Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
25.09.2010 · № 137-IV
«Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
6 madda · 1 sahypa
6 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Gümrük kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň Gümrük kodeksini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.
3-nji madda
1993-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen
Türkmenistanyň Gümrük kodeksini, oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli böleklerini 2011-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
4-nji madda
Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň hereketi, ol güýje girizilenden soň gümrük işi babatda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli edilýär.
5-nji madda
Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň
Gümrük kodeksine laýyk getirilýänçä Türkmenistanyň Gümrük kodeksine garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyk getirmeli.