Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
15.08.2003 · № 191-II
«Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
6 madda · 2 sahypa
6 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy Türkmenistanyň Döwlet häkimiýetiniň nyşanydyr.
2-nji madda
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy biri-biriniň içinde mawy we gyzyl reňkli iki tegelek ýerleşdirilen sary-altynsow gaýmaly ýaşyl reňkli sekiz gyraňly şekillendirilendir. Tegelekleriň arasynda birmeňzeş ini bolan sary-altynsow zolaklar bar.…
3-nji madda
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekili şu aşakdaky ýerlerde ýerleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezident köşgüniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriniň, Döwlet…
4-nji madda
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň şekili ýerine ýetirilen mahaly möçberine garamazdan, ol hemişe şu Kanunda bellenilen reňkli ýa-da bir öwüşginli (reňksiz) şekiline laýyk bolmaly.
5-nji madda
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasy şekillendirilen möhürleri taýýarlamagyň, peýdalanmagyň, saklamagyň hem-de ýok etmegiň tertibini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti kesgitleýär.
6-njy madda
"Türkmenistanyň Döwlet gerbi hakyndaky" 1992-nji ýylyň Baýdak aýynyň 19-yndaky Türkmenistanyň Kanunyny güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.