Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
29.08.2013 · № 427-IV
«Diplomatik derejeler hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
9 madda · 3 sahypa
9 madda
1-nji madda
Diplomatik dereje - bu diplomatik gullugyň işgärlerine berilýän aýratyn gulluk derejesi.
2-nji madda
Diplomatik gullugyň işgärlerine diplomatik derejeler olaryň hünär ugry boýunça taýýarlygy, iş döwri we iş tejribesi, diplomatik derejesinde bolan möhleti, gulluk işiniň netijeleri göz öňünde tutulyp berilýär.
3-nji madda
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine olaryň eýeleýän wezipesi boýunça şu aşakdaky diplomatik derejeler berilýär: Eýeleýän wezipesi Diplomatik dereje Türkmenistanyň Daşary işler ministri, - Adatdan daşary we Doly Türkmenistanyň…
4-nji madda
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi hem-de Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil diýen diplomatik derejeler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berilýär. Beýleki diplomatik derejeler Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünär…
5-nji madda
Diplomatik dereje üçin aýlyk wezipe hakyna goşmaça hak bellenilýär, onuň möçberi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.
6-njy madda
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi hem-de Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil diýen diplomatik derejeler ömürlik berilýär.
7-nji madda
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Wekil diýen diplomatik derejelerden mahrum etmek Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar. Beýleki diplomatik derejelerden mahrum etmek ýa-da olary…
8-nji madda
Diplomatik derejeleri bermegiň, saklamagyň we diplomatik derejelerden mahrum etmegiň tertibi Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň hödürlemegi boýunça, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan Diplomatik derejeleri bermegiň…
9-njy madda
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär. 2. 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda kabul edilen «Diplomatik ranglar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995 ý., № 3, 45-nji madda) güýjüni…