Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.12.2013 · № 459-IV
«Sertifikatlaşdyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
26 madda · 12 sahypa
26 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler ulanylýar: 1) sertifikatlaşdyrmak - netijesi sertifikatlaşdyrmagyň obýektiniň sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalarda bellenen talaplara laýyk gelşiniň resminamalaýyn tassyk…
2-nji madda
Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatdaky kanunçylygy
• 1. Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatdaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket edýän çygry
• • 1. Şu Kanun sertifikatlaşdyrmak babatdaky iş bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär. • 2. Şu Kanun döwlet edaralarynyň, olaryň döwlet akkreditasiýasyny almagynyň zerurlygy boýunça, Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatda iş…
4-nji madda
Sertifikatlaşdyrmagyň maksatlary
• • Şular sertifikatlaşdyrmagyň maksatlary bolup durýar: • 1) fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän önümden, işleriň ýerine ýetirilmeginden, hyzmatlaryň…
5-nji madda
Sertifikatlaşdyrmagyň ýörelgeleri
Sertifikatlaşdyrmak aşakdakylar esasynda amala aşyrylýar: • 1) sertifikatlaşdyrmagyň geçirilişiniň tertibi baradaky maglumatlaryň ähli gyzyklanýan şahslar üçin açyklygy we hakykylygy; • 2) ygtyýarly edaranyň, beýleki döwlet edaralarynyň,…
6-njy madda
Sertifikatlaşdyrmagyň obýektleri
1. Şular sertifikatlaşdyrmagyň obýektleri bolup durýar: • a) önüm; • b) prosesler; • ç) işiň ýerine ýetirilişi; • d) hyzmatlaryň edilmegi. • 2. Ygtyýarly edara tarapyndan sertifikatlaşdyrmagyň obýektlerine sertifikatlaşdyrmak boýunça…
7-nji madda
Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň guralyşy we amala aşyrylyşy
• 1. Sertifikatlaşdyrmagyň geçirilmegi boýunça işleriň guralmagyny ygtyýarly edara we beýleki döwlet edaralary amala aşyrýarlar. • 2. Sertifikatlaşdyrmak boýunça işler önümçiligiň barlanylmagyny, önümiň, onuň häsiýetnamalarynyň…
8-nji madda
Döwlet akkreditasiýasy (attestasiýasy)
• • 1. Ygtyýarly edaranyň garamagyndaky kärhanalaryň (guramalaryň), beýleki döwlet edaralarynyň, synag barlaghanalarynyň (merkezleriniň), bilermen-auditorlaryň sertifikatlaşdyrmak babatda anyk işleri ýerine ýetirmäge ygtyýarlylygyny…
9-njy madda
Sertifikatlaşdyrmak boýunça işleriň maliýeleşdirilmegi
• • 1. Şular sertifikatlaşdyrmak boýunça işleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup durýar: • 1) hususy telekeçilere we ýuridik şahslara ygtyýarly edara, başga döwlet edaralary tarapyndan sertifikatlaşdyrmak babatda edilýän tölegli…
10-njy madda
Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek we gözegçilik Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, özleriniň ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
11-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: • 1) sertifikatlaşdyrmak babatda bitewi döwlet syýasatyny kesgitleýär; • 2) Türkmenistanyň sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar; • 4) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň…
12-nji madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: • 1) sertifikatlaşdyrmak babatda bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; • 2) sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalary işläp düzýär we…
13-nji madda
Beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki döwlet edaralary: • 1) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde sertifikatlaşdyrmak babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar; • 2) akkreditasiýa ugruna laýyklykda önümi sertifikatlaşdyrýarlar; • 3) öz…
14-nji madda
Önümi sertifikatlaşdyrmak
1. Türkmenistanda öndürilýän önüm ýa-da Türkmenistana getirilýän önüm (Türkmenistana getirilýän ulanyşda bolan önüm muňa degişli däldir) ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde şu maddanyň ikinji, dördünji we bäşinji böleklerinde…
14¹-nji madda
Hyzmatlary sertifikatlaşdyrmak
1. Hyzmatlaryň sertifikatlaşdyrylmagy ýerine ýetirijiniň we sarp edijiniň gös-göni özara hereketiniň netijesiniň, şeýle hem ýerine ýetirijiniň sarp edijiniň isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işiniň kadalaşdyryjy resminamalaryň…
15-nji madda
Senagat howpsuzlygyny sertifikatlaşdyrmak
1. Howply önümçilik obýektleriniň, işleriň ýerine ýetirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň, önümçilik işgärleriniň goragynyň, ilata we daşky gurşawa howply we zyýanly önümçilik faktorlarynyň täsiriniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen…
16-njy madda
Laýyklyk sertifikaty we döwlet laýyklyk nyşany
1. Ygtyýarly edara, başga döwlet edarasy tarapyndan önümleriň bellenilen talaplara laýyklygy tassyk edilen mahalynda laýyklyk sertifikaty berilýär we onuň esasynda önümi öndürijiniň, taýýarlaýjynyň, ýerine ýetirijiniň, satyjynyň,…
17-nji madda
Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawy
1. Sertifikatlaşdyrmak boýunça Döwlet sanawy maglumatlar binýadyny özünde jemleýär we synag barlaghanalary (merkezleri), bilermen-auditorlar, sertifikatlaşdyrylan obýektler we önümçilikler, sertifikatlaşdyrylan önümler baradaky habarlary,…
18-nji madda
Daşary ýurt döwletleri tarapyndan berlen sertifikatlaşdyrmak boýunça resminamalaryň ykrar edilmegi
1. Önümiň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan, Türkmenistanyň çäginden daşarda alnan resminamalar Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär. Halkara şertnamasy bolmadyk ýagdaýynda, önümiň hilini we howpsuzlygyny…
19-njy madda
Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik barlagynyň amala aşyrylmagy
1. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik barlagy hususy telekeçiler we ýuridik şahslar tarapyndan sertifikatlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişini barlamak arkaly amala aşyrylýar. 2.…
20-nji madda
Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň esasy hukuklary we borçlary
1. Sertifikatlaşdyrmak babatda döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan wezipeli adamlaryň şulara hukugy bardyr: 1) gulluk şahadatnamasyny görkezmegi boýunça sertifikatlaşdyrylan önümleriň hiline, işleriň ýerine ýetirilmegine, hyzmatlaryň…
21-nji madda
Bilermen-auditorlaryň esasy hukuklary we borçlary
1. Bilermen-auditorlaryň şulara hukugy bardyr: 1) anyk önümleriň kybaplaşdyrylmagyny we bilermenler seljermesini amala aşyrmaga we olar boýunça özleriniň attestasiýa babatda çäklerinde netijenamalary bermäge; 2) barlanylýan kärhananyň…
22-nji madda
Önüm öndürijileriň, taýýarlaýjylaryň, ýerine ýetirijileriň, satyjylaryň, iberijileriň esasy hukuklary we borçlary
1. Önüm öndürijileriň, taýýarlaýjylaryň, ýerine ýetirijileriň, satyjylaryň, iberijileriň şulara hukuklary bardyr: 1) sertifikatlaşdyrmakdan geçen önümler babatda döwlet laýyklyk nyşanyny ulanmaga; 2) beýleki döwlet edaralarynyň, synag…
23-nji madda
Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
24-nji madda
Jedelleriň çözülişi
Sertifikatlaşdyrmak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
Öňki
1 / 2
Indiki