Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
25.09.2010 · № 136-IV
«Agyz suwy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
32 madda · 20 sahypa
32 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: agyz suwy - tebigy ýagdaýda ýa-da arassalanylandan soň (arassalamak, zyýansyzlandyrmak, ýetmeýän maddalary goşmak) özüniň hili boýunça kadalaşdyryjy talaplara jogap berýän we adamyň içimlik…
2-nji madda
Türkmenistanyň agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda kanunçylygy we onuň wezipeleri
1. Türkmenistanyň agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan, suw goruny goramak we ulanmak, saglygy goramak, epidemiýalara garşy göreşmek, tebigy betbagtçylyklaryň we…
3-nji madda
Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri
Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasaty şu ýörelgelere esaslanýar: ilatyň durmuş isleglerini kanagatlandyrmak, saglygyny saklamak we goramak maksady bilen ony agyz suwy bilen ilkinji nobatda üpjün etmegiň döwlet kepilliklerini üpjün…
4-nji madda
Agyz suw üpjünçiligi babatda hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri
Agyz suw üpjünçiligi babatda hukuk gatnaşyklarynyň subýektleri şulardan ybaratdyr: Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary, döwlet gözegçilik barlagyny we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar, agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda…
5-nji madda
Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
1. Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlylygy
Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kanunyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlarynyň, agyz suw…
7-nji madda
Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
«1. Jemagat hojalygy babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň ygtyýarlylygyna şular degişlidir: - agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek; - agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi…
7¹-nji madda
Agyz suw üpjünçilik guramalarynyň önümçilik borçlary
Agyz suw üpjünçilik guramalarynyň önümçilik borçlaryna şular degişlidir: - baglaşylan şertnamalara laýyklykda abonentleriň suw üpjünçiligini, akdyrylýan lagym suwlarynyň kabul edilmegini, sowulmagyny we arassalanylmagyny üpjün etmek; -…
8-nji madda
Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeleri
Agyz suwy we agyz suw üpjünçiligi babatda ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipelerine şular degişlidir: - ilaty agyz suwunyň hili we ony ulanmagyň bellenilen kadalary, tölegiň tertibi hakynda zerur maglumat bilen üpjün etmek; -…
9-njy madda
Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlary
1. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamlary sarp edijileri agyz suwy bilen üpjün etmekde esasy ulgam bolup durýarlar hem-de şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň durmuş üpjünçiliginiň möhüm strategik desgalaryna degişlidirler. 2.…
10-njy madda
Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik, özbaşdak we ulag serişdelerindäki ulgamlary
1. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik we özbaşdak ulgamlary agyz suwunyň merkezleşdirilen ulgamynyň ýok ýerinde fiziki we ýuridik şahslary agyz suwy bilen üpjün etmek üçin ulanylýar. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilmedik we…
11-nji madda
Agyz suw üpjünçiliginiň oba ýerlerindäki ulgamlary
1. Oba ýerlerindäki ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet, jemgyýetçilik we eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde bolan suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen, merkezleşdirilmedik we özbaşdak ulgamlary…
12-nji madda
Türkmenistanda agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşiniň üpjün edilişi we olaryň taslamalaşdyrylyşyna bolan umumy talaplar
1. Agyz suw üpjünçilik ulgamlarynyň ösüşi ilaty agyz suwy bilen üpjün etmek baradaky döwlet we sebitara maksatnamalaryny durmuşa geçirmek bilen üpjün edilýär. Agyz suw üpjünçiligi çäkleriň (welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň)…
13-nji madda
Agyz suw üpjünçilik ulgamlaryndan peýdalanyjylaryň we agyz suwuny sarp edijileriň hukuklary we borçlary
1. Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlaryndan peýdalanyjylaryň ulgamlardan agyz suwuny sarp etmek üçin agyz suw üpjünçilik edaralary bilen baglanyşylan şertnama esasynda ulanmaga hukugy bardyr. Şertleşýän…
14-nji madda
Ilaty agyz suwy bilen üpjün etmegiň döwlet kepillikleri
1. Türkmenistanyň çäginde her bir adama bellenilen hil kadalaryna jogap berýän, agyz suwuny sarp etmegiň kadalaryna laýyk gelýän mukdarda agyz suwy bilen üpjün etmek kepillendirilýär. 2. Ilatyň ýaşaýan ýerlerindäki agyz suwuna bolan…
15-nji madda
Agyz suwunyň hiliniň üpjünçiliginiň kepillikleri
Sarp edijileriň alýan agyz suwunyň hili kadalaşdyryjy talaplara laýyk gelmelidir we aşakdakylar bilen üpjün edilmelidir: agyz suw üpjünçiliginiň çeşmesini we suwy arassalamagyň degişli tehnologiýasyny saýlamak; çeşmedäki suwuň hiline…
16-njy madda
Agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň işi bozulan halatynda agyz suwy bilen üpjünçiligiň kepillikleri
Sarp edijilere agyz suwuny bermegiň bellenilen düzgüniniň üýtgemegine getiren, agyz suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen we merkezleşdirilmedik ulgamlarynyň işi bozulan we (ýa-da) olaryň hiliniň agyz suw üpjünçiliginiň bellenilen kadalaryň…
17-nji madda
Agyz suw üpjünçiligi babatda adatdan daşary ýagdaýlarda agyz suwy bilen üpjün etmegiň kepillikleri
1. Adatdan daşary ýagdaýlarda (awariýalarda, heläkçiliklerde, tebigy betbagtçylyklarda we beýleki şuňa meňzeş ýagdaýlarda) agyz suw çeşmeleriniň hapalanmagy, suw arassalaýjy we zyýansyzlandyryjy ulgamlaryň hatardan çykmagy, agyz suw…
18-nji madda
Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet gözegçilik barlagy, gözegçiligi we hasaba alnyşy
1. Agyz suw üpjünçiligi babatda döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we olaryň ýerlerdäki edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Agyz suw üpjünçilik çeşmelerini döwlet…
19-njy madda
Agyz suw üpjünçilik çeşmeleriniň we ulgamlarynyň goragy
1. Agyz suw üpjünçilik çeşmelerini we ulgamlaryny hapalanmakdan goramak agyz suwunyň howpsuzlygyny we zyýansyzlygyny üpjün etmegiň hökmany şerti bolup durýar. Ol ýerüsti, ýerasty suw desgalarynyň suwunyň hapalanmagynyň we egsilmeginiň…
20-nji madda
Agyz suw üpjünçiligi babatda güwälendirme
1. Şu aşakdakylar hökmany güwälendirmä degişlidir: gaplanan görnüşinde (çüýşelerde ýa-da beýleki gaplarda) sarp edijilere ýerlemek üçin niýetlenilen agyz suwy; suwy arassalamagyň we zyýansyzlandyrmagyň durmuşda ulanylýan hususy we…
21-nji madda
Agyz suw üpjünçiligi babatda ygtyýarlylandyrma
Sarp edijileri çüýşelere gaplanan agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça iş Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.
22-nji madda
Agyz suw üpjünçilik meseleleri boýunça maglumatlar
1. Agyz suw üpjünçilik guramalary we agyz suwunyň hiliniň kadalaşdyrylan talaplara laýyklygyna gözegçilik edýän edaralar suwuň hiliniň kadalara laýyklygy barada agyz suwuny sarp edijilere maglumat bermäge borçludyrlar. 2. Agyz suwunyň…
23-nji madda
Agyz suw üpjünçilik ulgamlaryna eýeçilik
1. Agyz suw üpjünçilik ulgamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet, jemgyýetçilik eýeçiliginde we eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde bolup biler. 2. Şäherleriň hem-de beýleki ilatly ýerleriň döwlet eýeçiliginde bolan agyz suw…
24-nji madda
Agyz suw üpjünçiliginiň maliýeleşdirilişi
1. Agyz suw üpjünçiligini maliýeleşdirmegiň çeşmelerine: agyz suw üpjünçiligi üçin peýdalanyjylaryň we sarp edijileriň töleginden gelýän serişdeler; agyz suw üpjünçiligini gowulandyrmagyň we ösdürmegiň maksatnamalarynda göz öňünde tutulan…
Öňki
1 / 2
Indiki