Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Lizing hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
15.09.1999 · № 391-1
«Lizing hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
25 madda · 8 sahypa
25 madda
1 madda
Şu Kanunda peýdalanylan esasy düşünjeler
Bu Kanunda şu esasy düşünjeler peýdalanyldy: lizing-lizing şertnamasynda şertlenilen emläk lizing alyja peýdalanmak üçin kireýine berlende ýüze çykýan gatnaşyklardyr, ol lizing alyjy üçin lizing beriji tarapyndan taýýarlanylýar ýa-da öz…
2 madda
Lizing hakyndaky kanunçylyk
1. Lizing hakyndaky kanunçylyk şu Kanundan we Türkmenistanyň gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki normatiw hukuk aktlaryndan durýar. 2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly başga düzgünler göz öňünde tutulan bolsa, onda…
3 madda
Lizingiň predmeti
1. Kärhanalar we beýleki emläk toplumlary, jaýlar, desgalar, enjamlar, transport serişdeleri hem-de esasy serişdä dahylly gozgalýan we gozgalmaýan beýleki emläkler lizingiň predmeti bolup bilerler. 2. Ýer uçastoklary we beýleki tebigy…
4 madda
Lizingiň subýektleri
1. Lizing beriji, lizing alyjy we lizing predmetini satyjy lizingiň subýektleri bolup durýar. 2. Lizingiň subýektleriniň islendigi Türkmenistanyň wekili hem bolup biler, şeýle-de wekili bolman hem biler. 3. Lizingiň anyk predmeti babatda…
5 madda
Içerki we halkara lizingi
1. Içerki lizing amala aşyrylanda lizingiň subýektleri Türkmenistanyň wekilleri bolýar. 2.Halkara lizingi amala aşyrylanda lizing beriji ýa-da lizing alyjy Türkmenistanyň wekili bolmaýar.
6 madda
Lizing şertnamasy
1. Lizing şertnamasy lizing berijiniň, lizing alyjynyň we lizing predmetini satyjynyň gatnaşmagy bilen köptaraplaýyn ylalaşyk ýa-da lizing berijiniň we lizing alyjynyň arasyndaky ikitaraplaýyn ylalaşyk görnüşinde baglaşylyp bilner. 2.…
7 madda
Lizilng şertnamasynyň mazmuny
1. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 600-nji maddasynda kesgitlenilen düzgünlerden başga lizing şertnamasy şulary öz içine almalydyr: taraplaryň atlaryny; lizingiň predmetine, ony bermegiň şertlerini we möhletlerini; lizing şertnamasynyň…
8 madda
Lizing şertnamasynyň hereket etmeli möhleti
Lizing şertnamasynyň hereket etmeli möhleti bellenilýär we ol: eger onuň gulluk etmeli möhleti 10 ýyldan az bolsa, lizing predmetiniň gulluk möhletiniň 80 prosentinden geçmelidir; ýa-da eger onuň gulluk etmeli möhleti 10 ýyldan köp bolsa,…
9 madda
Lizing şertnamasyny üýtgetmek we ýatyrmak
Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, taraplaryň razylygy bilen lizing şertnamasyny üýtgetmek we ýatyrmak bolýar.
10 madda
Lizing işi
1. Lizing işi - lizing berijiniň lizing şertnamasy arkaly kesgitlenilen wezipelerini amala aşyrmak boýunça telekeçilik işiniň bir görnüşidir. 2. Lizing beriji şular bolup biler: lizing kompaniýalary (firmalary) - lizing işini amala aşyrmak…
11-nji madda
Sublizing
Lizing şertnamasy boýunça alnan lizingiň obýektini lizing berijiniň ýazmaça beren ylalaşygy (razylygy) boýunça lizing şertnamasy esasynda, onuň öňünde jogapkär bolup galmak bilen, üçünji tarapa (sublizingi) wagtlaýyn eýelik etmek we…
12 madda
Lizing berijiniň hukuklary we borçlary
Lizing berijiniň şulara hukugy bardyr, ýagny: lizing şertnamasynyň we beýleki ugurdaş şertnamalarynyň şertleriniň lizing alyjy tarapyndan berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga; lizing predmetiniň ýagdaýyny we peýdalanylyşynyň…
13 madda
Lizing alyjynyň hukuklary we borçlary
Lizing alyjynyň şulara hukugy bardyr, ýagny: lizing berijiden lizing şertnamasy boýunça özüniň alan borçlaryny berjaý etmegini talap etmäge, şeýle hem lizing şertnamasyny ýerine ýetirmänliginiň ýa-da degişli derejede ýerine ýetirmänliginiň…
14 madda
Lizing predmetini satyjynyň hukuklary we borçlary
Lizing predmetini satyjynyň lizing predmetini satyn almak-satmak şertnamasy, degişli halatlarda bolsa, lizing şertnamasy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuklary we borçlary bardyr.
15 madda
Lizing berijiniň we lizing alyjynyň öz hukuklaryny üçünji şahsa (tarapa) bermegi
1. Lizing beriji lizing şertnamasy we lizing predmetini satyn almak-satmak şertnamasy boýunça öz hukuklaryny üçünji şahsa (tarapa) bu barada lizing alyja mälim etmek bilen, dolulygyna ýa-da bölekleýin berip biler. 2. Lizing alyjy lizing…
16 madda
Lizing predmetine eýelik etmek hukugy
1. Lizing şertnamasynyň hereket etmeli bütin dowamynda lizing predmeti lizing berijiniň eýeçiligindäki zat bolýar. 2. Lizing predmetinden peýdalanmak hukugy lizing alyja diňe lizing şertnamasynda kesgitlenilen şertlerde degişlidir. 3.…
17 madda
Lizing predmetini bellige almak
1. Döwlet organdarynda bellige alynmagy talap edilýän lizing predmetleri lizing berijiniň ýa-da lizing alyjynyň adyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynýar. Şonda ol bellige alynýan dokumentlerde lizing…
18 madda
Lizing predmetiniň amortizasiýasy
1. Lizinge goýberilen amortizasion pul emlägi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaplanyp çykarylýar. 2. 8 maddadaky talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin lizing şertnamasynyň taraplarynyň özara ylalaşyk boýunça…
19 madda
Lizing predmetiniň girew hökmünde peýdalanylmagy
1. Lizing berijiniň lizing predmetini girew hökmünde ulanmaga, lizing alyjyny bu hakda deslapdan mälim etmek şerti bilen, eger lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, haky bardyr. 2. Lizing alyjynyň lizing…
20 madda
Lizing predmetiniň strahowaniýesi
Lizing beriji lizing predmetiniň strahowaniýesini onuň lizing alyja berilmeginden öň amala aşyryp biler we onuň amala aşyrylmagyna edilýän çykdajylary inwestision harajatlara-da goşmaga haklydyr.
21 madda
Lizing predmeti bilen baglanyşykly töwekgellik
Lizing predmeti bilen baglanyşykly ähli töwekgelligi, şol sanda onuň tötänden ýitmek (wepat bolmak) ýa-da tötänden zaýalanmak, şeýle hem ogurlanmak, wagtyndan öň dagamak, döwülmek töwekgelligini eger lizing şertnamasynda başga hili ýagdaý…
22 madda
Lizing berijiniň inwestision çykdajylary
Lizing berijiniň inwestision çykdajylary diýlip, lizing alyjynyň lizing predmetini satyn almak we peýdalanmak bilen baglanyşykly çykdajylaryna we harajatlaryna düşünilýär, şol sanda: lizing predmetiniň bahasy (gymmaty); lizing predmetini…
23 madda
Lizing tölegleri
1. Lizing şertnamasy boýunça lizing predmetini peýdalanmak üçin berlen töleg lizing alyjy tarapyndan lizing tölegleri görnüşinde lizing alyjy tarapyndan amala aşyrylýar. Lizing tölegleri lizing şertnamasynyň hereket etmeli möhletiniň bütin…
24 madda
Lizingiň subýektleriniň jogapkärçiligi
Lizing şertnamasynda göz öňünde tutulan borçlaryň berjaý edilmändigi üçin lizingiň subýektleri lizing şertnamasyna we Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
25 madda
Lizing şertnamasy boýunça jedelleriň çözülişi
Lizing şertnamalaryndan ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sud tertibinde çözülýär. Halkara lizing şertnamalaryndan ýüze çykýan jedellere şertnamada şertlenilen ýurduň kanunçylygyna laýyklykda sud tertibinde…