Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
16.08.2014 · № 105-V
«Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
33 madda · 17 sahypa
33 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu esasy düşünjeler ulanylýar: 1) azyk çig maly - ösümlik, haýwan, mikrobiologik, mineral we emeli gelip çykyşy bolan çig mal, şeýle hem iýmit önümlerini taýýarlamak üçin peýdalanylýan suw; 2) iýmit önümleriniň, iýmit önümleri…
2-nji madda
Türkmenistanyň iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniňüpjün edilmegi hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
3-nji madda
Şu Kanunyň maksady
Ýuridik şahslara, olaryň aýrybaşgalanan düzüm birliklerine, hususy telekeçilere iýmit önümlerini, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallary öndürýän, dolanyşygyny amala aşyrýan, şeýle hem fiziki şahslaryň (mundan beýläk - özbaşdak…
4-nji madda
Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Şular iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar: 1) ýaramaz hilli we howply iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň öndürilmeginiň we Türkmenistanyň çägine…
5-nji madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan döwlet edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) ygtyýarly edaralary kesgitleýär we olar barada düzgünnamalary…
7-nji madda
Ygtyýarly edaralaryň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edaralar: 1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler; 2) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we…
8-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine…
9-njy madda
Iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Iýmit önümleriniň, iýmit önümleriniň gaplanylmagy üçin materiallaryň döwlet tarapyndan bellige alynmagy (mundan beýläk -döwlet tarapyndan bellige alynmagy) - saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan iýmit önümleriniň, iýmit…
10-njy madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak
Iýmit önümlerini, materiallary we önümleri standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
11-nji madda
Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygrynda ygtyýarlylandyrmak
Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky işleri ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
12-nji madda
Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň wehiliniň üpjün edilmegi çygryndaky sanitariýa kadalary we düzgünleri, gigiýena kadalyk ölçegleri
1. Iýmit önümleriniň, iýmit önümleriň gaplanylmagy üçin materiallaryň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky sanitariýa kadalary we düzgünleri, gigiýena kadalyk ölçegleri iýmit önümleriniň iýmitlik gymmatyna, howpsuzlygyna we…
13-nji madda
Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky weterinariýa kadalary we düzgünleri
1. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky weterinariýa kadalary we düzgünleri gelip çykyşy haýwandan bolan iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline, olaryň öndürilişine we dolanyşyk şertlerine bildirilýän…
14-nji madda
Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky fitosanitariýa kadalary we düzgünleri
1. Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi çygryndaky fitosanitariýa kadalarynda we düzgünlerinde gelip çykyşy ösümlikden bolan iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň dolanyşygyna bildirilýän talaplar…
15-nji madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegine bildirilýän umumy talaplar
1. Iýmit önümleri iýmit önümleriniň howpsuzlygyna we hiline bildirilýän şu talaplara laýyk gelmelidir: 1) adamyň zerur maddalara we energiýa bolan fiziologik islegini kanagatlandyrmalydyr; 2) iýmit önümleriniň her bir görnüşine mahsus…
16-njy madda
Berhizlik iýmit önümlerine bildirilýän talaplar
1. Berhizlik iýmit önümleriniň olaryň guralyşyna bildirilýän we bellenilen talaplara laýyklykda adamyň saglygyny bejermegi we onuň keseliniň öňüni almagy üçin iýmitlenmegine mümkinçilik berýän häsiýetleri bolmalydyr. 2. Berhizlik…
17-nji madda
Çaga iýmiti önümlerine bildirilýän talaplar
1. Çaga iýmiti önümleri iýmitlik gymmaty boýunça çaganyň ýaşynyň göz öňünde tutulmagy bilen çaga bedeniniň fiziologik talaplaryna laýyk gelmelidir we onuň jany we saglygy üçin howpsuz bolmalydyr. 2. Çaga iýmiti önümleriniň iýmitlik gymmaty…
18-nji madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleri işlenip taýýarlanylanda bildirilýän talaplar
1. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň täze görnüşleri, olaryň önümçiliginiň täze ýa-da kämilleşdirilen tehnologiýalary işlenip taýýarlanylan mahalynda ýuridik şahslar we hususy telekeçiler şulara borçludyrlar: 1) iýmit…
19-njy madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň öndürilişine bildirilýän talaplar
1. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler iýmit önümlerini, materiallary we önümleri öndüren mahalynda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar. 2. Ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň bellenen tertipde…
20-nji madda
Peýdasy artdyrylan iýmit önümlerine bildirilýän talaplar
1. Peýdasy artdyrylan iýmit önümlerinde saglygy goraýyş çygryndaky ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen mukdardaky çäklerde goşulan iýmit maddalary bolmalydyr hem-de olar adamyň jany we saglygy, onuň nesli üçin howply bolmaly…
21-nji madda
Iýmit önümleriniň çekilip gaplara salynmagyna, gaplanylmagyna we belgilenmegine bildirilýän talaplar
1. Çekilip gaplara salynmagyna, gaplanylmagyna we belgilenmegine degişli iýmit önümleriniň öndürilmegini amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler olaryň kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda hiliniň saklanylmagyny, daşalmagyny…
22-nji madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň dolanyşygyna bildirilýän talaplar
1. Diňe kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet tarapyndan bellige alynmagy geçen we laýyklyk sertifikaty bolan, Türkmenistanda öndürilen iýmit önümleri üçin bolsa - hil…
23-nji madda
Iýmit önümleri, materiallar we önümler ýerlenilende bildirilýän talaplar
1. Ilata iýmit önümleriniň ýerlenilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda, kadalaşdyryjy resminamalarda we söwda düzgünlerinde bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrylmalydyr. 2. Senagatda öndürilmedik iýmit önümleriniň söwda bazarlarynda…
24-nji madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň saklanylmagyna we daşalmagyna bildirilýän talaplar
1. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň saklanylmagyny we daşalmagyny amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler şulara borçludyrlar: 1) olaryň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmäge; 2) kadalaşdyryjy resminamalarda olaryň…
25-nji madda
Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň howpsuzlygy we hili hakynda maglumatlara bildirilýän talaplar
1. Iýmit önümleriniň, materiallaryň we önümleriň öndürilmegi we dolanyşygy boýunça işi amala aşyrýan ýuridik şahslar we hususy telekeçiler sarp edijilere, ygtyýarly edaralaryň degişli gulluklaryna, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli…
Öňki
1 / 2
Indiki