Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
04.05.2013 · № 392-IV
«Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
33 madda · 13 sahypa
33 madda
1-nji madda
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar: arhiw işi - döwletiň, ýuridik we fiziki şahslaryň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de beýleki arhiw resminamalaryny toplamak, abat saklamak, hasaba almak we…
2-nji madda
Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygy
Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan, arhiw işiniň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. Eger…
3-nji madda
Arhiw işi babatda döwlet düzgünleşdirişi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanda arhiw işi babatda döwlet düzgünleşdirişi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirligi (mundan beýläk - Baş arhiw müdirligi), şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň…
4-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti: - arhiw işinde we iş dolandyryşynda bitewi döwlet syýasatyny kesgitleýär; - arhiw işini ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny we pudaklaýyn maksatnamalary kabul edýär; -…
5-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň ygtyýarlygy
1. Baş arhiw müdirligi: - arhiw işinde we iş dolandyryşynda bitewi döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär; - döwlet we pudaklaýyn arhiwleriň işine guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylygy we gözegçiligi amala aşyrýar; - arhiw we iş dolandyryş…
6-njy madda
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary: - ýerlerde arhiw işini we iş dolandyryşy döwletiň bitewi arhiw syýasatyna laýyklykda guraýarlar; - edara tabynlygyndaky çäklerde döwlet arhiwleriniň jaýlaryny…
7-nji madda
Jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, edaralar, guramalar we şahsy arhiwleriň eýeleri (eýeçilik edijileri)
Jemgyýetçilik birleşikleri we dini guramalar, döwlete degişli bolmadyk kärhanalar, edaralar, guramalar we şahsy arhiwleriň eýeleri (eýeçilik edijileri) arhiw işini ösdürmäge ýardam berýärler we özleriniň arhiwlerini döretmek baradaky…
8-nji madda
Arhiw edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi
1. Döwlet arhiw edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. 2. Welaýatlaryň, şäherleriň, etraplaryň häkimlikleri döwlet arhiwlerini…
9-njy madda
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümi
1. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine özleriniň haýsy çeşmeden emele gelendigine, haçan we nähili usulda döredilendigine, nämäniň ýüzünde saklanylýandygyna, nirede saklanylýandygyna (şol sanda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda…
10-njy madda
Resminamalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek
1. Resminamalary Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine degişli etmek, şeýle hem olary onuň düzüminden çykarmak işi Baş arhiw müdirligi tarapyndan bellenilen tertipde düzgünlere we kadalara laýyklykda resminamalaryň gymmatlylygyny…
11-nji madda
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryna eýeçilik hukugy
1. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalary döwlet emlägi bolup durýar we olaryň hususylaşdyrylmagyna, satylmagyna-satyn alynmagyna hem-de arhiw resminamalaryna döwlet eýeçiliginiň hukugyny bozýan başga…
12-nji madda
Arhiwleri döretmek
Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna jemgyýet üçin resminamalarynyň taryhy, ykdysady, medeni, ylmy we amaly ähmiýetliligi sebäpli saklanylýan, şeýle hem resminamalaryň eýesi üçin gymmaty bolan arhiw gaznalarynyň hem-de arhiw…
13-nji madda
Arhiwleriň görnüşleri
Türkmenistanda arhiwleriň esasy görnüşleri şulardan ybaratdyr: - döwlet arhiwleri, - Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy, - pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary, - pudaklaýyn arhiwler, - raýatlaryň şahsy…
14-nji madda
Türkmenistanyň döwlet arhiwleri
1. Türkmenistanyň döwlet arhiwleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň kararlary esasynda döredilýär, üýtgedilip guralýar we ýatyrylýar. 2. Türkmenistanyň merkezi, welaýat we şäher döwlet arhiwleri…
15-nji madda
Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiw gaznasy Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet, jemgyýetçilik-syýasy işiniň ähli nukdaýnazarlaryny açyp görkezýän resminamalary, oňa degişli bolan bütinleý şahsy häsiýetli resminamalary we maglumatlary…
16-njy madda
Pudaklaryň döwlet gaznalary we beýleki döwlet aýawhanalary
1. Amala aşyrýan işleriniň dowamynda özboluşly aýratynlyklary bar bolan resminamalar toplumyny (geologik, kartografiýa-geodeziýa, meteorologik, standartlar) döredýän hem-de şol resminamalary saklamagyň, hasaba almagyň we peýdalanmagyň…
17-nji madda
Pudaklaýyn arhiwler
1. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar we jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny hem-de şahsy düzüm boýunça…
18-nji madda
Raýatlaryň şahsy arhiwleri
1. Raýatlar şahsy arhiwleri döretmek hukugyna eýedirler. Döwlet raýatlaryň şahsy arhiwleriniň eldegrilmesizligini kepillendirýär. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga kadalar bellenilmedik bolsa, şahsy arhiwlerdäki resminamalar olaryň…
19-njy madda
Döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleri
Alyp barýan işleriniň dowamynda Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalary emele gelýän döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar döwlet arhiwlerini toplamagyň çeşmeleri bolup durýarlar.…
20-nji madda
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny pudaklaýyn arhiwlerde saklamagyň tertibi we möhletleri
1. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny wagtlaýyn saklamagyň tertibi Baş arhiw müdirligi tarapyndan kesgitlenilýär. 2. Döwlet arhiwlerine tabşyrylýança Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny…
21-nji madda
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalaryny döwletiň saklamagyna tabşyrmak
1. Döwlet häkimiýet edaralarynda, döwlet kärhanalarynda, edaralarynda we guramalarynda wagtlaýyn saklanylmaly möhletleri tamamlanandan soňra Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň döwlete degişli böleginiň resminamalary hemişelik saklamaga…
22-nji madda
Şahsy düzüm boýunça resminamalar
Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň, olaryň ýuridik we fiziki şahslarynyň, halkara guramalarynyň eýeçiliginde durýan, şeýle hem Türkmenistanyň hem-de daşary ýurt…
23-nji madda
Arhiw resminamalaryny ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamagyň, olaryň durkuny saklamagyň we gaýtadan dikeltmegiň tertibi
Arhiw resminamalaryny ylmy-tehniki taýdan işläp taýýarlamak, olaryň durkuny saklamak we gaýtadan dikeltmek diňe Baş arhiw müdirliginiň edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
24-nji madda
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň ähli resminamalary olaryň nirede saklanylýandygyna we pudaklaýyn degişliligine garamazdan merkezleşdirilen esasda döwlet hasabyna alynmaga degişlidir. Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň…
25-nji madda
Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň resminamalarynyň abat saklanylmagyny üpjün etmek
Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kärhanalar, edaralar we guramalar bellenilen möhletleriň dowamynda arhiw resminamalarynyň, şol sanda şahsy düzüm boýunça resminamalaryň abat…
Öňki
1 / 2
Indiki