Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Radiasiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
15.08.2009 · № 56-IV
«Radiasiýa howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
27 madda · 9 sahypa
27 madda
1-nji madda
Ilatyň radiasiýa howpsuzlygy
Ilatyň radiasiýa howpsuzlygy (mundan beýläk - radiasiýa howpsuzlygy) - adamlaryň we geljekki nesilleriň saglygynyň hem-de janynyň, şeýle hem daşky gurşawyň ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň zyýanly täsirinden goraglylygynyň ýagdaýy.
2-nji madda
Türkmenistanyň radiasiýa howpsuzlygy hakyndaky kanuncylygy
1. Türkmenistanyň radiasiýa howpsuzlygy hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de ol şu Kanundan we Türkmenistanyň radiasiýa howpsuzlygynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan…
3-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlarynda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) ionlaşdyryjy şöhle saçma - maddalardaky zarýadlanan bölejikleriň radioaktiw dargamagynda, ýadro öwrülmelerinde, togtamagynda emele gelýän hem-de gurşaw bilen özara täsirde…
4-nji madda
Radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň ýörelgeleri
Radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň esasy ýörelgelerine şular degişlidir: 1) kadalaşdyryş ýörelgesi - adamlaryň ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň ähli çeşmelerinden şöhlelenmesiniň bir adama düşýän mukdarynyň ýol berilýän çäklerinden…
5-nji madda
Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar
Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda: radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär; radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet tarapyndan dolandyrmagyň bir…
7-nji madda
Döwlet ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky ygtyýarlyklary
Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde: 1) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala…
8-nji madda
Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda ygtyýarlyklary
Ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda: radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda çäkler boýunça maksatnamalary işläp düzýärler we…
9-njy madda
Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça barlag we gözegçilik edilmegi
1. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet barlagy hem-de gözegçiligi ygtyýarly ýerine ýetiriji döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen bilelikde öz…
10-njy madda
Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet kadalaşdyrmasy
1. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet kadalaşdyrmasy sanitariýa düzgünleriniň, kadalarynyň, gigiýena ölçegleriniň, radiasiýa howpsuzlygynyň düzgünleriniň, döwlet standartlarynyň, gurluşyk kadalarynyň we düzgünleriniň,…
11-nji madda
Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerini ulanmak bilen baglanyşykly işleriň we hyzmatlaryň amala aşyrylmagy
Radioaktiw maddalary we materiallary hem-de ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň başga çeşmelerini öndürmek, tehniki hyzmat etmek, bejermek, daşamak, saklamak, ammarlaşdyrmak bilen baglanyşykly işler we hyzmatlar Türkmenistanyň kanunçylygynda…
12-nji madda
Radioaktiw galyndylaryň saklamak hem-de ýere gömmek maksady bilen Türkmenistana getirilmeginiň gadagan edilmegi Radioaktiw galyndylaryň saklamak hem-de ýere gömmek maksady bilen Türkmenistana getirilmegi gadagan edilýär.
13-nji madda
Radiasiýa howpsuzlygynyň ýagdaýyna baha bermek
1. Radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreler meýilnamalaşdyrylanda, çözgütler kabul edilende we çäreler geçirilende, agzalan çäreleriň netijeliligi seljerilende döwlet edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi…
14-nji madda
Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bilen iş alnyp barlanda radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine bildirilýän talaplar
Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmeleri bilen iş alnyp barlanda olardan peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar: 1) şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny, şeýle hem radiasiýa howpsuzlygyny üpjün…
15-nji madda
Tebigy radionuklidler täsir edýän mahalynda radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Adamlaryň radonyň, onuň dargamagynyň düzüm bölekleriniň, şeýle hem uzak ömürli tebigy radionuklidleriň täsiri netijesinde ýaşaýyş we önümçilik jaýlarynda şöhlelenmegi bellenen ölçeglerden geçmeli däldir. 2. Adamlary tebigy…
16-njy madda
Iýmit önümleriniň we agyz suwunyň radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi Azyk çig maly, iýmit önümleri, agyz suwy we taýýarlanan, saklanan, daşalan we ýerlenen mahalynda olar bilen galtaşýan materiallar we önümler radiasiýa howpsuzlygyny…
17-nji madda
Lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende raýatlaryň radiasiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi
1. Lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende raýatlary goramagyň serişdelerinden peýdalanylmalydyr. Lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende raýatlaryň şöhlelenme mukdary radiasiýa howpsuzlygy babatda ulanylýan kadalara,…
18-nji madda
Şöhlelenmäniň bir adama düşýän mukdaryny barlamak we hasaba almak
Adamlaryň ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerinden peýdalynalanda, lukmançylyk rentgen-radiologiýa işleri geçirilende alan, şeýle hem tebigy radiasiýa we tehnogen üýtgedilen radiasiýa fony bilen şertlendirilen şöhlelenmesiniň bir adama…
19-njy madda
Ilatyň we işgärleriň radiasiýa heläkçiliginden goralmagy
Radiasiýa heläkçiligi bolup biljek kärhanalarda, guramalarda, edaralarda we beýleki obýektlerde şularyň bolmagy hökmanydyr: 1) bolup biläýjek radiasiýa heläkçilikleriniň sanawy, olaryň netijeleriniň hem-de radiasiýa ýagdaýynyň döremeginiň…
20-nji madda
Radiasiýa heläkçiligi bolan mahalynda peýdalanyjylaryň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça borçlary Ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň çeşmelerini ulanmak bilen işi amala aşyrýan peýdalanyjy radiasiýa heläkçiligi bolan halatynda şulara…
21-nji madda
Radiasiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek üçin işe çekilýän raýatlaryň meýilnamalaşdyrylýan ýokary şöhlelenmesi
1. Radiasiýa heläkçiliginiň netijelerini ýok etmek, heläkçilikde halas ediş işleri we dezaktiwasiýa üçin işe çekilýän raýatlaryň meýilnamalaşdyrylýan ýokary şöhlelenmesi diňe adamlary halas etmek we olaryň has köp şöhlä tutulmagynyň öňüni…
22-nji madda
Raýatlaryň radiasiýa howpsuzlygyna bolan hukuklary
Türkmenistanyň raýatlarynyň, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň radiasiýa howpsuzlygyna bolan hukuklary bardyr. Bu hukuk adamyň bedenine ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň bellenen kadalardan…
23-nji madda
Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň maglumat almaga bolan hukugy
Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde ygtyýarly döwlet edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen radiasiýa howpsuzlygy boýunça…
24-nji madda
Raýatlaryň janyna, saglygyna we emlägine ionlaşdyryjy şöhle saçma, şeýle hem radiasiýa heläkçiligi netijesinde şöhlelenmegi bilen şertlendirilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna bolan hukugy 1. Raýatlaryň öz janyna,…
25-nji madda
Raýatlaryň radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatda borçlary
Türkmenistanyň raýatlary, Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar şulara borçludyrlar: 1) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek babatdaky talaplary berjaý etmäge; 2) radiasiýa howpsuzlygyny üpjün…
Öňki
1 / 2
Indiki