Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
«Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny
KON-009
konstitusion kanun
21.01.2023 · № 533-VI
«Türkmen halkynyň Milli Lideri hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanuny
9 madda · 2 sahypa
9 madda
1-nji madda
Döwlet we jemgyýetçilik işinde, Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde uzak ýyllaryň dowamynda işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkara abraýyny ýokarlandyrmakda, «Döwlet adam üçindir!»…
2-nji madda
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şulara hemişelik hukugy bardyr: 1) Türkmenistanyň döwlet gurluşynyň, ýurduň içeri we daşary syýasatynyň hem-de howpsuzlygynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň möhüm meseleleri…
3-nji madda
Türkmen halkynyň Milli Lideri we onuň maşgala agzalary eldegrilmesizlik hukugyna eýedirler. Eldegrilmesizlik hukugy onuň eýeçiligine we maşgala agzalarynyň eýeçiliginde duran emläklere hem degişli bolup durýar.
4-nji madda
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň işini üpjün etmek döwletiň ygtyýarly edaralarynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Liderine gulluk, ýaşaýyş, durmuş, ulag, aragatnaşyk, lukmançylyk, şypahana we beýleki hyzmatlaryň…
5-nji madda
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hemişelik agzasy bolup durýar.
6-njy madda
Türkmen halkynyň Milli Liderine onuň hemişelik ýa-da wagtlaýyn bolýan ýerinde, şeýle hem onuň maşgala agzalaryna döwlet goragy üpjün edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we onuň maşgala agzalarynyň döwlet goragy döwletiň howpsuzlyk…
7-nji madda
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň öz işini päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň hem-de mertebesiniň goralmagy döwlet tarapyndan amala…
8-nji madda
Şu Konstitusion kanunda göz öňünde tutulan çykdajylary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
9-njy madda
Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.