Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
02.03.2013 · № 374-IV
«Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
5 madda · 2 sahypa
5 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda
Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksini 2013-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.
3-nji madda
Şu Kodeksiň güýje giren gününden 1983-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Ýaşaýyş jaý kodeksini (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1983-nji…
4-nji madda
Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Ýaşaýyş jaý kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
5-nji madda
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny şu Kodekse laýyk getirmeli.