Yza
Hukukçy
Kanunlar
Kanunlar
Kömek
Resminamany barla
Içeri gir
Kanunlar
Türkmenistanyň Konstitusiýasy
KONST
konstitusiýa
14.09.2016 · № 448-V
Türkmenistanyň Konstitusiýasy
143 madda · 8 bölüm · 20 sahypa
Mazmuny
Ähli bölümler
I
Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary
II
Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary
III
Türkmenistanda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy
IV
Ýerli öz-özüňi dolandyryş
V
Saýlaw ulgamy, sala salşyk
VI
Prokuratura
VII
Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy
VIII
Jemleýji düzgünler
Ähli bölümler
I. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary
II. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary
III. Türkmenistanda döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamy
IV. Ýerli öz-özüňi dolandyryş
V. Saýlaw ulgamy, sala salşyk
VI. Prokuratura
VII. Ykdysadyýet we maliýe-karz ulgamy
VIII. Jemleýji düzgünler
143 madda
1-nji madda
Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar. Türkmenistan öz çäginde häkimiýetiň hökmürowanlygyna we dolulygyna eýedir, ol içeri we daşary syýasaty…
2-nji madda
Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy özüniň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň…
3-nji madda
Türkmenistanyň özygtyýarlylygy halk tarapyndan amala aşyrylýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halkyň hiç bir böleginiň,…
4-nji madda
Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin…
5-nji madda
Türkmenistan her bir adamyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdir.
6-njy madda
Türkmenistanda döwlet häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetlerine bölünýär, olar biri-birini deňagramlaşdyryp, özbaşdak hereket edýärler.
6¹-njy madda
Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň halkynyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaradyr, ony döretmegiň tertibi we ygtyýarlyklary konstitusion kanun bilen kesgitlenýär.
7-nji madda
Türkmenistanda ýerli öz-özüňi dolandyryş ykrar edilýär we kepillendirilýär. Ýerli öz-özüňi dolandyryş öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde özbaşdakdyr. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamyna girmeýärler.
8-nji madda
Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy bellenendir. Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalaryň we…
9-njy madda
Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmakdan we harby bileleşiklere hem birleşmelere gatnaşmakdan ýüz döndermek, sebitiň…
10-njy madda
Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk kanuna laýyklykda edinilýär, saklanylýar we bes edilýär. Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär. Hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip…
11-nji madda
Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem-de borçlary ýerine ýetirýärler.…
12-nji madda
Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan ýere, önümçilik serişdelerine, gaýry maddy we intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny ykrar edýär. Şeýle hem olar raýatlaryň birleşiklerine we döwlete degişli bolup biler. Döwletiň…
13-nji madda
Döwlet adamyň we jemgyýetiň bähbitlerine ykdysady işi düzgünleşdirmegi amala aşyrýar, ähli halkyň abadanlygyna durnukly ösüşi üpjün edýär.
14-nji madda
Ýer we ýerasty baýlyklar, suwlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklar Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýar, döwlet tarapyndan goralýar we rejeli peýdalanylmaga degişlidir.
15-nji madda
Döwlet milli taryhy, medeni we tebigy mirasyň, daşky gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli umumylyklaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir. Döwlet ylmy, tehniki we çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň…
16-njy madda
Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygyny goldaýar. Döwletiň ylmy-tehniki syýasaty jemgyýetiň we her bir adamyň bähbitlerine ýöredilýär. Döwlet ylmyň we tehnikanyň…
17-nji madda
Türkmenistanda syýasy köpdürlülik we köp partiýalylyk ykrar edilýär. Döwlet raýat jemgyýetiniň ösmegi üçin zerur şertleri üpjün edýär. Jemgyýetçilik birleşikleri kanunyň öňünde deňdirler.
18-nji madda
Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanunyň öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr, olaryň döwletiň işine gatyşmagyna we döwletiň wezipelerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär. Döwletiň bilim…
19-njy madda
Syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we gaýry gurluşlaryň taglym ulgamy raýatlar üçin hökmany häsiýete eýe bolup bilmez.
20-nji madda
Döwletiň özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri bardyr.
21-nji madda
Türkmenistanyň döwlet dili türkmen dilidir. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna öz ene dilini peýdalanmak hukugy kepillendirilýär.
22-nji madda
Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary - Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Döwlet nyşanlarynyň ýazgysy we olary peýdalanmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
23-nji madda
Türkmenistanyň çägi welaýatlara, etraplara, şäherlere we beýleki dolandyryş-çäk birliklerine bölünýär. Dolandyryş-çäk birliklerini döretmegiň we üýtgetmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenýär.
24-nji madda
Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir.
Öňki
1 / 6
Indiki