Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Girew hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
01.10.1993 · № 862
«Girew hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
69 madda · 6 bölüm · 16 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Umumy düzgünler
§
II. bölüm IPOTEKA
III
Dolanyşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlary girew goýmak
IV
Emlägi kireýine bermek
V
Emläge bolan hukugy girew goýmak
VI
Gymmat bahaly kagyzlary girew goýmak
Ähli bölümler
I. Umumy düzgünler
II. bölüm IPOTEKA
III. Dolanyşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlary girew goýmak
IV. Emlägi kireýine bermek
V. Emläge bolan hukugy girew goýmak
VI. Gymmat bahaly kagyzlary girew goýmak
69 madda
1-nji madda
«Girew» diýen düşünje
Girew - borçnamanyň ýerine ýetprilmegini üpjün etmegiň bir usuly bolup şunda bergidar borçnamany ýerine ýetirmedik mahalynda, kreditor-girew saklaýjy girew goýlan emlägiň hasabyna üzülmekde-özüni kanagatlandyrmakda beýleki kreditorlara…
2-nji madda
Türkmenistanyň girew hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň girew hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň girew gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat. 2. Eger Türkmenistanyň…
3-nji madda
Girew goýup bolýan zatlar
1. Raýat ulanyşyndan aýrylmaly edilmedik hemem Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda töleg tutup almak bolýan her bir emläk (kärhanalar jaýlar, desgalar, enjamlar, beýleki önümçilik fondlary, gymmat bahaly kagyzlar, pul serişdäleri), şeýle…
4-nji madda
Girew goýujy we girew saklaýjy
1. Fiziki, ýuridiki taraplar hem-de döwlet girew goýujy we girew saklaýjy (girew şertnamasyna gatnaşýan taraplar) bolup bilerler. 2. Bergidaryň özem, üçünji tarap (zada zamun bolýan) hem girew goýujy bolup biler. Girew goýulmaly…
5-nji madda
Girewiň ýüze çykmagynyň esaslary
1. Girew şertnama ýa kanun esasynda ýüze çykýar. 2. Eger girew kanun esasynda ýüze çykýan bolsa, onda kanunda haýsy borçnama görä hem-de hut haýsy emlägiň girewde durýar diýlip ykrar edilýändigi görkezilmelidir.
6-njy madda
Girewiň görnüşleri Kanunda ýa-da şertnamada: girew goýlan emläk girew goýujyda galýar diýlip ýa-da girew saklaýjynyň ýa-da üçünji adamyň (tarapyň) eýelik etmegine berilýär diýlip göz önünde tutulyp bilner. Harytlary girew goýmak işi…
7-nji madda
Girew goýup bolýan emläk
1.Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda girew goýujy tarapyndan ulanyşdan aýryp bilinýän islendik emläk girew goýup bolýan zat hasaplanýar. 2.Eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläge bolan girew…
8-nji madda
Bilelikdäki umumy eýeçilikde durýan emlägi girew goýmak
1. Bilelikdäki umumy eýeçilikde durýan emläk diňe onuň ähli eýeleriniň razylygy bilen girewe berlip bilner. 2. Emlägiň şärik eýesiniň umumy paýly eýeçilikdäki öz paýyny girew goýmagy üçin, şol emlägiň beýleki eýelerinden razylyk almagy…
9-njy madda
Girew goýup bolýan emläk hukugy
1. Ýer bölegine bolan, beýleki tebigy desgalara bolan, kreditoryň şahsyýeti bilen baglanyşykly bolan, şeýle hem başga birine berilmegi kanuna ýa-da şertnama ters gelýän beýleki hukuklardan başga gaýry emläk hukuklary girew goýlup…
10-njy madda
Girew goýulýan zady çalşyrmak Girew goýulýan zadyň çalşyrylmagyna diňe girew saklaýjynyň razylygy bilen ýol berilýär. Dolanyşykda ýören harytlar girew goýlanda olary çalşyrmagyň tertibi şu Kanunyň 52-nji maddasy arkaly düzgünleşdirilýär.
11-nji madda
Girew we ätiýaçlandyryş
1. Girew saklaýjynyň eýelik etmegine girew hökmünde berlen emlägi ätiýaçlandyrmak borjy, eger girew hakyndaky şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew saklaýjynyň üstüne ýüklenýär. 2. Döwlet edaralary tarapyndan girew…
12-nji madda
Girew hakyndaky şertnamanyň mazmuny
Girew hakyndaky şertnamada taraplaryň ady, ýerleşýän ýeri (ýaşaýan ýeri), girewiň görnüşi, girew bilen üpjün edilen talabyň düýp manysy, onuň möçberi we ýerine ýetirilmeli möhleti, girew goýlan emlägiň ýazgysy, gymmaty we ýerleşýän ýeri,…
13-nji madda
Girew hakyndaky şertnamanyň görnüşi
1. Girew hakyndaky şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylmalydyr hem-de eger Türkmenistanyň kanunlarynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol notarial tertipde tassyklanmalydyr hem-de bellige alynmalydyr . 2.Girewiň raýatlara berilýän…
14-nji madda
Girew goýulýan zadyň atanlykda berbat bolmak töwekgelligi
Girew goýulýan zadyň atanlykda berbat bolmak töwekgelçiligini, eger şertnamada ýa-da Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew goýlan emlägiň eýesi (hojalygy doly ýörediş ýa-da operatiw dolandyryş…
15-nji madda
Girewiň döwlet belligine alynmagy
1. Gozgalmaýan emlägiň girew goýulmagy hem-de şoňa bolan hukuk, dolanyşykdaky harytlaryň girew goýulmagy döwlet belligine alynmalydyr. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet belligine alynmaly edilen başga emlägi hem sanawa goşup…
16-njy madda
Girew hakyndaky şertnamanyň, görnüşiniň berjaý edilmezliginiň getirýän netijeleri Girew hakyndaky şertnamanyň bellenen görnüşiniň berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan netijelere getirmek bilen şertnamanyň…
17-nji madda
Girewiň bellige alynmagy bilen baglanyşykly hereketler barada şikaýat etmek
Girew babatda dahyly bolan adam girewiň bellige alynmazlygy ýa-da girewiň bikanun bellige alynandygy barada bellige alýan edaranyň ýerleşýän ýerindäki kazyýete şikaýat etmäge haklydyr.
18-nji madda
Girewiň, bellige alnanlygy hakyndaky maglumat
Girewi bellige alýan edara girew saklaýja girewiň bellige alnandygy hakyndaky şahadatnamany, şonuň ýaly-da girew saklaýjynyň, girew goýujynyň hem-de özleriniň hakyky bähbidiniň bardygy barada subutnamalary bolan beýleki dahylly adamlaryň…
19-njy madda
Girewiň, bellige alnanlygy üçin döwlet pajy
Girewiň bellige alnanlygy üçin, bellige alnanlygy hakyndaky şahadatnamanyň berlenligi üçin, şeýle hem sanawdan göçürmeleriň berlenligi üçin Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenen möçberde döwlet pajy alynýar. Arza beriji özüniň döwlet…
20-nji madda
Bellige alýan edaranyň, jogapkärçiligi
Girewi bellige almak wezipesi öz üstüne ýüklenen edara ýetiren zeleli üçin jogapkärçilik çekýär hem-de onuň işgärleri tarapyndan girewi bellige almak kadalarynyň bozulmagyna ýol berilmegi netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini töleýär.
21-nji madda
Girew bilen üpjün edilen borçnamanyň ýerine ýetirilişini bellige almak
1. Girew saklaýjy girew goýujynyň talap etmegine görä oňa borçnamanyň doly ýa-da kem-käsleýin ýerine ýetirilendigini tassyklaýan resminamalary bermäge borçludyr, munuň özi soňra sanawa degişli maglumatlar girizmek üçin edilýär. 2. Girew…
22-nji madda
Girew goýujynyň girew ýazgysy depderçesini ýöretmegi
1. Telekeçiler hökmünde bellige alnan girew goýujylar şu aşakdakylara borçludyrlar: girewleriň ýazgysy depderçesini ýöretmäge; Girew ýüze çykandan soň on günden gijä goýman ýazgy depderçesine girewiň görnüşi we haýsy zatdygy, şeýle hem…
23-nji madda
Girew goýlan emläge erk etmek hukugy
Girew goýujy, eger kanunda ýa-da girew hakyndaky şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew goýlan emläge erk etmek hukugyny özünde saklaýar. Şunda girew goýlan emläk baradaky hukugyň başga birine geçmegine diňe girew bilen…
24-nji madda
Girew goýlan emlägi ýaňadan girew goýmak
Emlägiň ýaňadan girew goýulmagyna, eger Türkmenistanyň kanunlarynda hem-de girew hakyndaky öňki şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýol berilýär.
25-nji madda
Öňki girew saklaýjynyň hukugy
1. Eger emläk girew goýulýan zat bolsa, özem eýýäm başga borçnamany girew bilen üpjün etmek üçin hyzmat edip gelýän bolsa, onda öňki girew saklaýjynyň girew hukugy öz güýjüni saklap galýar. Soňky girew saklaýjynyň talaplary öňki girew…
Öňki
1 / 3
Indiki