Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
18.06.1996 · № 125-1
«Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
99 madda · 16 sahypa
99 madda
1-nji madda
Kanunda getirilýän adalgalaryň (terminleriň) şu aşakdaky manysy bardyr: "konsul" diýlip, konsullyk edarasynyň baştutany bolup durýan baş konsula, konsula, wise-konsula ýa-da konsullyk agente aýdylýar; "konsullyk wezipeli adam" diýilmegi…
2-nji madda
Türkmenistanyň konsullyk edaralary daşary ýurtlarda Türkmenistanyň we onuň ýuridik taraplarynyň we graždanlarynyň, hukuklaryny we bähbitlerini goraýarlar. Konsullyk edaralary Türkmenistanyň başga döwletler bilen dostlukly gatnaşyklarynyň…
3-nji madda
Türkmenistan öz konsullyk edaralaryny konsullyk aragatnaşyklary ýola goýlan döwletlerde açýar. Konsullyk aragatnaşyklaryny ýola goýmak barada aýratyn ylalaşygyň bolmadyk ýagdaýynda, diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy konsullyk…
4-nji madda
Konsullyk edaralary öz işinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny, Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk aktlaryny, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen normalaryny we Türkmenistanyň gatnaşýan halkara şertnamalaryny goldanýarlar.
5-nji madda
Konsullyk edaralary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň sistemasyna girýärler we öz işlerinde oňa hasabat berýärler. Konsullyk edaralary öz ýerleşýän ýurdunda Türkmenistanyň şol döwletdäki diplomatik wekilhanasynyň baştutanynyň…
6-njy madda
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralary şu aşakdaky klaslara bölünýär, ýagny: - baş konsullyklar; - konsullyklar; - wise konsullyklar; - konsullyk agentlikleri. Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň konsullyk bölümlerine…
7-nji madda
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýok döwletlerinde, konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň razyçylyk bermegi bilen konsullyk edaralarynyň üstüne diplomatik wezipeler hem ýüklenilip bilner.
8-nji madda
Türkmenistanyň konsullyk edarasy öz ýerleşýän döwletiniň razylyk bermegi bilen, şol döwletletde üçünji döwletletiň, adyndan konsullyk wezipelerini berjaý edip biler. Türkmenistanyň, adyndan konsullyk wezipelerini üçünji bir döwletde…
9-njy madda
Konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýeri, klasy we konsullyk okrugy, onuň ýerleşýän döwleti bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.
10-njy madda
Konsullyk edaralary ýuridik tarap bolup durýar we Türkmenistanyň döwlet gerbiniň şekili çekilen we özleriniň, ady döwlet we iňlis dillerinde ýazylan möhüri bardyr.
11-nji madda
Konsullyk edarasynyň jaýynyň üstüne we onuň baştutanynyň rezidensiýasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy galdyrylýar, şeýle hem Türkmenistanyň, Döwlet gerbiniň şekili çekilen we ady degişli döwlet dilinde we onuň ýerleşýän ýurdunyň dilinde…
12-nji madda
Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky konsullyk edaralarynyň emlägi Türkmenistanyň emlägi bolup durýar.
13-nji madda
Diňe Türkmenistanyň graždany konsullyk wezipeli adam bolup biler. Konsullyk edarasynyň, ýerleşýän döwletiniň graždanlary konsullyk edarasynyň işgärleri bolup bilerler. Olary işe kabul etmek we işden boşatmak konsullyk edarasynyň, ýerleşýän…
14-nji madda
Konsul Türkmenistanyň Daşary işler mnnistriniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen wezipä bellenilýär we wezipesinden boşadylýar. Konsul wezipä bellenende Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýazmaça…
15-nji madda
Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletinden razylyk (ekzekwatura) alanyndan soňra, öz wezipelerini ýerine ýetirmäge girişýär.
16-njy madda
Eger konsul haýsydyr bir sebäplere görä öz wezipelerini ýerine ýetirip bilmese ýa-da konsullyk wezipesi wagtlaýyn boş bolsa, onda konsulyň wezipesini ýerine ýetirmeklik Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan Türkmenistanyň şol…
17-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň konsuldan özgesi Türkmenistanyň Daşary işler ministri tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine…
18-nji madda
Konsullyk wezipeli adama halkara guramalarynda Türkmenistana wekilçilik etmeklik tabşyrylyp bilner, bu barada Türkmsnistana konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletine deslapdan habar berilmelidir. Halkara guramasynda Türkmenistanyň…
19-njy madda
Daşary ýurtlardaky konsullyk wezipeli adamlar öz şahsy bähbitleri üçin professional ýa-da kommersiýa işi bilen meşgullanyp bilmezler.
20-nji madda
Eger Türkmenistan bilen konsullyk edarasynyň ýerleşýän ýurdunyň arasynda ikitaraplaýyn ylalaşyklar arkaly özge hili ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda konsullyk wezipeli adamlar, konsullyk edaralarynyň işgärleri we olaryň maşgala…
21-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlar we konsullyk edarasynyň işgärleri, şeýle hem olaryň maşgala agzalary onuň ýerleşýän döwletlerniň kanunlaryny berjaý etmäge we dessurlaryny hormatlamaga borçludyrlar.
22-nji madda
Konsul öz üstüne ýüklenen wezipeleri hut özi ýerine ýetirýär ýa-da şolaryň ýerine ýetirilmegini başga bir konsullyk wezipeli adama tabşyrýar.
23-nji madda
Konsul konsullyk edarasynyň ýerleşýän döwletiniň häkimiýetlerine öz konsullyk okrugynyň çäklerinde konsullyk edaranyň işi bilen baglanyşykly bolan ähli meseleler boýunça ýüz tutup biler.
24-nji madda
Konsul ýylda azyndan bir gezek öz konsullyk okrugyna aýlanyp görmäge borçludyr.
25-nji madda
Konsullyk wezipeli adamlaryň we konsullyk edaralarynyň işgärleriniň hereketlerine aýdylýan şikaýatlara tabynlyk tertibine görä seredilýär.
Öňki
1 / 4
Indiki