Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän döwlet eýeçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
12.03.2010 · № 94-IV
«Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän döwlet eýeçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
22 madda · 8 sahypa
22 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän döwlet eýeçiligi - daşary ýurtlarda ýerleşýän Türkmenistanyň eýeçilik hukugyna degişli bolan emläkler, gymmatly kagyzlar, intellektual işiň…
2-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy we şu
Kanunyň hereket ediş çygry 1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan, eýeçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki…
3-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi babatynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň, Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň we Türkmenistanyň eýeçiliginiň ýerleşýän ýerindäki döwletleriň kanunçylygynyň we şu Kanunyň…
4-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň immuniteti
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi babatynda eýeçiligiň ýerleşýän ýeriniň döwleti tarapyndan, onuň häkimiýet edaralary, ýuridik we fiziki şahslary tarapyndan mejbury aýrybaşgalanmagyna ýol berilmeýär.
5-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçilik hukugynyň subýektleri
Türkmenistanyň adyndan daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi dolandyrmak şu aşakdakylar tarapyndan amala aşyrylýar: a) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti; b) döwlet emlägini dolandyrmak we ygtyýar etmek wezipelerini amala aşyrmaga ygtyýarlygy…
6-njy madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektleri Türkmenistan tarapyndan we (ýa-da) onuň adyndan edinilen emläk hem-de obýektler olaryň edinilen wagtyna garamazdan, Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bolup…
7-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny edinmek we bes etmek
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny edinmek we bes etmek Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalaryny, halkara hukugynyň kadalaryny hem-de eýeçilik obýektleriniň ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň…
8-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini gözlemek
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän obýektlerine eýeçilik hukugynyň alamatlary bar bolsa, gözleg yglan edilip bilner. 2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçilik hukugynyň obýektlerini gözlemek Türkmenistanyň adyndan ýerine…
9-njy madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny resmileşdirmek Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägine eýeçilik hukugyny resmileşdirmek şu Kanunda we Türkmenistanyň eýeçiliginiň ýerleşýän döwletiniň kanunçylygynda…
10-njy madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini saklamak borjy
1. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalarynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini saklamak borjuny Türkmenistan çekýär. 2. Türkmenistanyň daşary…
11-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägini ätiýaçlandyrmak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emlägi Türkmenistanyň peýdasyna emläkleýin ätiýaçlandyrylmaga degişlidir. 2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen ýuridik şahslar özlerine hojalygy alyp barmaga,…
12-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligine ýetirilen zyýany töletdirmek
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligine ýetirilen zyýan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda günäkär adamlara töletdirilýär.
13-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän emläginiň obýektlerini döwlet belligine almak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerine eýeçilik hukugy, ol hukuklaryň döremegi, çäklendirilmegi, başga birine geçmegi we bes edilmegi Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň Döwlet sanawynda bellige…
14-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini hasaba almak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini hasaba almak we tükellemek Türkmenistanyň döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edarasy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň daşary…
15-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň obýektlerini deklarirlemek
Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde özleriniň eýelik etmeginde, peýdalanmagynda, ygtyýar etmeginde, şol sanda hojalygy ýöretmekde, kärendede, lizingde, ynançly…
16-njy madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrýan edaralar
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýa-da onuň ygtyýarly eden ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy dolandyrýar. 2. Türkmenistanyň döwlet häkimiýetiniň edaralary Türkmenistanyň daşary ýurtda…
17-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmak
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ynanç hatlarynyň esasynda dolandyrylýar. Ynanç hatyna ygtyýarly edilen edaranyň ýolbaşçysy…
18-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmaga ynanç hatyny bermegiň şertleri
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligini dolandyrmaga ynanç haty Türkmenistanyň eýeçiliginiň ýerleşýän döwletiniň çäginde eýeçiligi dolandyrmak meselelerinde ygtyýarly döwlet edarasyna, ýuridik ýa-da fiziki şahsa berilýär. 2.…
19-njy madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bilen baglanyşykly geleşikler
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi bilen baglanyşykly geleşikler şu Kanun, Türkmenistanyň we eýeçiligiň ýerleşýän ýurdunyň beýleki kanunçylyk namalarynyň esasynda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän…
20-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň barlagy
1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiligi barlag geçirilmäge degişlidir. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň…
21-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän, Türkmenistanyň diplomatik we halkara söwda däl işini üpjün etmek üçin niýetlenilen eýeçiligini dolandyrmagyň aýratynlyklary 1. Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän, diplomatik we halkara söwda däl…
22-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň ýörite obýektlerini dolandyrmagyň aýratynlyklary
Türkmenistanyň daşary ýurtda ýerleşýän eýeçiliginiň ýörite obýektlerini (intellektual işiň netijeleri, maglumat serişdeleri we ş.m.) dolandyrmagyň aýratynlyklary halkara hukugynyň kadalaryna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda…