüşlerine görä aşakdaky alamatlary boýunça bölýärler: 1) maksatlaýyn niýetlenilişi boýunça - resmi, ylmy, ylmy-populýar, ylmy-önümçilik, ylmy-usulyýet, önümçilik-amaly…
15-nji madda
Neşirýatlary, poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalaryny esaslandyryjylar we olaryň statusy
1. Neşirýatlaryň, poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalarynyň esaslandyryjylary (şärikli esaslandyryjylary) bolup döwlet häkimiýet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, Türkmenistanyň beýleki ýuridik şahslary we raýatlary çykyş edip…
16-njy madda
Neşirýat işi babatda eýeçiligiň görnüşleri we guramaçylyk-hukuk görnüşleri Neşirýatlar (neşirýat guramalary), poligrafiýa we kitap söwdasy kärhanalary Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan eýeçiligiň dürli görnüşleriniň esasynda…
17-nji madda
Neşirýat işiniň subýektlerini döwlet tarapyndan hasaba almak
Çap önümini neşir ediji, taýýarlaýjy we ýaýradyjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan hasaba alynýar.
18-nji madda
Neşirýat we poligrafiýa işini ygtyýarlylandyrmak
Neşirýat we poligrafiýa işi «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.
19-njy madda
Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawy
1. Türkmenistanyň çap önümini neşir edijileriniň we taýýarlaýjylarynyň döwlet sanawy, çap önümini neşir edijiler we taýýarlaýjylar hakynda maglumatlary saklaýan, degişli ygtyýarnamalary bermek hakynda çözgüdi bolan ýeke-täk maglumat…
20-nji madda
Neşirýat işiniň subýektleriniň işini bes etmek
Neşirýat işiniň subýektleriniň işini bes etmek aşakdaky esaslar boýunça mümkindir: 1) esaslandyryjynyň çözgüdi boýunça; 2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çap önümini neşir edijiniň, taýýarlaýjynyň, ýaýradyjynyň…
21-nji madda
Neşirýat işini maliýeleşdirmek
Neşirýat işiniň subýektleri aşakdakylaryň hasabyna maliýeleşdirilip bilner: 1) esaslandyryjynyň serişdeleriniň; 2) hemaýatçylaryň serişdeleriniň; 3) fiziki we ýuridik şahslaryň haýyr-sahawatlarynyň; 4) döwlet we jemgyýetçilik guramalary…
22-nji madda
Neşirýat şertnamasy
1. Neşirýat şertnamasy awtorlyk hukugyna eýelik ediji ýa-da çap önümini buýrujy bilen neşir edijiniň arasynda baglaşylan ylalaşykdyr, onuň esasynda neşir edijä hak-heşdegiň ýerine eseri çap etmäge we ýaýratmaga bolan hukuk berilýär.…
23-nji madda
Neşiriň hökmany nusgalyklary
Metbugatyň döwlet arhiwini döretmek, metbugatyň hasaba alnyşyny we statistikasyny, Türkmenistanyň çäginde ähli çykarylan neşirleriň bibliografik beýanyny guramak maksady bilen çap önümini köpeldip ýaýradyjy poligrafiýa kärhanasy neşir…
24-nji madda
Çap önümini goýberilişe çykarmak
Çap önüminiň ýaýradylmagyna diňe neşir ediji ýa-da onuň ynanç haty boýunça hereket edýän adam tarapyndan çap önüminiň goýberilmegine rugsat berleninden soň ýol berilýär.
25-nji madda
Çap önümini ýaýratmagyň tertibi
1. Çap önümini ýaýratmak esaslandyryjy, neşir ediji, taýýarlaýjy, awtor tarapyndan olaryň arasyndaky ylalaşyk boýunça ýa-da şertnamalaýyn ýa-da beýleki kanuny esaslarda söwda kärhanalary, beýleki ýuridik şahslar we raýatlar tarapyndan…
Öňki
1 / 2
Indiki