Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
24.01.2001 · № 57-II
«Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
8 madda · 2 sahypa
8 madda
1 madda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň halkynyň agzybirliginiň we Garaşsyzlygynyň hem-de döwlet Bitaraplygynyň nyşanydyr.
2 madda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy gönüburçly matadyr. Baýdagyň uzynlygy onuň ininden birýarym esse uludyr. Baýdak ýaşyl reňklidir. Gyzyl-gyrmyzy zolakda ýokardan aşak bäş sany esasy haly gölleri bolan ahalteke, ýomut, salyr, çowdur, ärsary…
3 madda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşakdaky ýerlerde gerilýär: Türkmenistanyň Prezident köşgüniň, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş…
4 madda
Hatyra güni - 6-njy oktýabrda hatyra çäresi hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy aşak düşürilýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň yglan eden çözgüdi boýunça beýleki halatlarda matam tutmak we hatyra…
5 madda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy, onuň reňki, şekili, ölçegi we materialy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hakyndaky Düzgünnama arkaly bellenilen ölçege, reňke, materiala we şekile laýyk…
6 madda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylan we düşürilen mahaly, şeýle hem dabaraly yöriş bilen geçilen mahaly baýdaga hormat goýmak, nyzamy «göneliň» ýagdaýynda amala aşyrylýar.
7 madda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüňi alyp barmak) arkaly hem-de islendik beýleki görnüşde hormatyny gaçyrmaga, şeýle hem oňa hormat goýmazlyga ýol berilmeýär.
8 madda
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şu Kanunyň talaplarynyň bozulyp ulanylmagy, onuň hormatynyň gaçyrylmagy ýa-da oňa hormat goýulmazlygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.