Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
08.11.2014 · № 142-V
«Teatr we teatr işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
38 madda · 15 sahypa
38 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) teatr - esasy işi teatr sungatynyň eserlerini we beýleki sahna oýunlaryny döretmekden, köpçülikde janly ýerine ýetirmekden we köpçülige görkezmekden ybarat bolan medeniýet…
2-nji madda
Teatr we teatr işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Teatr we teatr işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2.…
3-nji madda
Teatr we teatr işi babatda döwlet syýasaty
1. Teatr we teatr işi babatda döwlet syýasaty döwletiň medeni syýasatynyň düzüm bölegi bolup durýar we teatryň medeniýetiň aýrylmaz bölegi hökmündäki örän wajyp ornunyň ykrar edilmegine esaslanýar. 2. Döwlet bu çygyrda döwlet syýasatyny…
4-nji madda
Teatr sungatynyň umumy elýeterliligi
1. Raýatlaryň haýsy milletede gişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlaryna garamazdan, türkmen halkynyň medeni…
5-nji madda
Teatr sungaty babatda döredijilik erkinligi
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, raýatlar çeper döredijilik erkinligine hukuklydyrlar. 2. Teatr sungaty babatda döredijiligiň erkinligi teatrlara öz işini guramakda, şol sanda: - sahnalaşdyrylan teatr eserini döretmek üçin…
6-njy madda
Höwesjeň teatr döredijiligi
1. Höwesjeň teatr döredijiligi Türkmenistanyň teatr durmuşynyň düzüm bölegidir. 2. Kärhanalarda, edaralarda, guramalarda hereket edýän, esasyny höwesjeň teatr toparlarynyň ýerine ýetirýän dürli teatr sahna oýunlary düzýän, höwesjeň teatr…
7-nji madda
Teatr we teatr işi babatda döwlet düzgünleşdiriş edaralary
Teatr we teatr işi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary…
8-nji madda
Teatr we teatr işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Teatr we teatr işi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär: 1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň ýöredilmegi; 2) teatr işiniň ösdürilmegi boýunça strategiýanyň kesgitlenilmegi we ýörite döwlet…
9-njy madda
Teatr we teatr işi babatda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygy
Teatr we teatr işi babatda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär: 1) teatr we teatr işi babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegi; 2) teatr we teatr işini…
10-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň teatr we teatr işi babatda ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz tabynlygyndaky ýerlerinde teatr we teatr işi babatda ygtyýarlylygyna aşakdakylar degişli edilýär: 1) döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy; 2) teatr we teatr işiniň…
11-nji madda
Teatrlar
Teatrlar döredijilik işiniň hakyky erkinligini üpjün edýän ähli hukuklara eýedir, olar çeperçilik ugruny, repertuary saýlap almakda, teatr sahna tomaşalarynyň köpçülikde ýerine ýetirilmegi baradaky çözgüdi kabul etmekde, sahna eserlerini…
12-nji madda
Türkmenistanyň teatrlar ulgamy
1. Türkmenistanyň teatrlary özleriniň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan Türkmenistanyň teatrlar ulgamyny emele getirýärler. Teatrlaryň görnüşlerine aşakdakylar girýär: 1) opera, balet, drama, sazly komediýa, sazly drama, ýaş…
13-nji madda
Teatr işiniň guralyşy
Sahna oýunlaryny döretmek, olaryň köpçülikde ýerine ýetirilmegi we köpçülige görkezilmegi, göçme saparlaryň (gastrollaryň), festiwallaryň, bäsleşikleriň, gözden geçirişleriň, teatrlaşdyrylan-konsert maksatnamalarynyň guralmagy bilen…
14-nji madda
Teatryň işiniň maksady we esasy görnüşleri
1. Teatryň işiniň maksady teatr sungatynyň we teatr işiniň ösdürilmeginden, ilatyň teatr sungatyna bolan isleglerini döretmekden we kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Teatryň esasy işiniň maksady girdeji almak däldir. 2. Teatryň işiniň esasy…
15-nji madda
Teatrlaryň we teatr guramalarynyň hukuklary we borçlary
1. Teatrlaryň öz döredijilik we hojalyk işlerini özbaşdak meýilleşdirmäge, peteklere bahalary bellemäge, ösüşiniň geljegini kesgitlemäge, repertuaryny saýlap almaga we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki işleri ýerine ýetirmäge…
16-njy madda
Teatryň, teatr guramasynyň öz hususy nyşanyna hukugy
1. Teatryň, teatr guramasynyň öz hususy nyşanyna hukugy bardyr (resmi ady, emblemasy, haryt belgisi, beýleki şekilleri). 2. Teatr, teatr guramasy kanunda bellenilen tertipde hasaba alnan nyşanyny ulanmakda aýratyn hukukdan peýdalanýar. 3.…
17-nji madda
Döwlete dahylsyz teatrlar we teatr guramalary
1. Döwlete dahylsyz teatrlar we teatr guramalarynyň döwlet teatrlary we teatr guramalary bilen bir hatarda döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň yglan edýän bäsleşiklerine gatnaşmaga, şeýle hem mekdebe çenli ýaşly…
18-nji madda
Teatr işi amala aşyrylanda howpsuzlyk, raýatlaryň saglygyny goramak düzgünleriniň berjaý edilişi
1. Teatrlaryň eýeleri teatrlary ýörite taslama boýunça gurlan degişli binalar (desgalar, jaýlar) ýa-da Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyk gelýän başga tertipde salnan jaýlar, şeýle hem degişli enjamlar bilen üpjün etmäge…
19-njy madda
Teatrlaryň, teatr guramalarynyň döredilmegi, hasaba alynmagy
1. Türkmenistanyň çäginde teatr sungatynyň, eýeçiliginiň görnüşi boýunça tapawutlanýan, ilatyň dürli gatlaklaryna gönükdirilen we beýleki häsiýetleri boýunça tapawutlanýan teatrlar döredilýär we hereket edýär. Teatry döretmek hakyndaky…
20-nji madda
Teatrlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy
1. Teatrlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň düzüminde döredilen teatrlaryň sanawy we olary hasaba almagyň tertibi medeniýet babatda…
21-nji madda
Teatrlaryň işiniň bes edilmegi we üýtgedilip guralmagy
1. Teatrlaryň işiniň bes edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Döwlet teatrynyň işiniň bes edilen ýagdaýynda, algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soňky galan emläkler, şol sanda gozgalmaýan emläk…
22-nji madda
Teatrlaryň birleşmegi
1. Türkmenistanyň teatrlary umumy döredijilik, ykdysady we durmuş meselelerini çözmek üçin özleriniň döredijilik, ylmy, önümçilik we beýleki işlerini utgaşdyrmak maksady bilen jemgyýetçilik birleşiklerini döredip bilerler. Bu birleşikleriň…
23-nji madda
Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň işi
1. Teatryň ýörite hünärli döredijilik işgärlerine teatryň çeper-döredijilik işgärleri we artistler degişlidir, olardan teatryň döredijilik düzümi emele gelýär. Teatryň döredijilik düzümi baradaky düzgünnama Türkmenistanyň Medeniýet…
24-nji madda
Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygy we olaryň hukuklarynyň kepilliligi
Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygy döwlet tarapyndan we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda teatrlaryň esaslandyryjylary tarapyndan üpjün edilýär. Teatrlaryň ýörite hünärli döredijilik…
25-nji madda
Teatrlaryň we teatr guramalarynyň işgärleriniň taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy, hünär derejeleriniň kämilleşdirilmegi we hünär synagy
1. Teatrlaryň we teatr guramalarynyň ýörite hünärli işgärleriniň taýýarlygy medeniýet ugrundaky ýokary hünär we beýleki bilim edaralarynda amala aşyrylýar. 2. Medeniýet edaralary teatrlaryň we teatr guramalarynyň işgärleriniň taýýarlygy,…
Öňki
1 / 2
Indiki