Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
16.08.2014 · № 107-V
«Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
23 madda · 12 sahypa
23 madda
1-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parky hakynda düşünje
Ylmy-tehnologiýa parky diýlip,dünýäde ylmyň we tehnikanyň ösüşiniň häzirki zaman derejesine laýyk gelýän innowasiýa kuwwatyny emele getirýän, innowasiýa işiniň amala aşyrylmagy we (ýa-da) durmuşa geçirilmeginiň şertleriniň döredilmegi üçin…
2-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ylmy hem-de innowasiýa işlerinde gatnaşyklary düzgünleşdirýän şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmegiň we olaryň işiniň maksatlary hem-de wezipeleri
1. Şu aşakdakylar ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmegiň we olaryň işiniň maksatlary bolup durýarlar: 1) ileri tutulýan ugurlara ýetmäge we Türkmenistanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen innowasiýa işini amala…
4-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň esasy wezipeleri
1. Şu aşakdakylar ylmy-tehnologiýa parkynyň esasy wezipeleri bolup durýarlar: 1) innowasiýa önüminiň (harydyň ýa-da hyzmatlaryň) täze ýa-da düýpli kämilleşdirilen görnüşlerini döretmek, olaryň täjirleşdirilmegi boýunça çäreleri amala…
5-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň döredilmegi we döwlet tarapyndan bellige alynmagy
1. Ylmy-tehnologiýa parkyny döretmek baradaky çözgüt onuň esaslandyryjysy (esaslandyryjylary) tarapyndan, şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda kesgitlenilen tertipde kabul edilýär. Ylmy-tehnologiýa…
6-njy madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermegiň şertleri
1. Innowasiýa infrastrukturasynyň subýektlerine ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýynyň berilmegi aşakdaky şertler ýerine ýetirilen mahalynda amala aşyrylýar: 1) ylmy-tehnologiýa parkyny ösdürmegiň ykdysady taýdan esaslandyrylan, şu…
7-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysynyň hukuk ýagdaýy
1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň dahyllysy hökmünde şu aşakdaky talaplary kanagatlandyrýan ýuridik ýa-da fiziki şahs ykrar edilip bilner: 1) bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäklerinde bellige alnan bolsalar; 2) innowasiýalary döretmek we…
8-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň gurluşy
1. Eger esaslandyryjy resminamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda ylmy-tehnologiýa parky özüniň guramaçylyk gurluşyny özbaşdak döredýär. 2. Ylmy-tehnologiýa parkynyň gurluşy onuň işiniň esasy ugurlaryndan we…
9-njy madda
Ylmy-tehnologiýa parkyny dolandyrmak
1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň gurluşy we dolandyryş edaralaryny döretmegiň tertibi, olaryň ygtyýarlygy, hukugy we borçlary, şeýle hem işini guramagyň tertibi onuň esaslandyryjy resminamalary bilen kesgitlenilýär. 2. Ylmy-tehnologiýa parkyny…
10-njy madda
Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi çygrynda döwlet syýasatynyň maksady we esasy ýörelgeleri
1. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi çygrynda döwlet syýasatynyň maksady ýurduň innowasiýa taýdan ösüşini çaltlandyrmak,onuň innowasiýa önümlerine bolan talaplaryny üpjün etmek, olaryň içerki we halkara bazarlarynda…
11-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawy
1. Döwlet, olaryň çäklerinde ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawy amala aşyrylýan ileri tutulýan ugurlary kesgitleýär. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet goldawy maksatlaýyn we salgyly häsiýete eýe bolmalydyr…
12-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan innowasiýa önümleriniň getirilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi üçin döwlet buýurmasy
1. Ylmy-tehnologiýa parklarynyň döwlet innowasiýa syýasatyny durmuşa geçirmek üçin innowasiýa önümlerini getirmek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek üçin döwlet buýurmasy barasyndaky ýüztutmasyna ileri tutulýan tertipde…
13-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklarynyň işine döwlet gözegçiligi
Ylmy-tehnologiýa parklarynyň işine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde, innowasiýa işini düzgünleşdirmek babatda ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan ylym we tehnika babatdaky işi düzgünleşdirmegi amala…
14-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň emläk gatnaşyklary
1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň emlägi maddy we maliýe serişdelerinden, intellektual eýeçiligiň obýektlerinden, beýleki emläk hukuklaryndan ybarat bolup durýar. 2. Ylmy-tehnologiýa parkynyň emlägi we serişdeleri: 1) onuň esaslandyryjylarynyň…
15-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parkyny maliýeleşdirmek
1.Ylmy-tehnologiýa parkyny maliýeleşdirmegiň ýörelgeleri we tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna we ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyryjy resminamalaryna laýyklykda bellenilýär. 2. Ylmy-tehnologiýa parkyny maliýeleşdirmegiň çeşmelerine…
16-njy madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň işine salgyt salmak
Ylmy-tehnologiýa parkynyň işine salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
17-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan satyn alnan we Türkmenistanyň çägine getirilýän ylmy,barlaghana we barlag enjamlary, olaryň toplaýjylary hem-de materiallary babatda gümrük pajynyň ulanylyşy 1. Ylmy-tehnologiýa parklary tarapyndan…
18-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklarynyň enjamlaryny standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak
Ylmy-tehnologiýa parklarynyň ylmy, barlag we beýleki enjamlaryny standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, şeýle hem olarda döredilýän barlaghanalaryň döwlet akkreditasiýasy (attestasiýasy) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen düzgünlere…
19-njy madda
Tehnologiýalara we intellektual eýeçilik hukugynyň obýektlerine emläk hukuklary
1. Ylmy-tehnologiýa parkynyň innowasiýa taslamalaryny ýerine ýetiren mahalynda we başga innowasiýa işi netijesinde döredilen tehnologiýalar we intellektual eýeçilik hukugynyň obýektleri, şu maddanyň 2-nji böleginde görkezilen ýagdaýlardan…
20-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parklarynyň halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşmagy
1. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň halkara şertnamalary esasynda amala aşyrylýar. 2. Ylmy-tehnologiýa parklaryny döretmek we olaryň işi babatda halkara hyzmatdaşlygynyň esasy…
21-nji madda
Ylmy-tehnologiýa parkynyň işini bes etmek
Ylmy-tehnologiýa parkynyň işini bes etmek Türkmenistanyň kanunçylygy we ylmy-tehnologiýa parkynyň esaslandyryjy resminamalary bilen bellenilen esaslar boýunça diňe ony ýapmak arkaly amala aşyrylýar.
22-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
23-nji madda
Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.