Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
29.08.2013 · № 424-IV
«Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
29 madda · 11 sahypa
29 madda
1-nji madda
Esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: 1) awtogaz dolduryjy kompressor bekedi - motor ýangyjy hökmünde peýdalanmak maksady bilen gysylan tebigy gazy komprimirlemek, saklamak we ýerlemek üçin niýetlenen tehnologik toplum; 2) gaz…
2-nji madda
Uglewodorod gazy we gaz üpjünçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Uglewodorod gazy (mundan beýläk - gaz) we gaz üpjünçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup…
3-nji madda
Şu Kanunyň hereket ediş çygry
Şu Kanunyň hereketi gazy çykarmagyň, gaýtadan işlemegiň, saklamagyň, daşamagyň we ibermegiň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir, "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Nebit işlerini geçirmegiň hem-de…
4-nji madda
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgeleri
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatynyň ýörelgeleri şu aşakdakylardyr: 1) ilatyň ýaşaýşynyň durmuş-ykdysady şertlerini gowulandyrmak, senagat we ekologiýa howpsuzlygyny hasaba almak bilen tehniki ösüşi üpjün etmek we…
5-nji madda
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi amala aşyrýan edaralar
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, gazy çykarmak, gaýtadan işlemek, saklamak, daşamak we ibermek babatda ygtyýarly döwlet edarasy (mundan beýläk - ygtyýarly edara) we…
6-njy madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki ygtyýarlylygy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde: 1) gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet syýasatyny kesgitleýär; 2)…
7-nji madda
Ygtyýarly edaranyň gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde: 1) döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; 2) gaz çygryny we gaz üpjünçilik ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň, gazlaşdyrmagyň milli maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna we…
8-nji madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gaz çygryndaky we gaz üpjünçiligindäki ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde: 1) gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň ulanylmaga kabul edilmegine we olar ýatyrylanda ýer bölekleriniň kabul edilmegine gatnaşýarlar; 2) heläkçilikleriň we…
9-njy madda
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde tehniki kadalaşdyrmak, standartlaşdyrmak we güwälendirmek
1. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň işi bilen adamlaryň ömrüne we saglygyna, daşky gurşawa ýetirilip bilinjek zyýanyň (zeleliň) öňüni almak maksady bilen görkezilen ulgamyň aýry-aýry obýektleri we enjamy üçin Türkmenistanyň…
10-njy madda
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
11-nji madda
Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamy
1. Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamy Türkmenistanda gaz üpjünçiliginiň esasy ulgamydyr. 2. Gaz üpjünçiligiň ýeke-täk ulgamy gaz geçirijileri, gazyň saklawhanalaryny, gaz paýlaýjy ulgamlary, awtogaz dolduryjy…
12-nji madda
Gaz üpjünçiliginiň ýeke-täk ulgamynyň bölünmezligi
Gazyň ygtybarly üpjün edilmegini, gazy çykarmagyň, daşamagyň we ibermegiň umumy tehnologik düzgüni bilen baglanyşykly gaz üpjünçiliginiň ýeke-täk ulgamynyň obýektleriniň howpsuz we durnukly işlemegini üpjün etmek üçin gaz üpjünçiliginiň…
13-nji madda
Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamyny tehnologik we dispetçerçilik taýdan dolandyrmak
1. Içerki sarp edijileri gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk ulgamyny tehnologik we dispetçerçilik taýdan dolandyrmak milli operator (mundan beýläk - operator) tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Operator: 1) gaz bilen üpjün etmegiň ýeke-täk…
14-nji madda
Ýeke-täk gaz bazaryny döretmegiň we ösdürmegiň esaslary
Türkmenistanyň çäginde ýeke-täk gaz bazaryny döretmegiň we ösdürmegiň esaslary şu aşakdakylardyr: 1) gazy önümçilige we durmuşa energetiki we ýangyç serişdesi hökmünde giňden ornaşdyrmagyň esasynda gazy sarp edijileriň toparyny döretmek -…
15-nji madda
Türkmenistanda gazlaşdyrmagy ösdürmegiň esaslary
1. Türkmenistanyň çäkleriniň, şeýle hem ýaşaýyş jaý we jemagat hojalygynyň, senagat we beýleki kärhanalaryň we guramalaryň gazlaşdyrylmagyny ösdürmek gazy çykarmagyň we sarp etmegiň geljekki deňeçerliginiň we degişli milli maksatnamalaryň…
16-njy madda
Gazy ibermegiň hukuk esaslary
1. Gazy ibermek Türkmenistanyň kanunçylygyna, Türkmenistanyň ilatyna gazy ibermegiň Kadalaryna we Türkmenistanda kärhanalar we guramalar tarapyndan gazdan peýdalanmagyň Kadalaryna laýyklykda ony iberiji bilen sarp edijiniň arasynda…
17-nji madda
Gazy sarp edijiler tarapyndan gazy sarp ediji ulgamlaryň we gaz enjamynyň ulanylmagy
1. Gazy sarp ediji ulgamlaryň we gaz enjamynyň eýeleri olaryň ygtybarly tehniki ýagdaýyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge borçludyrlar. 2. Gazy sarp edijilere degişli gazy sarp ediji ulgamlara we gaz enjamyna tehniki hyzmat…
18-nji madda
Gazy daşamak we saklamak
1. Harytlyk gazy gaz geçirijileri we gaz üpjünçilik ulgamlary boýunça daşamak, şeýle hem harytlyk gazy harytlyk gaz saklawhanalarynda saklamak boýunça hyzmatlary gaz ulag kärhanalary we gaz bilen üpjün ediji guramalary (kärhanalary)…
19-njy madda
Gazy hasaba almak
1. Gazyň möçberini hasaba almazdan onuň daşalmagyna, saklanylmagyna we iberilmegine ýol berilmeýär. 2. Gazy hasaba almak hasaba alyş abzallary boýunça Türkmenistanyň ilatyna gazy ibermegiň Kadalaryna we Türkmenistanda kärhanalar we…
20-nji madda
Gaz üçin bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek
1. Türkmenistanda içerki bazara iberilýän gaz üçin bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek amala aşyrylýar. 2. Gaz üpjünçilik çygryndaky döwletiň baha syýasaty şulary göz öňünde tutýar: a) tutuş Türkmenistanyň senagaty boýunça gaz üçin…
21-nji madda
Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerini gurmak üçin ýer böleklerini bermek
1. Gaz üpjünçilik ulgamynyň önümçilik-tehnologik obýektlerini gurmak üçin ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde operatora hemişelik peýdalanmaga berilýär. 2. Obýektleriň gurulmagyny ýa-da abatlanylmagyny üpjün…
22-nji madda
Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň gorag zolaklary
1. Ilatyň howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak, şeýle hem gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektlerini howpsuz ulanmak üçin şertleri döretmek maksady bilen olara ýanaşyk çäklerde Türkmenistanyň Ministrler…
23-nji madda
Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi
1. Gaz çygrynda we gaz üpjünçiliginde döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 2. Gaz üpjünçilik obýektleriniň howpsuzlygyna döwlet gözegçilik barlagy we gözegçiligi şu aşakdakylary…
24-nji madda
Gaz üpjünçilik obýektleriniň senagat we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmegiň aýratynlyklary
1. Gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň howpsuz işlemegini üpjün etmek maksady bilen olaryň senagat we ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek üçin şu aşakdaky talaplar berjaý edilýär: 1) gaz üpjünçilik ulgamynyň tehnologik obýektlerini…
25-nji madda
Bolup biljek heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça hereketlere gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň taýýarlygy
1. Bolup biljek heläkçilikleri çäklendirmek we olaryň netijelerini ýok etmek boýunça hereketlere gaz üpjünçilik ulgamynyň obýektleriniň taýýarlygyny üpjün etmek maksady bilen operator şulary üpjün edýär: 1) gaz üpjünçilik ulgamynyň howply…
Öňki
1 / 2
Indiki