Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny
KON-004
konstitusion kanun
27.12.1995 · № 99-1
«Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny
12 madda · 2 sahypa
12 madda
1-nji madda
Türkmenistan özygtyýarly döwletiň mizemez hukuklaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde özüniň hemişelik bitaraplygy hakynda meýletin yglan edýär we ony goldar hem yzygiderli durmuşa geçirer. Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy jemgyýetde…
2-nji madda
Türkmenistan tarapyndan hemişelik bitaraplyk statusynyň kabul edilmegi Birleşen Milletler Guramasynyň Ustawyndan gelip çykýan Türkmenistanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmegine täsir etmeýär. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň…
3-nji madda
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirýär, başga döwletler bilen gatnaşyklaryny deň hukuklylyk, özara hormat goýmak we başga döwletleriň içeri işlerine gatyşmazlyk ýörelgelerinden ugur alyp guraýar.
4-nji madda
Türkmenistan harby bileleşiklere we soýuzlara, berk borçnamalary bilen ýa-da gatnaşyjylaryň kollektiwleýin jogapkärçiligini göz önünde tutýan döwletara birleşiklerine gatnaşmaýar. Türkmenistanyň daşary syýasat işi beýleki döwletleriň…
5-nji madda
Türkmenistan urşa we harby dawalara başlamazlygy, olara gatnaşmazlygy /özüni goramaga bolan hukugyny amala aşyrmak muňa girmeýär/, urşa ýa-da harby dawa getirip biljek syýasy, diplomatik ýa-da başga hereketleri amala aşyrmazlygy borç…
6-njy madda
Türkmenistan ýadro, himiki we bakteriologiýa ýaraglaryny we köpçülikleýin gyryş ýaraglarynyň gaýry görnüşlerini edinmez¸ öndürmez we ýaýratmaz, öz territoriýasynda daşary ýurt döwletleriniň harby bazalaryny ýerleşdirmez.
7-nji madda
Türkmenistan halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny deň hukuklylyk, özara peýdalylyk we bu işe çekilen taraplaryň bähbitlerini hasaba almak esasynda, şeýle hyzmatdaşlyga ýurtlaryň we regionlaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmagyň,…
8-nji madda
Türkmenistan öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyklygyny üpjün edýär, ähli döwletler, halkara ykdysady we maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär, ykdysady problemalary çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam edýär. Syýasy…
9-njy madda
Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen we halkara hukuk normalarynda bellenilen adamyň we graždanyň esasy demokratik hukuklaryny hem azatlyklaryny ykrar…
10-njy madda
Türkmenistan beýleki döwletler bilen olaryň medeniýetini, däplerini we adatlaryny hormatlamak esasynda öz gatnaşyklaryny guraýar hem gumanitar gatnaşyklara halklary ýakynlaşdyrmagyň, olaryň arasynda özara düşünişmegi çuňlaşdyrmagyň,…
11-nji madda
Türkmenistan bosgunlaryň, göçürilen adamlaryň we mejbury göçürip ýerleşdirilenleriň hukuklaryny üpjün edýän esasy halkara hukuk aktlaryna goşulýar, uruşlardan, dawalardan, tebigy betbagtçylyklardan, heläkçiliklerden, epidemiýalardan hem-de…
12-nji madda
Türkmenistan öz içeri we daşary syýasy ugrunyň hemişelik bitaraplyk statusyna hem-de şunuň bilen baglanyşykly öz üstüne alan halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz we takyk laýyk gelmegini kepillendirýär.