Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
22.06.2013 · № 411-IV
«Türkmenistanyň raýatlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
43 madda · 13 sahypa
43 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygy
Türkmenistanyň raýatlygy - adamyň Türkmenistan bilen durnukly hukuk arabaglanyşygy bolup, ol özara hukuklaryň we borçlaryň bütin jemini aňladýar.
2-nji madda
Raýat we döwlet
1. Türkmenistan öz edaralarynyň hem-de wezipeli adamlarynyň üsti bilen her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir. Türkmenistanyň raýaty döwletiň öňünde jogapkärdir hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge, olarda…
3-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Türkmenistanyň raýatlygy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan hem-de olaryň esasynda kabul edilen Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 2. Eger-de Türkmenistanyň…
4-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygynyň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanyň raýatlygy şu esasy ýörelgelere esaslanýar: 1) her bir adamyň raýatlyga hukugy bardyr; 2) raýatlygyň berilmeginiň esaslaryna garamazdan Türkmenistanyň raýatlygy Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin deňdir; 3) adama onuň erkiniň…
5-nji madda
Türkmenistanyň raýatlary
1. Şu Kanunyň güýje giren gününde Türkmenistanyň raýatlygynda durýan, şeýle hem şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlygy berlen ýa-da ony saklamak hukugyna eýe bolan adamlar Türkmenistanyň raýatlary bolup durýarlar. 2. Türkmenistanyň…
6-njy madda
Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet tarapyndan goralmagy
1. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwletiň goragy we penakärligi kepillendirilýär. 2. Türkmenistan, daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary,…
7-nji madda
Nika baglaşylanda ýa-da bozulanda Türkmenistanyň raýatlygy
1. Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam bilen nika baglaşmagy ýa-da nikasyny bozmagy raýatlygyň üýtgemegine eltmeýär. 2. Är-aýalyň biriniň raýatlygynyň üýtgemegi olaryň beýlekisiniň raýatlygynyň…
8-nji madda
Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar
1. Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan hem-de özüniň haýsydyr bir daşary ýurt döwletiniň raýatlygyna degişlidiginiň subutnamasy bar bolan adamlar daşary ýurt raýatlary diýlip hasap edilýär. 2. Türkmenistanyň raýaty bolup durmaýan we…
9-njy madda
Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminamalar
1. Türkmenistanyň raýatynyň pasporty ýa-da Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan berlen Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan gaýry resminama Türkmenistanyň raýatlygyny tassyklaýan resminama bolup durýar. 2. On alty ýaşyna…
10-njy madda
Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmeginiň esaslary
1. Türkmenistanyň raýatlygy şu esaslar boýunça berilýär: 1) dogulmagy bilen; 2) raýatlyga kabul edilmegi bilen; 3) raýatlyga dikeldilmegi bilen; 4) şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan gaýry…
11-nji madda
Dogulmagy bilen Türkmenistanyň raýatlygynyň berilmegi
1. Adam dogulmagy bilen şu halatlarda Türkmenistanyň raýaty bolup durýar: 1) ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň raýaty bolsa, çaganyň doglan ýerine garamazdan; 2) ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýaty, beýlekisi…
12-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmegiň şertleri
1. On sekiz ýaşyna ýeten, kämillik ukyply adam onuň ýazmaça arzasy boýunça şu aşakdaky halatlarda Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilip bilner, eger ol: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunlaryny berjaý etmäge hem-de hormatlamaga…
13-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygyna dikeltmek
Şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen adamyň ýazmaça arzasy boýunça, eger ol Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan bolsa ýa-da onuň Türkmenistana göçüp gelmek niýeti bar bolsa, şeýle hem şu…
14-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmekden ýa-da oňa dikeltmekden ýüz döndermek üçin esaslar
Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilmegini ýa-da oňa dikeldilmegini sorap ýüz tutan adamyň arzasy şu halatlarda kanagatlandyrylmaýar, eger ol: 1) halkara hukugynda göz öňünde tutulan parahatçylyga we adamzadyň howpsuzlygyna garşy…
15-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygyny bes etmek üçin esaslar
Türkmenistanyň raýatlygy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär: 1) raýatlykdan çykylmagy; 2) raýatlygyň ýitirilmegi; 3) şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.
16-njy madda
Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagyň tertibi
1. Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmak şu Kanunda bellenilen tertipde raýatyň isleg bildirmegi boýunça onuň ýazmaça arzasy esasynda amala aşyrylýar. 2. Çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyndan çykmagy onuň kanuny wekilleri tarapyndan amala…
17-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygynyň ýitirilmegi
Türkmenistanyň raýatlygy şu aşakdaky halatlarda ýitirilýär: 1) adamyň başga döwletde harby gulluga, howpsuzlyk, polisiýa, adalat edaralaryna, diplomatik gulluga ýa-da beýleki döwlet häkimiýet edaralaryna gulluga girmegi netijesinde, muňa…
18-nji madda
Ata-enesiniň raýatlygy üýtgände çaganyň raýatlygynyň üýtgemegi
1. Çaganyň ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edilýän ýa-da oňa dikeldilýän bolsa, çaga hem Türkmenistanyň raýaty hasap edilýär. 2. Çaganyň ata-enesi (ýeke-täk atasy ýa-da enesi) Türkmenistanyň…
19-njy madda
Ata-enesiniň birine Türkmenistanyň raýatlygy berlen halatynda çaganyň raýatlygy
1. Eger çaganyň ata-enesiniň birine Türkmenistanyň raýatlygy berilýän, beýlekisi başga döwletiň raýaty bolmagynda galýan bolsa, onda şol çaganyň ýaşaýan ýerine garamazdan, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça çaga Türkmenistanyň…
20-nji madda
Ata-enesiniň biriniň Türkmenistanyň raýatlygy bes edilen halatynda çaganyň raýatlygy
Ata-enesiniň biri Türkmenistanyň raýatlygyny bes edýän, beýlekisi Türkmenistanyň raýaty bolup galýan bolsa, şeýle çaga Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galýar ýa-da ol ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça Türkmenistanyň raýatlygyny bes…
21-nji madda
Ogullyga ýa-da gyzlyga alnan çaganyň raýatlygy
1. Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çaga daşary ýurt raýatlary tarapyndan ogullyga ýa-da gyzlyga alnan halatynda Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çaga Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galýar. 2. Türkmenistanyň raýaty bolup durýan çaga…
22-nji madda
Hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenen çaganyň Türkmenistanyň raýatlygyny saklap galmagy
Eger Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan çaganyň ata-enesi ýa-da ýeke-täk atasy ýa-da enesi Türkmenistanyň raýatlygyny bes edýän hem-de ata-enelik hukugyndan mahrum edilen bolsalar, onda hossaryň ýa-da howandaryň arzasyna görä şol çaga…
23-nji madda
Çagalaryň raýatlygy üýtgedilende olaryň razylygynyň zerurlygy
On dört ýaşdan on sekiz ýaşa çenli çaganyň ata-enesiniň (ýeke-täk atasynyň ýa-da enesiniň) raýatlygy üýtgände, şonuň ýaly-da şeýle çaga ogullyga ýa-da gyzlyga alnan halatynda onuň raýatlygynyň üýtgemegine, diňe şol çaganyň öz razylygy…
24-nji madda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti çözgüt kabul edýär. 2. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça şu aşakdaky çözgütleri kabul edýär: 1) Türkmenistanyň raýatlygyna…
25-nji madda
Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça ygtyýarly döwlet edaralary
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we daşary ýurt döwletlerindäki Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň raýatlygynyň meseleleri boýunça Türkmenistanyň…
Öňki
1 / 2
Indiki