Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.12.2013 · № 460-IV
«Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
30 madda · 16 sahypa
30 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) temmäki - temmäki önümleriniň öndürilmegi üçin çig mal (temmäki çig malyny) almak maksady bilen ösdürilip ýetişdirilýän, düzüminde nikotin we adamyň saglygy üçin zyýanly beýleki…
2-nji madda
Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy
Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistana temmäki önümleriniň…
3-nji madda
Şu Kanunyň maksady
Keselleriň öňüni almak we temmäki önümleriniň sarp edilişini çäklendirmek, temmäki önümlerini ulanmagyň zyýanly netijeleri, adamlaryň kesellemegi we ölümi barada maglumatlary ýaýratmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy arkaly…
4-nji madda
Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Şu aşakdakylar raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goramak babatda döwlet syýasatynyň ýörelgeleri bolup durýar: 1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki…
5-nji madda
Temmäki önümleriniň görnüşleri
1. Temmäki önümleriniň görnüşi - sarp ediliş häsiýetleri we sarp ediliş usuly boýunça çekilýän we çekilmeýän meňzeş temmäki önümleriniň jemi. 2. Temmäki önümlerine şu aşakdakylar degişlidir: 1) çilim - temmäki bogusynyň böleginden durýan,…
6-njy madda
Temmäki önümleriniň düzümindäki zyýanly maddalaryň görnüşleri
Temmäki önümleriniň düzümindäki zyýanly maddalaryň görnüşlerine şular degişlidir: 1) nikotin - temmäki ýapragynda we temmäki tüssesinde bolýan alkaloid; 2) şepbik - nikotini bolmadyk temmäki tüssesiniň suwy çekilen kondensaty; 3) uglerodyň…
7-nji madda
Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda döwlet dolandyrylyşyny amala aşyrýan edaralar
Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda döwlet dolandyrylyşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki…
8-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: 1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň…
9-njy madda
Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara: 1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we…
10-njy madda
Beýleki döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Beýleki döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: 1) raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa…
11-nji madda
Beýleki döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan temmäki önümleriniň dolanyşygynyň, mahabatlandyrylmagynyň we ulanylmagynyň çäklendirilmeginiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
Temmäki önümleriniň dolanyşygynyň, mahabatlandyrylmagynyň we ulanylmagynyň çäklendirilmeginiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şeýle-de şu aşakdakylar tarapyndan amala aşyrylýar: 1) temmäki önümleriniň Türkmenistanyň gümrük serhediniň…
12-nji madda
Temmäki önümleriniň bahasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Temmäki önümleriniň bahasynyň derejesini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek çäreleri olara iň pes bölek satuw bahalaryň bellenilmegi bilen amala aşyrylýar. 2. Temmäki önümlerine iň pes bölek satuw bahalary Türkmenistanyň Ministrler…
13-nji madda
Temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň çäginde temmäki önümleriniň bölek satuw söwdasy şu aşakdakylar bolanda amala aşyrylýar: 1) temmäki…
14-nji madda
Temmäki önümleriniň getirilmeginiň we lomaý söwdasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Temmäki önümleriniň getirilmegini Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen degişli ygtyýarnamasy bolan şahslar amala aşyrýarlar, şu maddanyň dördünji bölegi muňa degişli däldir. 2. Bir çilimiň tüssesinde nikotini,…
15-nji madda
Temmäki önümlerine salgyt salynmagy
Temmäki önümlerine salgyt salynmagy Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
16-njy madda
Temmäki önümlerine bildirilýän umumy talaplar
1. Türkmenistanyň çägine getirilýän temmäki önümleri Türkmenistanyň kadalaşdyryjy resminamalaryna laýyk gelmelidir. 2. Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda dolanyşygy Türkmenistanda gadagan…
17-nji madda
Aksiz belgileri (markalar)
1. Temmäki önümleriniň belgilenmegi üçin belgileriň nusgalaryna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. 2. Temmäki önümleri üçin aksiz belgisi pugta hasabatlylygyň resmi kagyzy bolup durýar, onuň…
18-nji madda
Çilimleriň tüssesiniň düzümindäki zyýanly maddalara bildirilýän talaplar
1. Süzgüçli bir çilimiň tüssesiniň düzümindäki zyýanly maddalaryň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalardan ýokary geçip bilmez. 2. Bir çilimiň tüssesiniň düzümindäki zyýanly maddalaryň möçberiniň döwürleýin peseldilmegi…
19-njy madda
Raýatlaryň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygyň goralmagy babatda hukuklary we borçlary
1. Raýatlar temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygyň goralmagy babatda şu aşakdaky hukuklara eýedirler: 1) özleriniň ýaşamagy üçin amatly gurşawa we temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki…
20-nji madda
Ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden raýatlaryň saglygynyň goralmagy babatda hukuklary we borçlary
1. Ýuridik şahslar we hususy telekeçiler temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden saglygyň goralmagy babatda şu aşakdakylara hukuklary bardyr: 1) temmäki önümleri we olary ulanmagyň netijesinde ýetýän…
21-nji madda
Temmäki önümlerini ulanyjylar üçin maglumatlaryň ýazylmagynyň kadalary
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda temmäki önümlerini ulanyjylar üçin göz öňünde tutulan maglumatlar aşakda görkezilen ýerlerde ýerleşdirilmelidir: 1) sarp ediliş gabynda (gapda, daňyda, gutyda); 2) temmäki önümlerini sarp edijiler üçin sarp…
22-nji madda
Temmäki önümleriniň düzümindäki ingrediýentler hakynda maglumatlara bildirilýän talaplar
1. Türkmenistanyň çäginde ýerlenilýän temmäki önümini taýýarlaýjy ýa-da import ediji hasabat senenama ýylyndan soň gelýän ýylyň 1-nji martyndan gijä galman her ýyl ygtyýarly edara temmäki önümleriniň düzümindäki ingrediýentler hakynda…
23-nji madda
Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň öňüniň alynmagy
1. Temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň öňüni almak maksady bilen şular amala aşyrylýar: 1) Türkmenistana getirilýän temmäki önümleriniň, lomaý we bölek söwdasy amala aşyrylan mahalynda hasaba alynmagy; 2) Türkmenistanyň kanunçylygyna…
24-nji madda
Aýry-aýry çäklerde, kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň jaýlarynda temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi
Temmäki tüssesiniň adam saglygyna täsiriniň öňüni almak üçin şu aşakdaky ýerlerde temmäki önümlerini çekmek gadagan edilýär: 1) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň jaýlarynda, eýeçiliginiň…
25-nji madda
Temmäki önümlerini mahabatlandyrmagyň sarp edilmegini höweslendirmegiň, satmagyň we olara hemaýatkärlik etmegiň gadagan edilmegi
1. Temmäki önümleriniň sarp edilmegini azaltmak maksady bilen, şular gadagan edilýär: 1) temmäki önümleriniň islendik görnüşde we islendik keşpde köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, şeýle hem söwda ýerlerinde mahabatlandyrylmagy; 2)…
Öňki
1 / 2
Indiki