Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny
KON-008
konstitusion kanun
21.01.2023 · № 532-VI
«Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny
23 madda · 7 sahypa
23 madda
1-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahaty
1. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we…
2-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň düzümi
1. Döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly Il ýaşulusy, halkyň Arkadagy, Türkmen halkynyň Milli Lideri diýen belent derejesi kanun esasynda ykrar edilen Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow…
3-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar. 2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýolbaşçylyk edýär we ol…
4-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Konstitusion kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
5-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň ýörelgeleri
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi aşakdaky ýörelgelere esaslanýar: 1) demokratiýa; 2) aýanlyk; 3) adalatlylyk; 4) kanunyň hökmürowanlygy; 5) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak; 6) adamyň we raýatyň kanunyň…
6-njy madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işi mejlisler görnüşinde amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine onuň agzalarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, ol ygtyýarlydyr. 2. Türkmenistanyň Halk…
7-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna teklipleri girizmäge bolan hukuk
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna teklipleri girizmäge Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Ýokary…
8-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleri kararlar görnüşinde onuň mejlisine gatnaşýan agzalarynyň umumy sanynyň ýönekeý köplüginiň ses bermegi bilen kabul edilýär. 2. Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan kabul edilen kararlaryň…
9-njy madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütlerini özleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklaryna laýyklykda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi,…
10-njy madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Halk Maslahaty: 1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere garaýar we makullaýar; 2) döwletiň içeri we daşary…
11-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: 1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýar; 2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerinde başlyklyk edýär; 3) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň çözgütleriniň ýerine…
12-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň namalary
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy döwlet ähmiýetli aýratyn wajyp meseleleri öwrenmegi we degişli kararlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalaryna, döwlet häkimiýet edaralaryna tabşyryp…
13-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumy (mundan beýläk - Prezidium) Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hasabat berýän hemişelik hereket edýän kollegial edaradyr.
14-nji madda
Prezidiumyň düzümi
1. Prezidium aşakdaky agzalardan ybaratdyr: Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, Türkmenistanyň Baş…
15-nji madda
Prezidiumyň ygtyýarlyklary
Prezidium: 1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine taýýarlyk görmek boýunça işi guraýar; 2) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleriniň gün tertibiniň taslamasyna meseleleri girizmek hakynda çözgütleri kabul edýär; 3) eger…
16-njy madda
Prezidiumyň mejlisleri
1. Prezidiumyň mejlisleri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy tarapyndan çagyrylýar we alnyp barylýar. 2. Prezidiumyň mejlisi onuň agzalarynyň azyndan üçüsiniň çözgüdi boýunça hem çagyrylyp bilner. 3. Prezidiumyň mejlisine onuň…
17-nji madda
Prezidiumyň mejlisiniň teswirnamasy
1. Prezidiumyň we iş toparlarynyň mejlislerinde teswirnama düzülýär, olara mejlisde başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär. 2. Mejlisiň teswirnamasynda onuň geçirilen senesi, wagty we ýeri; gün tertibi; mejlisde başlyklyk ediji we çykyş…
18-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, onuň wezipeli adamlarynyň we agzalarynyň işini guramaçylyk, dolandyryş, tehniki we beýleki taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwany tarapyndan amala aşyrylýar. 2. Türkmenistanyň Halk…
19-njy madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň wezipeleri
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň esasy wezipeleri şular bolup durýar: 1) Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlislerine, onuň beýleki çärelerine guramaçylyk we maddy-tehniki taýdan hyzmat etmek; 2) Türkmenistanyň Halk…
20-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini maliýeleşdirmek
1. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär. 2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň işgärleriniň iş hakynyň…
21-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we beýleki edaralary bilen özara gatnaşygy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli we beýleki edaralary bilen özara gatnaşygy Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
22-nji madda
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy partiýalar, kärdeşler arkalaşyklary we beýleki jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
23-nji madda
Şu Konstitusion kanunyň herekete girmegi
Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.