Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
20.12.1996 · № 183-1
«Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
28 madda · 6 sahypa
28 madda
1-nji madda
Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistanda hemişelik hereket edýän diplomatik wekilhanalary (mundan beýläk - diplomatik wekilhanalar) öz döwletlerine wekilçilik edýärler, resmi döwletara gatnaşyklaryny saklaýarlar, şol döwletleriň we olaryň…
2-nji madda
Diplomatik wekilhanalara halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda kesgitlenýän öz wezipelerini amala aşyrmaklary üçin şu Kanunda görkezilen artykmaçlyklar we immunitetler berilýär.
3-nji madda
Şu Kanunda görkezilen artykmaçlyklardan we immunitetlerden peýdalanýan adamlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, onuň halkynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.
4-nji madda
Şu Kanunyň maksatlary üçin ulanylýan adalgalar olaryň diplomatik gatnaşyklar hakyndaky 1961-nji ýylyň Wena Konwensiýasynda kesgitlenýän manysyna laýyklykda ulanylýar.
5-nji madda
Diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary - olaryň bellenilmegine Türkmenistanyň Hökümetiniň deslapky razylygy (agreman) bolan ilçiler we nunsiler, wekiller we internunsiler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanynda, işleri ynanylanlar bolsa…
6-njy madda
Ilçiler we nunsiler, wekiller we internunsiler Türkmenistanyň Prezidentine ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna ynanç hatlaryny gowşuran senesinden başlap öz borçlaryna girişýärler. Türkmenistanyň Halk…
7-nji madda
Ýerleşdirýän döwlet bu hakda Türkmenistanyň Hökümetini deslapdan habarly eden mahalynda diplomatik wekilhananyň baştutany ýa-da diplomatik wekilhananyň islendik agzasy başga ýa-da beýleki döwletlerde ýerleşdirilip bilner.
8-nji madda
Türkmenistanyň Hökümetiniň razylygy bilen Türkmenistanyň raýaty diplomatik wekilhananyň diplomatik personalynyň agzasy bolup biler. Şeýle razylyk islendik wagt ýatyrylyp bilner.
9-njy madda
Diplomatik wekilhanalar Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň üsti bilen Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary bilen resmi gatnaşyklary ýola goýýarlar we saklaýarlar.
10-njy madda
Diplomatik wekilhana aşakdakylar hakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini deslapdan habarly edýär: - diplomatik wekilhananyň işgärlerini bellemek, olaryň gelmegini we gitmegini ýa-da olaryň diplomatik wekilhanadaky işini togtatmak…
11-nji madda
Diplomatik wekiliniýerleşdirýän döwlet diplomatik wekilhananyň bir bölegini düzýän diwanhanany Türkmenistanyň Hökümetiniň razylygy bolmazdan Türkmenistanyň beýleki ilatly ýerlerinde döredip bilmez.
12-nji madda
Diplomatik wekilhananyň eýeleýän jaýlary eldegrilmesizdir. Olara diňe diplomatik wekilhananyň baştutanynyň ýa-da onuň ornuny tutýan adamyň razylygy bilen barmak bolar. Bu jaýlar we şolarda ýerleşýän emläk, şeýle hem diplomatik wekilhananyň…
13-nji madda
Diplomatik wekilhananyň jaýynda we diplomatik wekilhananyň baştutanynyň rezidensiýasynda diplomatik wekilini belleýän döwletiň baýdagy asylyp we nyşany goýlup bilner. Ýerleşdirýän döwletiň baýdagy diplomatik wekilhananyň baştutanynyň ulag…
14-nji madda
Diplomatik wekilhana öz hökümeti bilen, öz ýurdunyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän konsullyk we beýleki wekilhanalary, öz ýurdunyň üçünji döwletlerdäki diplomatik we konsullyk wekilhanalary bilen adaty aragatnaşyk serişdeleri, kodlanan…
15-nji madda
Diplomatik wekil belleýän döwlet we diplomatik wekilhananyň baştutany diplomatik wekilhananyň; hususy ýa-da kärendesine alnan jaýlary babatynda ähli döwlet we ýerli salgytlardan, ýygymlardan we paçlardan boşadylýar, hyzmat etmegiň anyk…
16-njy madda
Diplomatik wekilhana resmi peýdalanmak üçin niýetlenen zatlary, diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary bolsa, özleriniň şahsy peýdalanmaklary üçin niýetlenen zatlary getirip bilerler. Diplomatik…
17-nji madda
Diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary şahsy eldegrilmesizlikden peýdalanýarlar. Olar tutulyp saklanylmaga, barlanylmaga we tussag edilmäge sezewar edilip bilinmez we olara Türkmenistanyň çägi…
18-nji madda
Diplomatik wekilhananyň baştutany we wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary Türkmenistanyň jenaýat, raýat we administratiw ýurisdiksiýasynda immunitetden peýdalanýarlar. Diplomatik wekilhananyň baştutanynyň we wekilhananyň…
19-njy madda
Diplomatik wekilhananyň baştutany we diplomatik wekilhananyň diplomatik personalynyň agzalary ähli salgytlardan, ýygymlardan we paçlardan, şeýle hem aşakdakylardan başga ähli şahsy borçlaryndan boşadylýarlar: - gytaklaýyn salgytlardan; -…
20-nji madda
Şu Kanunyň 16-19-njy maddalarynda göz öňünde tutulan artykmaçlyklar we immunitetler diplomatik wekilhananyň baştutanynyň maşgala agzalaryna, şeýle hem wekilhananyň diplomatik personalynyň maşgala agzalaryna degişlidir, eger-de maşgala…
21-nji madda
Diplomatik wekilhananyň diplomatik personalynyň Türkmenistanyň raýaty bolup durýan agzalary diňe ýurisdiksiýa boýunça immunitetden hem-de resmi we gulluk wezipelerini ýerine ýetirenlerinde eldegrilmesizlikden peýdalanýarlar. Olaryň durmuş…
22-nji madda
Şu Kanuna laýyklykda artykmaçlyklara we immunitetlere hukugy bolan adam öz wezipesine girişmek üçin gelen mahalynda onuň Türkmenistanyň çägine giren pursadyndan başlap ýa-da eger ol eýýäm bu çäkde bolsa, onuň wezipä bellenilýändigi hakynda…
23-nji madda
Türkmenistan bilen öz diplomatik wekilhanasy bolan beýleki döwletleriň arasynda diplomatik gatnaşyklar kesilen halatynda: - Türkmenistanyň Hökümeti emlägi we arhiwi bilen bilelikde diplomatik wekilhananyň, jaýyny hormatlaýar we goraýar; -…
24-nji madda
Diplomatik wekilhananyň administratiw-tehniki personalynyň agzalary we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary, eger olar Türkmenistanyň raýatlary bolmasalar ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamasalar, şu Kanunyň 12-nji maddasynda (olaryň…
25-nji madda
Diplomatik wekilhananyň hyzmat ediji personalynyň Türkmenistanyň raýatlary bolup durmaýan ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan agzalary gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde olaryň eden hereketleri, şeýle hem gulluk ýeri boýunça…
Öňki
1 / 2
Indiki