Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
kanun
25.11.2017 · № 653-V
«Terrorçylyga garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny
39 madda · 19 sahypa
39 madda
1-nji madda
Terrorçylyga garşy hereket etmegiň hukuk esasy
Terrorçylyga garşy hereket etmegiň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary, Türkmenistanyň halkara şertnamalary, şu Kanun we bu ugurda hukuk gatnaşyklaryny…
2-nji madda
Terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri
Türkmenistanda terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy ýörelgeleri şular bolup durýar: 1) adamyň we raýatyň esasy hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi we goragy; 2) kanunylyk; 3) terrorçylygyň öňüni almak we terrorçylyk howpuna…
3-nji madda
Esasy adalgalar we olaryň kesgitlemeleri
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky adalgalar peýdalanylýar we olaryň kesgitlemeleri ulanylýar: 1) terrorçylyk - döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýa-da halkara guramalary ýa gaýry şahslar tarapyndan çözgüt…
4-nji madda
Terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy maksatlary
Türkmenistanda terrorçylyga garşy hereket etmegiň esasy maksatlary şular bolup durýar: 1) şahsyýeti, jemgyýeti we döwleti terrorçylykdan goramak; 2) terrorçylykly işi duýdurmak, ýüze çykarmak, öňüni almak, soňuna çykmak we onuň…
5-nji madda
Terrorçylyga garşy hereket etmegiň guramaçylyk esaslary
1. Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşine baştutanlyk edip: 1) terrorçylyga garşy hereket etmek çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny…
6-njy madda
Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça döwlet toparynyň esasy wezipeleri
Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça döwlet topary şu esasy wezipeleri çözýär: 1) terrorçylygyň döremegine we terrorçylykly işiň amala aşyrylmagyna we terrorçylykly maksat bilen edilýän gaýry jenaýatlaryň amala aşyrylmagyna ýardam…
7-nji madda
Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 1) döwlet edaralarynyň we guramalarynyň mümkinçiliklerinden, şeýle hem raýatlaryň ýardam etmeginden peýdalanyp, özara hereketleri…
8-nji madda
Terrorçylyga garşy hereket edilende Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ulanylmagy
Terrorçylyga garşy hereket etmegiň barşynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri şu maksatlar üçin ulanylyp bilner: 1) Türkmenistanyň çäk deňzinde we içerki suwlarynda, deňiz ykdysady zolagynda, kontinental şelfinde ýerleşýän deňiz önümçilik…
9-njy madda
Terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklary
Terrorçylyga garşy hereket etmäge çekilýän döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde: 1) terrorçylykly hereketleriň we terrorçylyga gönükdirilen jenaýatlaryň ýüze çykarylmagy, öňüniň…
10-njy madda
Terrorçylyga garşy hereketi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam etmek
1. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, dini we beýleki guramalar, ýuridik şahslar, wezipeli adamlar terrorçylyga garşy hereket etmegi amala aşyrýan döwlet edaralaryna ýardam etmäge borçludyrlar. 2. Terrorçylyk…
11-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň terrorçylyga garşy hereketde ýardam etmek boýunça borçlary
1. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri terrorçylykly hereketler we terrorçylyga garşy iş bilen baglanyşykly wakalar beýan edilen mahalynda, maglumata elýeterliligiň erkinligi hukugyna we ony ýaýratmagyň erkinligine…
12-nji madda
Maglumat we wagyz-nesihat arkaly terrorçylyga garşy hereket
1. Maglumat we wagyz-nesihat arkaly terrorçylyga garşy hereket şu maksatlar üçin amala aşyrylýar: 1) terrorçylygyň howpuny düşündirmek; 2) terrorçylaryň öz garaýyşlaryny we taglymlaryny amala aşyrmak üçin ulanýan usullaryny, ýollaryny…
13-nji madda
Terrorçylykly kast etmelere sezewar bolup biljek obýektler
1. Terrorçylyk babatynda gowşak derejeli obýektleri goramak üçin, bu obýektleriň goraglylyk derejesini we döwlet edaralarynyň, ýuridik şahslaryň taýýarlylygyny ýokarlandyrmak, terrorçylygyň netijelerini ýok etmek we (ýa-da) peseltmek üçin…
14-nji madda
Terrorçylykly kast etmelere sezewar bolup biljek obýektleri goramak boýunça çäreleriň döwlet ulgamy
1. Terrorçylykly kast etmelere sezewar bolup biljek obýektleriň terrorçylykly hereketlere garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak we döwlet edaralarynyň, ýuridik şahslaryň terrorçylykly hereketleriň netijelerini ýok etmeklige we (ýa-da) iň az…
15-nji madda
Terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmegiň maksatlary
Terrorçylyga garşy ýörite çäre diňe raýatlaryň janyna we howpsuzlygyna, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine hakyky howpuň bolan mahalynda, eger gaýry güýçler ýa-da usullar bilen onuň öňüni almak mümkin bolmasa, terrorçylykly hereketleriň…
16-njy madda
Terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmek hakynda çözgüt
1. Terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmek hakynda çözgüt, terrorçylykly etmişiň jemgyýetçilik howpunyň derejesine görä, dolandyryş merkeziniň terrorçylyga garşy ýörite çäräni geçirmäge jogapkär ýolbaşçysy tarapyndan kabul edilýär. 2.…
17-nji madda
Terrorçylyga garşy ýörite çärä ýolbaşçylyk etmek
1. Terrorçylyga garşy ýörite çärä gönüden-göni ýolbaşçylyk etmek üçin, ýörite çäräniň geçirilmegine şahsy jogapkärçilik çekýän dolandyryş merkezi döredilýär. 2. Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy we onuň düzümi Türkmenistanyň Prezidenti…
18-nji madda
Dolandyryş merkeziniň ygtyýarlyklary
1. Dolandyryş merkezi: 1) taýýarlanylýan ýa-da amala aşyrylýan terrorçylykly hereketiň häsiýetini we möçberini kesgitlemek maksady bilen, ýagdaý barada maglumatlary toplamagy, maglumatlara seljerme we baha bermegi amala aşyrýar; 2)…
19-njy madda
Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi üçin çekilýän güýçler we serişdeler
1. Terrorçylyga garşy ýörite çäre geçirilende terrorçylyga garşy hereketi gönüden-göni amala aşyrýan döwlet edaralarynyň, şeýle hem terrorçylyga garşy ýörite çärä gatnaşmaga çekilýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň güýçleri we…
20-nji madda
Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň hukuk düzgüni
1. Dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysynyň çözgüdi boýunça terrorçylykly hereketiň öňüni almak we üstüni açmak, onuň netijelerini iň az möçbere çenli peseltmek we şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuş taýdan wajyp bähbitlerini goramak…
21-nji madda
Terrorçylar bilen gepleşikleri alyp barmak
1. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän mahalynda raýatlaryň janyny we saglygyny, maddy gymmatlyklary gorap saklamak, şeýle hem terrorçylykly hereketiň güýç ulanylmazdan öňüniň alynmagynyň mümkinçiliklerini anyklamak maksady bilen,…
22-nji madda
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen aragatnaşyklary amala aşyrmak
1. Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän mahalynda terrorçylykly hereket barada jemgyýetçiligi habardar etmek dolandyryş merkeziniň ýolbaşçysy ýa-da onuň jemgyýetçilik bilen aragatnaşygyň saklanylmagy üçin jogapkär wekili tarapyndan…
23-nji madda
Terrorçylyga garşy ýörite çäräniň tamamlanmagy
1. Terrorçylykly hereketiň öňi alynsa (bes edilse) we terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilýän zolagynda ýerleşýän adamlaryň janyna we saglygyna, emlägine we kanun bilen goralýan gaýry bähbitlerine howp aradan aýrylsa, terrorçylyga…
24-nji madda
Terrorçylykly hereketiň ýa-da terrorçylyga garşy ýörite çäräniň geçirilmegi netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak
1. Terrorçylykly hereketiň netijesinde fiziki we ýuridik şahslara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, soňra bu öwez tölegi zyýany ýetiren şahsdan tutup almak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Döwlet…
25-nji madda
Terrorçylykly hereketiň netijesinde jebir çeken şahslaryň durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmek
1. Terrorçylykly hereketiň netijesinde jebir çeken şahslaryň durmuş taýdan hukuklaryny dikeltmek olary kadaly durmuşa gaýtaryp getirmek maksady bilen geçirilýär we ol zerurlygyna görä, psihologik, lukmançylyk, hünär, hukuk kömegini…
Öňki
1 / 2
Indiki